Progres.Online

Beýik Britaniýanyň Türkmenistana degişli ykdysady görkezijeleri

2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Beýik Britaniýanyň “Daşary ýurt, arkalaşyk we ösüş departamenti” Türkmenistanyň ykdysadyýetine degişli sanlary çap etdi. Bu ykdysady statistikalaryň içine söwda, maýa goýumlary, adam ösüşi we hökümetiň maliýe syýasaty girýär. Hasabatda ýurdaky garyplygyň ölçegleri berilýär. Ilatyň garyplyk derejesi günlük 1.9 USD-den az gazanýanlaryň %: 49.8%, günlük 3.2 USD-den az gazanýanlaryň %: 75.4%.

Hasabatyň awtorlary Türkmenistanyň ykdysadyýetine degişli käbir görkezijileriň yktybarly bolman, sanlaryň syýasy manipulýasiýanyň, ýoýup görkezmeginiň netijesi bolup biljekdigini belläp geçýärler. Hasabaty ýazmakda ulanylan çeşmeler: IMF World Economic Outlook, World Bank WDI Database, NATO, BP Statistical Review of World Energy, UNCTAD Statistics, ONS UK Balance of Payments we UN International Human Development Indicators.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp sanlary (2020-nji ýyl)

  • Jemi Içerki Önüm (JIÖ): 47.4 milliard USD. Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) hasabatyna görä, onuň mukdary 47.9 mlrd USD ýetipdir (2018-nji ýylda bu san 40 mlrd USD).
  • Ýyllyk JIÖ-niň ösüşi: 0.8%. Bu ýerde görşümiz ýaly, 2020-nji ýyl boýunça Türkmenistanyň JIÖ-ni örän pes derejede ösüş görkezipdir. Meselem, Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) 2020-nji ýyl üçin JIÖ 1.6% ösdi diýip çaklaýan bolsalar, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (ÝDÖB) 1% we HPG hem 0.8% ösüş boldy diýip habar berdiler. Deňeşdirme hökmünde, soňky 5 ýylyň içinde, resmi habarlara görä, Türkmenistanyň JIÖ-mi her ýyl ortaça 6% ösüş gazanypdy.
  • Ilat başyna düşýän JIÖ: 7,967 USD. Onuň hasaby ýyllyk JIÖ-niň mukdaryny (47.4 mlrd USD) Türkmenistanyň ilat sanyna (5.94 mln) bölmek arkaly çykarylýar.
  • Ýyllyk inflýasiýanyň derejesi: 7.6%. John Hopkins Uniwersitetindäki Professor Steve Hanke 2020-nji ýyl üçin Türkmenistandaky inflýasiýanyň hakyky möçberiniň 31%-digini öňe sürýär. Beýle uly tapawuda düşündiriş hökmünde, Prof. Hanke öz ölçeglerinde ýerli walýutanyň satyn alyş güýjüni we gara bazary hem öz hasaplaýyş usulyna goşýan diýip belläp geçýär.

Näbelli sanlar: Hasabatda ýurtda işsizligiň derejesi, Dünýä Bankynyň “Ease of doing business” indeksi, döwlet mekdeplerine, harby-goraýyş pudagyna edilýän býujet çykdajylary, daşary ýurt walýuta rezerwleriniň mukdary, ilat arasyndaky girdeji deňsizlikleri, eksportlaryň we importlaryň ýyllyk mukdary, azyk önümleriň ýyllyk importynyň möçberi ýaly ykdysady görkezijileri näbelli diýip görkezilýär.

Maliýe syýasaty

Hökümetiň umumy bergisiniň JIÖ-niň 31%-ne, ýagny 14.7 mlrd USD deňdigini görüp bilýäris. Alfred guramasyndaky maglumatlar hem edil şo bir sany berýär we bergileriň möçberi 2016-njy ýyldakydan 6% ýokarlanypdyr. 2020-nji ýyl üçin hökümetiň girdejileri (salgytlardan we beýleki hyzmatlardan) JIÖ-niň 13%, ýagny 6.16 mlrd USD deňdir. Türkmen hökümetiniň maglumatlaryna görä bolsa, 2020-nji ýyl üçin döwlet girdejisi 24.1 mlrd USD deň bolupdyr.

2020-nji ýylda hökümetiň sowan puly bolsa JIÖ-niň 12.9%, ýagny 6.11 mlrd USD barabardyr. Bu ýerde hem hökümetiň sanlaryna görä, 2020-nji ýylda hökümetiň sowan puly 24.1 mlrd USD deň bolupdyr. Şeýle hem, resmi sanlara görä, hökümetiň sowýan pullary soňky 10 ýylda 2 esse artypdyr. Hökümetiň eden çykdaýjylarynyň bir bölegi hem saglyk sistemasyna gönükdirilen we onuň mukdary 2019-njy ýylda JIÖ-niň 6.6%, ýagny 3.13 mlrd USD deňdir. Resmi sanlara görä, saglyk pudagyna ediljek çykdajylar 2021-nji ýylda 1.6 mlrd USD deň bolar, ýöne 2020-nji ýyldaky çykdajy hakynda maglumat berilmeýär.

Sosial pudagynyň görkezijileri

  • Türkmenistanda Adam ösüşiniň indeksi (HDI:min 0, maks 1): 0.72. Ýurdumyz bütindünýä boýunça 111-nji orunda (indeks jemi 189 ýurdy öz içine alýar). Bu indeks adamlaryň ýaşaýyş-durmuş standartyny ölçeýär, ýagny uzak we bagtly ömür, ylym we bilim sistemasynyň gazananlaryny we Jemi Milli Girdejini ölçeýär. Sebitdäki goňşy döwletlerden, Gazagstan 51-nji orunda, Özbegistan 106-njy, Gyrgyzstan 120-nji we Täjigistan 125-nji orny eýeleýär.
  • Adam ömrüniň ortaça dowamlylygy: 68.1 ýyl. Bütindünýa Bankyna görä, bu san erkekler üçin 64.7, zenanlar üçin 71.7 ýyldyr. Sebitimizdäki goňşy ýurtlarda ömruň ortaça dowamlylygy Täjigistanda 71, Gyrgyzystanda 72, Özbegistanda 72 we Gazagystanda 73 ýaşa deňdir.
  • Adamlaryň sowatlylyk derejesi: 99.7%
  • Internet ullanyjylar (ilatyň näçe %): 21.3%
  • Çaga ölüminiň derejesi (1 ýaşdan kiçi her 1000 sany bäbekden näçesi ýogalýar): 36.3
  • Çaga dogluş koeffisienty (her zenanda ortaça näçe çaga bar): ortaça 2.79 çaga. UNICEF MIСs göra, bu görkeziji: 3 (2019 ýyl).
  • Garyplyk derejesi: günlük 1.9 USD-den az gazanýanlaryň % : 49.8%, günlük 3.2 USD-den az gazanýanlaryň %: 75.4%. BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň (DÖM) Türkmenistan boýunça hasabatynda, ýurtdaky günlük 1.9 USD-den az gazanýanlaryň sany 26.5% we günlik 3.2 USD-den az gazanýanlaryň sany bolsa 54.08%. Ýurtlaryň garyplyk derejesini ölçeýän “World Poverty Clock” proýektiniň maglumatlaryna görä bolsa, Türkmenistanyň ilatynyň 31% aşa garyplykda ýaşaýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan hökümetiniň DÖM ölçegleriniň durmuşa geçirilmegi barada beren hasabatynda, ýurtda garyplygyň derejesi 99.6% azaldy diýip aýdylýar.

Görşümiz ýaly, garyplyk derejesi Türkmenistanda örän ýokarydyr, meselem bu hasabada görä, 1 günüň dowamynda 1.9 USD-den az pul gazanýanlar jemi ilatyň 49.8%-ne deňdir. 1 günde 1.9 USD gazanmak 1 aýda 57 USD barabar bolýar. Ýatlatsak, ýurtda mekdep mugallymlaryň 1 aýda gazanýan aýlygynyň ortaça mukdary 55 USD deňdir. Ýagny, Türkmenistandaky mugallymlaryň aýlyk gazanýan zähmet haklary hem dünýä derejesine görä garyplyk statusynyň kesgitlemesine gabat gelýär.

Geljek üçin çaklamalar

Hasabatda Türkmenistanyň ykdysady görkezijileriniň öňümizdäki 5 ýylyň içindäki (2021-2026-njy ýyllar) boýunça uýtgeşmeleriň we çaklamalaryň beýany berilýär. Çaklamalaryň gysga beýanyny aşakdaky tablisada görüp bilersiňiz. Maglumatlara görä, öňümizdäki 5 ýylyň içinde Türkmenistanyň JIÖ-ni 47.4 mlrd USD-den 77.5 mlrd USD çenli ýokarlanar. Şeýle hem, inflýasiýanyň möçberi şu wagtky 7.6%-den 2026-njy ýylda 6% çenli azalar diýip çaklanylýar. Hökümetiň umumy bergisi JIÖ-niň göwrümi hökmünde 5 ýyldan soň 3.6% artar.

Görkezijiler Mukdary Dünýädäki orny (1-185 orunlar)
2020 2021 2026 2020 2021 2026
Ilat sany (million) 5.9 6 6.3 109 108 107
Jemi Içerki Önüm (mlrd USD) 47.4 54.2 77.5 86 85 78
Ilat başyna düşýän JIÖ (USD) 7967 9032 13454 71 73 66
Ýyllyk hakyky JIÖ-niň ösüşi (%) 0.8 4.6 3.7 23 55 71
Döwletiň bergisi (JIÖ-niň %) 31 26 34.6 - - -
Maliýe balansy – JIÖ-niň %: (Hökümetiň girjedisi we sowan pulundan galan pul, balans) 0.1 0.4 - - - -
Ýyllyk inflýasiýanyň derejesi (%) 7.6 8 6 - - -
Işsizligiň derejesi (%) - - - - - -

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: