The Economist žurnalynyň “The Big Mac Index” we ISET Policy Institutynyň Khachapuri Index”-den ylham alyp, Palaw Indeksi türkmenistanlylaryň meşhur nahary palawyň üsti bilen, ýurtdaky inflýasiýanyň derejesini hasaplar. Bu indeks inflýasiýany standard haryt sebetleri arkaly hasaplaman, ýekeje naharyň (palaw) 4 kişilik maşgalanyň (2 adam, 2 çaga) iýjek porsiýasyndaky bahasyny hasaplaýar. Bu indeksiň maksady Türkmen manadynyň satyn alma güýjüni palawy taýarlamak üçin gerek bolan 5 sany ingredientleriň bahalaryny yzarlamak arkaly hasaplamakdyr. Ingredientler – sygyr eti (süňkli), tüwi, günebakar ýagy, käşir we sogan. Palaw indeksi şeýle hem, çörek bişirmek üçin gerek bolan unuň bahasyny hem öz içine alar, sebäbi çörek Türkmenistanda hemme naharlar bilen diýen ýaly iýilýär.
Palaw Indeksi her aýda bir gezek hasaplanyp, çap ediler. Hasaplamalarymyzy standardlaşdyrmak üçin, palawdaky ullanyljak ingredientlerimiziň bahalaryny şo bir firmalardan we ýerlerden çöpläris. Biz palawdaky ingredientleriň bahalaryny ýurtdaky 5 welaýatyň iň uly 5 şäherinde ýygnarys. Bahalaryň ýygnaljak ýerleri bazarlar we dükänlar bolar. Bu indeks palaw üçin ulanyljak 5 sany ingredientleriň ortaça bahasyny, şeýle hem palawy bişirmek üçin gerek bolan gazyň ýa-da elektrik togynyň 1 sagat bahasyny hem öz içine alar.
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litr, soganyň ýarym kilesi, käşiriň 1 kilesi, etiň 600 gramy, tüwiniň 1 kilesi we unuň ýarym kilesini ulandyk. Biz “Oleýna” firmasynyň günebakar ýagynyň, “Elenga Daşoguz” tüwiniň sortyndan, “Daşoguz” ýa-da “Gazak” sortyndan uny we sygyr etiniň süňkli satylýan görnüşiniň bahalaryny çöpledik. Palaw Indeksi üçin ingredientleriň bahalaryny biz 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap çöpläp başladyk.