Progres.Online

Meniň aýlygym ortaçadan ýokarymy?

Bütindünýä Banky 2012-nji ýylda Türkmenistany “ortaçadan ýokary” girdejili ýurt diýip yglan etdi. Emma muňa garamazdan, Türkmenistan 2015-nji ýyldan bäri düýpli ykdysady çökgünligi başdan geçirýär we bu ýagdaý ilatyň gazanjyna hem öz täsirini ýetirdi. Biz ýagdaýy mugallymlaryň alýan aýlyklarynyň mysalynda düşündireris. Aýlyklary dollaryň gara bazardaky hümmetine görä hasaplanymyzda, Türkmenistan ortaçadan ýokary girdejili ýurtdan pes girdejili ýurt statusyna düşýär we dünýäde iň garyp ýurtlaryň hataryna goşulýar.

Ýurtlar girdejisine görä nädip bölünýär?

Bütindünýä Banky ýurtlary girdedijeleri boýunça 4 sany kategoriýa bölýär. Jemi Milli Girdeji (Gross National Income) sanlaryna görä hasaplanylyp: pes girdejili, pesden orta, ortaçadan ýokary we ýokary girdejili ýurtlar kategoriýalara bölünýärler. Jemi Milli Girdeji 1 ýylyň dowamynda ýurtdaky ýaşaýjylaryň, telekeçileriň we hökümetiň gazanan girdejileriniň jemini hasaplaýar. Onuň içine Jemi Içerki Önüm, daşary ýurtdan ugradylan remittans pullar we daşary ýurtdan gelýän maýa goýumlary hem girýär. Bir ýylyň dowamyndaky umumy Jemi Milli Girdejini ilat sanyna bölüp, ilat başyna düşýän Jemi Milli Girdeji hasaplanylýar.

Ýokarda hem agzap geçişimiz ýaly, Bütindünýä Banky tarapyndan Türkmenistan 2012-nji ýyldan bäri ortaçadan ýokary girdejili ýurt diýip hasap edilýär. Bu kategoriýadaky ýurtlaryň hataryna girmek üçin, ýurtdaky adam başyna düşýän Jemi Milli Girdeji USD 4,046 – USD 12,535 arasy bolmalydyr we bu ýurtlaryň hataryna şeýle hem Azerbaýjan, Hytaý, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkiýe hem girýär. Bankyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda Türkmenistandaky adam başyna düşýän Jemi Milli Girdeji USD 6,740 bolupdyr. Türkmenistandaky ilatyň 1 ýyldaky orta girdejisi USD 6,740 bolýan bolsa, onda 1 aýda bu girdeji USD 562 deň bolar. Bu aýdylan aýlyk USD 562, dollaryň resmi kursuna görä 1,966 manat we gara bazardaky nyrhyna görä bolsa 20,456 manada golaý deň bolýar. Bu berilen sanlara görä, Türkmen ilatynyň ykdysady ýagdaýlary örän gowy ýaly, ýöne ol çykarylan hasaplar dollaryň diňe resmi kursuna görä hasaplanandyr!

Walýutanyň resmi nyrhy we gara bazar nyrhy

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň 2015-nji ýyldan bäri goýan nyrhnamasyna görä, 1 ABŞ dollary 3,5 manada deňdir. Emma ýurtdaky ykdysady çökgünlik we dollar gytçylygy sebäpli, daşary ýurt walýutalarynyň satuwynyň gara bazary döredi we ol ýerdäki baha “hakyky” nyrhy döretdi, sebäbi müşderiler we telekiçler dollary şo bahadan satyn alýarlar. 2021-nji ýylyň aprel aýyna görä, dollaryň gara bazardaky bahasy resmi kursdan 10 esse ýokary, ýagny 36,4 manada çenli ýokarlandy.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti gaty uly derejede tebigy gaz we nebit önümleriniň satuwyna garaşly bolýar we olaryň göwrümi ýurtdaky umumy eksportyň 80%-ne deňdir. Soňky ýyllarda nebit-gaz bahalarynyň düşmegi, eksportynyň mukdarynyň azalmagy netijesinde, Türkmenistanda daşary ýurt walýutalarynyň rezerwi azaldy we 2016-njy ýyldan başlap hökümet daşary ýurt walýutalarynyň satuwyny gadagan etdi. Meselem, 2014-nji ýylda nebitiň 1 barreliniň ortaça bahasy USD 113,60 bolan bolsa, 2016-nji ýylda onuň bahasy USD 37,32 çenli düşdi. 2021-nji ýylyň mart aýynda bahalar çala gowylandy we nebitiň 1 barreliniň bahasy USD 59 ýetdi, ýöne muňa garamazdan bahalar henizem 2014-nji ýyldaky derejeden 2 esse pesdir. Türkmenistanyň ykdysadyýeti nebit-gaz satuwyna garaşly bolany üçin, üýtgeýän bahalar ýurduň ykdysadyýetine hem gönüden-göni täsirini ýetirýär. Gynansakda, 2020-21-nji ýyllar üçin Türkmenistandaky Jemi Milli Girjediler hakynda maglumatlar berilmeýär.

Türkmenistandaky Aýlyklar (Amerikan Dollarynda)

Çeşme: HronikaTm we Türkmenportaldaky maglumatlardan peýdalanyp, 2020-nji ýylyň 20-nji Dekabryndaky walýuta hümmetine görä makalanyň awtory tarapyndan hasaplanylan.

Türkmenistanly mugallymyň aýlygy

Geliň indi Türkmenistanda gara bazara görä hasaplanan hümmetine görä mugallymlaryň aýlyklaryny hasaplalyň. Türkmenistanda işleýän mugallymlaryň ortaça aýlygy 2000 manat we bu san 2018-nji ýyl üçin Jemi Milli Girdejidäki berlen 1,967 manada ýakyn. Resmi walýuta kursuna görä, mugallymlar 1 aýda USD 571 we 1 ýylda USD 6,852 gazanýarlar we bu san Türkmenistany ortaçadan ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna goşar. Emma, gara bazardaky walýutanyň hümmetine görä, mugallymlar 1 aýda USD 55 we 1 ýylda USD 660 gazanýarlar. Bu san bolsa Türkmenistany pes girdejili ýurtlaryň hataryna goşýar. Bu kategoriýadaky ýurtlaryň adam başyna düşýän Jemi Milli Girdejisi USD 1,036-dan azdyr.

Netijede, gara bazardaky aýlyklara görä, Türkmenistan dünýädäki iň garyp ýurtlaryň hataryna girýär we bu ýurtlaryň sanawyna şeýle hem Owganystan, Täjigistan, Demirgazyk Koreýa, Siriýa we Sudan girýär. Ýagny, resmi çeşmelerde ýurduň girdejisi hakynda berilýän maglumatlar bilen hakyky durmuşdaky ilatyň hal ýagdaýynyň arasynda gaty uly tapawut bardyr.

Türkmenistandaky hakyky girdejileri bilmek maňa nämä gerek?

Türkmenistandaky ykdysadyýetiň hakyky ýagdaýlaryny bilmek durnukly ykdysadyýet gurmak we ýurt dolandyryşy üçin zerurdyr, sebäbi bu sanlar halkyň hakyky hal-ýagdaýyny görkezýär. Hakyky statistiki sanlar, durnukly çözgütlere ýetmäne mümkinçilik döredýär. Şeýle hem, ýurdy ösdürmek boýunça halkara guramalarynyň hyzmatdaşlyk derejesi hem ýurduň ykdysady ýagdaýyna görä alynyp barylýar.

Birinjiden, hökümet tarapyndan berilýän ykdysady maglumatlardaky sanlar, müşderileriň harytlara we hyzmatlara töleýän hakyky nyrhlaryndan ybarat bolmalydyr. Ilat çäkli mukdarda daşary ýurt walýutalaryny satyn alyp bilýär. Daşary ýurtdan gelýän harytlara müşderiler 10 esse kän pul sowýarlar we resmi şekilde görkezilern girdejilerden bolsa 10 esse az pul gazanýarlar. Ýurduň içinde iki dürli walýuta nyrhy bolan ýagdaýynda takyk ykdysady maglumatlary bermek, prognozirlemek mümkin däl, sebäbi resmi we gara bazar nyrhlary arasynda ummasyz tapawut bar. Bu bolsa ýurtdaky ýaşaýan adamlara gaty uly derejede garyplaşdyrýar we jemgyýeti ejiz hala salýar.

Ikinjiden, halkara guramalar tarapyndan kömek we karz pul berlende, onuň mukdary we göterimi ýurtdaky ykdysady ýagdaýlara görä kesgitlenilýär. Eger ýurduň ykdysady ýagdaýy gowy bolsa, halkara donor guramalary bolan BMG, ÝB we USAID ýurda hiçhili kömek gerek däl diýip çemeleşýärler. Şeýle hem, halkara finans gurmalary (Dünýä Banky, Aziýanyň Ösüş Banky we Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky) karz pul berenlerinde ýurduň ýagdaýy gowy bolany üçin ýokary göterim (prosent) isläp bilýärler. Meselem, AIDS, malariýa we tuberkulýoza garşy göreşýän halkara guramasy “The Global Fund”, dürli ýurtlara finans kömegini bermäge karar berenlerinde ýurtdaky ykdysady ýagdaýa, saglyk pudagynyň ýagdaýyna we keselleriň derejesine seredýärler. Pes we ortaçadan pes girdejili ýurtlar bu guramadan kömek puluny alyp bilýärler, emma ortaçadan ýokary we ýokary girdejili ýurtlar diňe keselleriň ýokary derejede ýaýran ýagdaýynda kömek puly almaga mümkinçilikleri bolýar. Meselem, Türkmenistan ortaçadan ýokary girdejili ýurt bolany üçin, diňe tuberkulýoza garşy kömek puly alyp bilýär, sebäbi bu keseliň ýaýran derejesi uly. Emma malariýa we HIV garşy kömek puly alyp bilmeýärler sebäbi o keselleriň ýaýran derejesi ýurtda ýokary däl. Şeýle hem, 2020-nji ýylyň aprelinde Ýewropa Bileleşigi COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin Gyrgyzstana, Täjigistana we Özbegistana 134 million ýewro mukdarynda kömek puluny ugratdy. Türkmenistan we Gazagystan “ortaçadan ýokary” ýurtlar bolanlygy sebäpli, olara hiçhili kömek berilmedi.

Şeýle hem, Türkmenistan ortaçadan ýokary girdejili ýurt bolany üçin Bütindünýä Bankynyň Halkara Dikeldiş we Ösüş Banky programmasynyň (International Bank for Reconstruction and Development, IBRD) agzasydyr. Netijede, girdejisi ýokary bolany üçin, bu gurama tarapyndan Türkmenistana karz pul berilende has uly göterim talap edilýär. Pes girdejili ýurtlar bolanlary üçin Gyrgyzstana, Täjigistana we Özbegistana karz pul berilende bolsa göterim az ýa-da talap edilmeýär. Şeýle hem bu ýurtlar pes girdejili bolanlary sebäpli Bütindünýä Bankynyň Halkara ösüşe ýardam (International Development Assistance, IBRD) programmasy tarapyndan hem maddy kömek berilýär.

Seniň aýlygyň näçe? Walýutanyň hakyky nyrhyna görä hasaplanylanda, sen makalada bellenilen kategoriýalaryň haýsyna girýärsiň?

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: