Progres.Online

Palaw Indeksi Mart / 2024

Mart 2024: Tüwiniň bahasy peselmegini dowam edýär. Palaw Indeksi 17% arzanlady.

2024-nji ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 65.3 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň mart aýyndaky palaw bahasyndan (78.7 manat) ýyldan-ýyla 17.1% arzan. Geçen aýdaky bahalar (63.0 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhy aýdan-aýa 3.7% gymmatlady. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda däl, eýsem halkara derejede syn edip bolýar. Meselem, FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä, halkara azyk önümleriniň nyrhy 2024-nji ýylyň martynda ýyldan-ýyla 7.7% arzanlady.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylyň martynda käşir we sygyr etinden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde käşiriň nyrhy 5.0% we sygyr etiniň bahasy 0.8% artdy. Bahasy peselen önümlerden, soganyň bahasy (-72.1%), günebakar ýagy (-35.7%), tüwi (-21.6%), we bugdaý uny (-14.1%) arzanlady (Netije 1 seret).

Soganyň bahasy peselmegine dowam edýär

Soganyň bahasy 2023-nji ýylyň mart aýynda 20.8 manatdan, 2024-nji ýylyň martynda 16.3 manada arzanlady, bu bolsa 21.6% peselişdir. Soganyň bahasy 2023-nji ýylyň başyndan bäri ýygy-ýygydan arzanlamagyna dowam edýär. Bahalardaky üýtgeşmeleri giňişleýin öwrenmek üçin 2-nji Netijä serediň.

FAO-nyň Tüwi Baha Indeksine görä, 2024-nji ýylyň martynda tüwiniň bahasy ýyldan-ýyla 1.7% gymmatlady. Bu bolsa tüwiniň halkara derejesindäki import derejeleriniň peselmegi bilen düşündirilýär.

Türkmenistanda tüwiniň hasyly 2024-nji ýylda 82,000 tonna bolar diýip garaşylýar. Tüwiniň hasyly Türkmenistanda esasan Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýetişdirilýär. Munuň sebäbi tüwi ýetişdirmek üçin örän köp mukdarda suw gerek bolýar we Lebap welaýaty Amyderýanyň ýakasynda ýerleşýär. Türkmenistanda tüwiniň hasyly 2020 we 2021-nji ýyllarad hem 82,000 tonnadan ybarat boldy. Emma Türkmenistandaky statistiki maglumatlaryň ygtybarly bolmanlygy sebäpli, tüwiniň ýyllyk hasyly bellenilip geçilen sanlardan üýtgeşik bolmagy mümkin.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy

Soňky ýyllarda (2020-2022) Palaw Indeksindäki bahalaryň üýtgemegi manat/dollar kursunuň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýardy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: