Progres.Online

Türkmenistan Merkezi Aziýada korrupsiýanyň iň erbet görkezijili ýurdy

Transparency International-yň korrupsiýa garaýyş indeksine görä, Türkmenistanda giňden ýaýran korrupsiýa meselesi dowam edýär we ýagdaý 2022-nji ýylda hiç hili gowulanmady.

Korrupsiýa garaýyş indeksi (KGI) näme?

  • KGI dünýäde giňden ulanylýan korrupsiýa reýtingidir.
  • Indeks ýurtlaryň korrupsiýa derejesini döwlet pudagyndaky korrupsiýanyň derejesine görä, ekspertleriň we işewürleriň pikirine esaslanyp kesgitleýär.
  • KGI korrupsiýany 0-dan 100-e bala çenli ölçäp, 0 bal – ýokary derejede korrupsiýany, 100 bal – korrupsiýanyň ýoklugyny/aç-açanlygy aňladýar.

Türkmenistanda KGI nä derejede?

  • 2022-nji ýylda, Türkmenistanyň KGI derejesi 19 bal boldy. Bu juda pes bal bolup, ýurtdaky korrupsiýanyň ýokary derejesini görkezýär.
  • 2019-njy ýyldan bäri, Türkmenistanyň KGI-si yzygiderli 19 bal bilen dowam edip, ýurduň indeksi gowylanmaýar.
  • 2015-nji ýylda ýurduň KGI görkezijisi 18 baldan 2016-njy ýylda 22 bala ýokarlanypdy. Ýöne, 2017-nji ýylda indeks pese düşüp, 19 bal boldy.
  • Şondan soň indeks bir gezek ýokarlanyp, 2018-nji ýylda 20 bala ýetdi. Emma, 2019-njy ýylda ýene 19 bala düşdi we şol ýyldan bäri üýtgewsizligine galýar.
  • Türkmenistan Merkezi Aziýada KGI boýunça iň erbet görkezijili ýurt. Täjigistan 24 bal bilen pes görkezijili ýurtlaryň arasynda ikinji orunda durýar.

Türkmenistanyň 2012-2022 ýyllar boýunça Korrupsiýa garaýyş indeksi;
Awtory: Transparency International guramasy: Korrupsiýa garşy global göreş bileleşigi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: