Progres.Online

Russiýa-Ukraina urşy Türkmenistanyň we Russiýanyň söwda aragatnaşyklaryna täsir edermi?

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýa Federasiýanyň harby goşunlary Ukrainanyň territoriýasyna esassyz çozdular. Bu urşuň Merkezi Aziýa respublikalaryna ýetirip biljek ykdysady täsirleri barada halkara habar beriş serişdeleri tarapyndan birnäçe analizler we makalalar ýazyldy we ýazylýar. Gynansakda Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analizleriň içinde Türkmenistan ýeterlik ýer almady. Soňky çykan habarlara göz aýlasak:

  • Bütindünýä Bankynyň çaklamalaryna görä, Merkezi Aziýaly işçi migrantlarynyň Russiýadan öýlerine ugratjak pullarynyň (remittans) mukdary 2022-nji ýylda 40% azalyp biler. Bu azalyşda uruş sebäpli Russiýa garşy goýlan sanksiýalar netijesinde Russiýada iş orunlarynyň azalmagy we Rus walýutasy rublyň dollar garşylygyndaky hümmetiniň peselmegi ýaly sebäpler görkezilýär. Bu analize 10 sany post-Sowet ýurtlary girdi we Türkmenistan analiz edilen ýurtlaryň hatarynda ýer almaýar.
  • The Economist: Uruş sebäpli Gazagystanyň we Gyrgyzstanyň milli walýutalarynyň hümmeti 14-15% peseldi. Bu analizde Türkmenistan üzňe bolup dünýäde bolup geçýän ýagdaýlara kän üns bermeýäni bellenilýär. Şeýle hem, nebit we gazyň halkara bazarlarynda bahalarynyň artmasy netijesinde bu serişdelere baý bolan Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň girdejileriniň artyp biljekdigini, emma muňa garamazdan bu sebite agalyk edýän Russiýanyň bu ýurtlaryň nebit-gaz eksportlaryna degişli birnäçe logistiki problemalary döredip biljekdigi nygtalýar.
  • Eurasianet: Russiýa garşy goýlan sanksiýalaryň iň pes derejede täsir etjek Merkezi Aziýa ýurdy Türkmenistan bolar, sebäbi ýurduň ykdysadyýeti Russiýa garaşly däl we dünýäden izolýasiýada bolýar. Russiýa Hytaýa gaz eksportyny artdyrsa, Türkmenistanyň täze D liniýa gaz turbasyna bäsdeş bolup biler.

Bu synlarda Türkmenistan ýeterlik derejede ýer almany üçin, biziň redaksiýamyz açyk çeşmelerdäki maglumatlara salgylanyp, bu urşuň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirjek täsirleri barada syny ýazmagy makul bildi.

Söwda statistikalary

Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti şeýle hem ýurduň ykdysady we maliýe ministrligi Russiýa bilen söwda dolanşygy barada maglumatlary açyk şekilde paýlaşmaýar. Şo sebäpden, bu iki ýurt arasyndaky söwda dolanşygy baradaky maglumaty biz Russiýanyň federal gümrük gullugyndan alynan maglumatlardan we açyk şekilde paýlaşylan çeşmelerden aldyk.

Türkmenistan we Russiýa arasyndaky umumy söwda dolanşygy 2021-nji boýunça 865 million ABŞ dollaryna ýetdi (Russiýanyň Federal gümrük gullugy). Bu bolsa 2020-nji ýyldaky söwda dolanşygyndan (970.2 mln dollar) 10.8% azdyr. Söwda dolanşygy diýip iki ýurt arasyndaky umumy ekportlaryň we importlaryň jemine aýdylýar. Bulardan Türkmenistanyň Russiýadan alýan importlarynyň mukdary 725.4 mln ABŞ dollary we Türkmenistanyň Russiýa ugradýan eksportlarynyň mukdary bolsa 139.6 mln ABŞ dollaryna deňdir.

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl boýunça Russiýa ugradýan eksportynyň mukdary 2020-nji ýyl (319 million dollar) bilen deňeşdirilende 56.4% az boldy. Türkmenistan şeýle hem Russiýa tebigy gazyny eksport edýär, emma onuň mukdary resmi statistikanyň içine ýerleşdirilmändir.

