Progres.Online

Palaw Indeksi Iýun / 2023

Iýun 2023: palawyň bahasy 16% arzanlady.

Bugdaý ununyň bahasy 33% bilen uly derejede peseldi

2023-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 72.1 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň iýun aýyndaky palaw bahasyndan (85.7 manat) ýyldan-ýyla 15.9% arzan. Geçen aýdaky bahalar (73.4 manat) bilen deňeşdirilende hem, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 1.8% düşdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň iýunynda sogan we käşirden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahalary peseldi. Degişli döwürde, soganyň nyrhy 33.3% we käşiriň bahasy 10.3% artdy. Şol bir wagtyň içinde, iň uly derejede bahasy arzanlan haryt 32.5% bilen bugdaý uny boldy. Şeýle hem, günebakar ýagynyň bahasy (-31.7%), tüwi (-16.8%) we sygyr eti 13.1% arzanlady (Netije 1 seret).

Bugdaý ununyň bahasy ep-esli peseldi

2023-nji ýylyň iýun aýynda palaw ingredientleriniň arasynda ýyldan-ýyla iň uly derejede bahasy arzanlan haryt bugdaý unudyr. Onuň bahasy 2022-nji ýylyň iýunynda 12.2 manatdan 2023-nji ýylyň iýunynda 8.2 manada arzanlap, 32.5% peselişi görkezdi. Türkmenistanly alyjylar bugdaý ununy hem ýerli önüm, hem-de daşary ýurtlardan import edilen görnüşini satyn alyp bilýärler. Ýurduň içinde öndürilýän bugdaý uny daşary ýurtdakylara görä birneme arzandyr, sebäbi onuň önümçiligini döwlet maliýeleşdirýär. Ýatlatsak, Türkmenistanda bugdaý öndürýän daýhanlar hasyllaryny diňe döwlede satmaga borçlandyrýarlar we onuň bahasy hem häkimiýetler tarapyndan kesgitlenilýär. Daýhanlara ýetişdiren hasyllaryny hususy şekilde müşderilere satmaga rugsat berilmeýär. Bu sebäpden, Palaw Indeks hasaplamalarymyzda biz import edilýän unuň bahalaryny göz öňünde tutýarys.

Türkmenistanly telekeçiler bugdaý ununy esasan Gazagystandan we Russiýadan import edýärler. Daşary ýurtdan getirilen un gaplanan we çekimli görnüşde satylýar. Türkmenistanly alyjylaryň arasynda çekimli satylýan unlar has meşhur we arzan. Bu sebäpden, Palaw Indeks hasaplamalarynda import edilýän unuň çekimli satylýan görnüşi ýer alýar. Unuň bahasynyň aýdan-aýa üýtgeşmelerine ser salsak, bahalar 2023-nji ýylyň maý aýynda 9 manatdan 2023-nji ýylyň iýunynda 8.2 manata çenli arzanlady we onuň 8.2% peselendigini görüp bilýäris.

Türkmenistanda sarp edilýän Gazak ununyň iki sany markasy meşhur, bular “Мубарек” (Mubarek) we “Koçeвник” (Koçewnik). “Мубарек” unlary Best Kostanay kompaniýasy tarapyndan öndürilýär we firmanyň web sahypasynda öndürilýän unlaryň Türkmenistana hem eksport edilýändigini belläp geçýärler. “Кочевник” bugdaý uny bolsa Kazakh Uny LLC tarapyndan öndürilýär. Kärhananyň web sahypasyndaky maglumata görä bu un diňe Özbegistanyň bazarynda paýlanýar. Bu sebäpden, Türkmenistanly telekeçiler “Koçeвник” bugdaý ununy Özbegistandan import edýän bolmaklary gaty ähtimal.

2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda Gazagystandan Türkmenistana bugdaý ununyň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 63% azaldy. FAO tarapyndan neşir edilýän Azyk Önüm Baha Indeksi 2023-nji ýylyň iýun aýynda halkara bugdaý bahalarynyň 1.3% peselendigini görkezýär. Muňa sebäp hökmünde, degişli aýda Russiýada bugdaý üpjünçiliginiň ýeterlik derejede köp bolmagynyň, şeýle hem Russiýada bugdaý eksportlaryndaky salgytlaryň azaldylmagy bilen düşündirilýär.

 Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy

Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowamly peselip gelýär we bu peseliş soňky wagtlardaky dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyrylýardy. Emma soňky aýlarda bu baglanşygyň gowşaýandygyny görmek bolýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2022-nji ýylyň iýunyndan 2023-nji ýylyň iýuny aralygyndaky ýüze çykan Palaw Indeks bahalarynyň we gara bazar kursunuň arasyndaky arabaglanşygy has giňişleýin öwrenmek üçin 3-nji Netijä serediň.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters:

Your Header Sidebar area is currently empty. Hurry up and add some widgets.