Progres.Online

Palaw Indeksi Sentýabr / 2023

Sentýabr 2023: palawyň bahasy 18% arzanlady.

Käşir gymmatlamagyny dowam edýär.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 69.1 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň sentýabr aýyndaky palaw bahasyndan (84.9 manat) ýyldan-ýyla 18.5% arzan. Geçen aýdaky bahalar (68.2 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 1.4% gymmatlady. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň başga künjeklerinde hem ýüze çykdy. Meselem, FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä halkara azyk önümleriniň nyrhy 2023-nji ýylyň sentýabrynda ýyldan-ýyla 10.7% arzanlady.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň sentýabrynda käşirden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde käşiriniň nyrhy 62.7% artdy. Şol bir wagtyň içinde, bahasy iň ýokary derejede peselen haryt 44.6% bilen günebakar ýagy boldy. Beýleki harytlardan, bugdaý uny (-38.3%), tüwi (-21.6%), sygyr eti (-14.5%) we sogan 5.6% arzanlady (Netije 1 seret).

Käşir gymmatlamagyny dowam edýär

Ýatlatsak 2023-nji ýylyň awgustynda käşiriň bahasy ýyldan-ýyla 51.5% gymmatlapdy. Bu artyş sentýabr aýy hem dowam etdi we onuň bahasy 2023-nji ýylyň sentýabrynda ýyldan-ýyla 62.7% gymmatlady. 1 kilogram käşiriň bahasy degişli döwürde 3.4 manatdan 5.5 manada ýokarlandy. Aýdan-aýa deňeşdirenimizde bolsa, käşiriň bahasy 2023-nji ýylyň awgustynda 5.2 manatdan 2023-nji ýylyň sentýabrynda 5.5 manada ýokarlandy we bu 7.4% artyş. Soňky bir ýyldaky käşir bahalarynyň üýtgemesini giňişleýin öwrenmek üçin 2-nji Netijä serediň.

Türkmenistan käşir önümçiliginiň ýyllyk we aýlyk maglumatlaryny, sanlary açyk şekilde paýlaşmaýar. Türkmenistanda satylýan käşirleriň aglaba bölegi ýerli önümçiligiň paýyna degişli we bu sebäpden käşir satyn almakda daşary ýurtlardan gelýän importlara garaşly däldir. Türkmenistanda käşir adatça irki tomus aýlarynda ekilýär (bugdaý ýygymyndan soňra) we güýz aýlarynda bolsa onuň hasyly ýygnalýar. Bu sebäpden, täze hasyl we onuň netijesinde ýüze çykjak üpjünçilik netijesinde käşiriň bahasy öňümizdäki hepdelerde peselip biler.

Goňşy ýurtlarda hem soňky aýlarda käşiriň bahasy artdy. Özbegistanda käşiriň bahasy 2023-nji ýylyň awgustynda ýyldan-ýyla 57% artdy we sentýabrda bolsa ýyldan-ýyla 83% gymmatlady. Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň köp mukdarda käşir ýetişdirýän ýurt Özbegistan bolup adatça käşir üçin importlara garaşly bolmaýar. Muňa garamazdan, Özbegistanda bu ýylky käşir hasylynyň garaşyldygyndan pes derejede bolanlygy üçin Russiýadan käşir import etmek zerur boldy. EastFruit analistleriniň çaklamalaryna görä, şu ýylyň dowamynda Özbegistan daşary ýurtlardan rekord mukdarda käşir import eder. Gazagystanda bolsa käşiriň bahalary 2023-nji ýylyň sentýabrynda ýyldan-ýyla 19.6% gymmatlady.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy

Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowamly peselip gelýär. Bu peseliş soňky wagtlardaky dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyrylýardy. Emma soňky aýlarda bu baglanşygyň gowşaýandygyny görmek bolýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters:

Your Header Sidebar area is currently empty. Hurry up and add some widgets.