Tebigy gaz

2019-njy ýylda Türkmenistanyň “Türkmengaz” konserni Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu şertnama görä, her ýyl Türkmengaz 5.5 mlrd kubmetr çenli tebigy gazyny Russiýa eksport eder. Şertnamada tebigy gazyň bahasy hakynda anyk sanlar berilmeýär.

2021-nji ýylda Russiýanyň Türkmenistandan import eden gazynyň mukdary 10 mlrd kubmetr ýetdi. Deňeşdirme hökmünde, Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaý döwletine 34 mlrd metr kub mukdarynda tebigy gaz eksport etdi. Eger Günbatar ýurtlary tarapyndan goýlan sanksiýalar sebäpli Russiýada ykdysady krizis başlap, Türkmengazdan satyn alýan tebigy gazynyň mukdaryny azaltsa, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirip biler. Türkmenistanda 2021-nji ýyldaky umumy tebigy gaz önümçiligi bolsa 83.7 mlrd metr kuba ýetipdi we bu garaşsyzlyk döwründäki taryhy rekorddyr.

Russiýa şeker we bugdaý eksportlaryny duruzdy

Içerki bazardaky azyk howpsuzlygyny goramak maksady bilen, Russiýa şeker we bugdaý eksportlaryny 2022-nji ýylyň awgust aýynyň soňuna çenli wagtlaýyn togtatdy. 2021-nji ýylda Russiýadan 4600 tonna mukdarynda şeker import edildi we onuň bahasy 2.7 mln ABŞ dollaryna deň boldy. 2021-nji ýylda Azerbaýjandan hem 25.3 mln ABŞ dollary mukdarynda şeker import edildi, we onuň tonna mukdary biziň çaklaýşymyza görä 43600 tonna ýakyn bolýar. Türkmenistanda ýerli şeker önümçiligi hem ýola goýlan, ýöne onuň anyk mukdarlary barada maglumat ýok.

FAO-nyň maglumat bazasynda soňky gezek girizilen 2019-njy ýyldaky çaklamalara görä, Türkmenistandaky ýyllyk şeker önümçiligi 30 müň tonna bolupdyr. Häzirki wagtda ýene 120 müň tonna şeker öndürmegi meýilleşdirýän täze kärhana gurulýar, ýöne onuň haçan önümçilige başlajakdygy barada anyk maglumatlar berilmeýär.

Türkmenistanda ulanylýan bugdaýyň we galla önümleriniň aglaba bölegi ýerli önümçilikden ybarat, ýöne ýerli bugdaý ununuň hili ýokary bolmanlygy sebäpli, Gazagystandan we Russiýadan hem un import edilýär. Türkmenistanda 2021-nji ýyl boýunça bugdaý önümçiliginiň mukdary 1.4 mln tonna möçberde meýilleşdirilen bolsa, şo bir ýylda Gazagystandan we Russiýadan import edilen bugdaýyň mukdary bolsa 52,293 tonna boldy (onuň 81.3% Gazagystandan we 18.7% Russiýadan). Azatlyk neşiriniň habar bermegine görä, Russiýanyň eksport çäklendirmeleriniň fonunda, Türkmenistanda Russiýadan getirilýän unuň, şekeriň we günebakar ýagynyň bahalary ortaça 15-20% artypdyr.

Biziň Palaw Indeksimize görä, Türkmenistanda satylýan gazak ununyň bahasy fewral we mart arasy hiçhili üýtgemändir we günebakar ýagynyň bahasy 12% artypdyr.

Günebakar ýagy

Russiýanyň Türkmenistana eksport edýän günebakar ýagynyň mukdary 2021-nji ýyl boýunça 23.7 mln ABŞ dollary töleginde bolup, 15.5 million kg ýetipdir. Bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwründäki mukdardan 41.5% köpdür. Ýerli günebakar ýag önümçiligi örän pes derejede bolany sebäpli, Türkmenistanly müşderileriň ulanýan günebakar ýagynyň aglaba bölegi daşary ýurtdan, hususan-da Russiýadan import edilýär. Türkmenistanyň 2020-nji ýyldaky umumy ýag importynyň 87.8% Russiýadan gelipdir.

Ýerli önümçilikde 2021-nji ýylyň dowamynda ýeketäk günebakar ýagyny çykarýan “Gündogar Akymy” kärhanasy ýola goýuldy we kärhana 60 tonna ýag (60 müň kg) öndürdi. Bu kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 7200 tonnadyr (7.2 mln kg). Şeýle hem, bularyň näçe göteriminiň ýerli bazara gönükdirilýändigi barada maglumat berilmeýär. Içerki bazarda 24 million kg günebakar ýagy önümçiligi planlanan hem bolsa, praktikada heniz bu sanlara ýetilmedi. Şu sebäpden daşary ýurtdan import edilýän ýaglar örän wajypdyr. Russiýa garşy goýlan sanksiýalar netijesinde Russiýada öndürilen ýaglar ýerli bazara ýetmän başlan ýagdaýynda, daşary ýurda gidýän eksportlaryny duruzmak ähtimallygy bardyr. Bu ýagdaýda, Türkmenistanda günebakar ýagynyň ýetmezçiliginiň döremegi ähtimaldyr.

Ýatlatsak, COVID-19 pandemiýa döwründe, 2021-nji ýylda Russiýa günebakar ýagynyň eksportyna salgyt girizipdi we bu ýagdaý 2022-nji ýylyň awgust aýyna çenli hem dowam eder. Beýle hereketler Türkmenistanyň Russiýadan satyn alýan günebakar ýagynyň bahasynyň artmagyna itergi berýär.

Russiýa importlaryny býurokratik tarapdan aňsatlaşdyrdy

Şeýle hem, Russiýa Türkmenistandan gelýän pomidoryň we burçuň import çäklendirmelerini 2022-nji ýylyň 5-nji martynda aýyrdy. Bu sebäpden, Türkmenistanda öndürilýän pomidorlaryň köp bölegi Russiýa satylyp başlany bäri, onuň bahasy Türkmenistanyň içerki bazarynda artdy.

Başga näme zatlar import edýäris?

Iýmit önümlerinden başga, Türkmenistan Russiýadan iň köp mukdarda import edýän harytlary:

  • Maşynlar, enjamlar we ulag serişdeleri (44.3%);
  • Himiýa senagatynyň önümleri (16.6%);
  • Metal we metal önümleri (14.2%);
  • Agaç we kagyz önümleri (4%).

Rus ilçisiniň pikirleri

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohiniň 2022-nji ýylyň 12-nji martynda TASS neşirine beren söhbetdeşliginde Russiýa goýlan sanksiýalaryň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn söwdasyna zeper ýetirilmejekdigini nygtady. Türkmenistan bitarap ýurt bolanlygy sebäpli, iki ýurt arasynda ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň syýasylaşdyrylman, diňe pragmatiki ikitaraplaýyn bähbitler üstünde amala aşýandygyny belledi. Beýleki ýurtlar tarapyndan Russiýa garşy goýlan maliýe çäklendirmeleri sebäpli käbir oňaýsyzlyklaryň ýüze çykjakdygyny, ýöne Russiýanyň Türkmenistan bilen maliýe gatnaşyklarynyň amatly usulyny tapyp biljekdiklerini ynandyrdy.

Türkmenistanly isçi migrantlar

Müňlerçe Merkezi Aziýaly migrantlar Russiýada işläp gazanan pullaryny öýlerine ugradýarlar (remittans). Gyrgyzstana we Täjigistana ugradylýan remittanslaryň mukdary bu ýurtlaryň milli JIÖ-niň 31.3% we 26.7% deň bolmak bilen milli ykdysadyýetine örän wajypdyr. Merkezi Aziýa boýunça barlaglary alyp barýan gurama OXUS Society-nyň habar bermegine görä, Russiýada iş wizaly Türkmenistanly raýatlaryň sany 2016-2019-njy ýyllar arasynda 11,628 raýatdyr.

Deňeşdirme hökmünde, Türkiýede resmi şekilde ýaşamak we işlemek üçin rugsatnamasy bolan Türkmenistanly raýatlaryň sany 124,816 ýetdi. Russiýada işleýän Türkmenistan raýatlarynyň sany az bolany sebäpli, Russiýa-Ukraina uruşy Türkmenistana geljek remittans pullarynyň mukdaryna gaty uly täsir ýetirmez. Türkmenistana ugradylýan remittanslaryň möçberi barada giňişleýin öwrenmek üçin şu makalany okamagy maslahat berýäris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: