Progres.Online

Türkmenistanyň tebigy gaz söwdasynyň konfliktleri

2023-nji ýylyň noýabrynda Cabar Asia platformasy “Merkezi Aziýa we mineral baýlyklar. Sebit nädip mineral baýlyklar ugrunda söweş meýdanyna öwrüldi?” atly makalany çap etdi. Makala görä, Merkezi Aziýa mineral baýlyklaryň global söwdasy we ösen ýurtlaryň senagat üçin energiýa üpjünçiligi ulgamynda möhüm rol oýnaýar. Sebitiň ägirt uly mukdarda mineral baýlyklary, esasan hem nebit we gaz gory bar. Merkezi Aziýanyň tebigy baýlyklarynyň transport howpsuzlygy, ýurtlaryň syýasy taýdan durnuklylygy, ygtybarly hyzmatdaşlygy we käbir geçelgeleriň ozaldan barlygy zerarly sebiti mineral baýlyklary almak üçin amatly ýere öwürýär.

Makalada Merkezi Aziýanyň Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň esasy bäsdeşleri bolan Russiýa, Hytaý, Eýran bilen gurşalandygy we bu 3 döwlet sebite täsirini ýetirmek, mineral baýlyklaryndan peýdalanmak we arzan satyn almak, bazarda öz şertlerini goýmak ýaly bähbitleri sebäpli Merkezi Aziýany tebigy baýlyklar ugrunda söweş meýdanyna öwürdigi bellenilýär. Şeýle-de, sebitdäki gaz ugrunda iň uly konfliktiň biri Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda bolup geçendigi beýan edilýär.

Makalada Türkmenistana degişli şeýle sanlar we maglumatlar berilýär:

Türkmenistan Merkezi Aziýada iň köp tebigy gaz eksport ediji ýurt bolup, gaz önümçilik mukdary boýunça dünýäde 11-nji orunda durýar. Ýurt nebiti az göwrümde satýar. 2021-nji ýylda Türkmenistan $4.8 milliard gaz we $808 million nebit eksport etdi.

Türkmenistan tebigy gaz gory boýunça dünýäde 4-nji ýerde durýar. Londonda ýerleşýän Argus bahalandyryş agentligi ýurduň tebigy gaz gorlarynyň 25 trillion kub metre ýetýändigini çaklaýar. Türkmenistanyň eksport girdejisiniň 67.8%-i gaz satuwyna baglydyr.

Çeşme: OEC

2021-nji ýylda Türkmenistan gazynyň 97%-ini Hytaýa satdy. Ýurduň gazynyň 90%-den gowragy 10 ýyldan gowrak wagt bäri Hytaýa iberilýär. Türkmenistan Hytaýa gaz üpjün etmek boýunça şertnama 2010-njy ýylda gol çekipdi. 2009-njy ýylda we ondan ozal türkmen gazynyň 80%-den gowragy Ukraina iberilýärdi.

2009-njy we 2010-njy ýyllarda syýasy we ykdysady düşünişmezlikler sebäpli Türkmenistanyň satýan gazy ep-esli azaldy. 2011-nji ýylda gaz satuwy göwrüm taýdan öňki derejesine gaýdyp geldi, ýöne Türkmenistan kem-kemden gaz eksportynyň ugruny üýtgedip başlady.

Çeşme: OECoilgas.gov.tm

Ýyllar boýy Russiýa, Hytaý we Ýewropa Bileleşigi türkmen gazynyň üstünde çekişdiler. Sebitdäki iň uly gaz ugrunda konfliktiň biri 2010-njy ýylyň başynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda bolup geçdi. Bu konflikt Türkmenistanyň roluny, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we taraplaryň isleglerini görkezýär.

Konflikt nädip döredi?

2003nji ýylda Türkmenistan bilen Russiýa gaz pudagynda hyzmatdaşlyk saklamak barada 25 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Gazprom eksport” OJSC kompaniýasy bilen “Türkmennebitgaz” DSK arasyndaky şertnamanyň çäginde türkmen tebigy gazyny eksport/import etmek boýunça uzak möhletli şertnama baglaşyldy. Wagtyň geçmegi bilen Russiýa öz önümçilik kuwwatyny artdyrdy we türkmen gazyna zerurlyk galmady. Emma, ekspertleriň pikiriçe, Russiýa türkmen gazynyň ilki Ukraina, soňra bolsa Ýewropa iberilýänliginden nägiledi.

2007-nji ýylda Russiýa, Gazagystan we Türkmenistan durky täzelenen we giňeldilen Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň günbatar şahasy arkaly Merkezi Aziýanyň gazyny Ýewropa eksport etmek barada üç taraplaýyn şertnama gol çekdi. Bu Russiýanyň we Eýranyň pozisiýasyndan bütinleý garaşsyz ýagdaýda türkmen gazyny Ýewropa iberip boljak Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasynyň soňuna çykdy.

2007-nji ýylda Gazprom Gazagystana, Türkmenistana we Özbegistana gaz üçin Ýewropanyň bahasyny, ýagny 1000 m³ gaz üçin $160 teklip edip, Merkezi Aziýadanyň gaz bazaryny monopoliýa etmäge synanyşdy. Russiýanyň bahalary ýokarlandyrmagy Ukraina maliýe basyşyny etmek synanyşygy bilen bagly bolmagy mümkin. Ýöne, bu teklipden gysga wagtdan soň “ýewropanyň gaz bahalary” arzanlady we Gazprom Merkezi Aziýada hem bahalaryň birmeňzeş arzanlamalydygyny aýtdy. Emma, Türkmenistan Ýewropanyň gaz bahalarynyň berilmelidigini aýdyp, tutanýerliligini dowam etdirdi.

2008-nji ýylda Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary daşky gurşaw aladalary sebäpli Eýranyň Hazar deňzinde suwasty turbageçirijileriniň gurulmagyna garşydygyny aýtdy.

2009-njy ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda gaz konfliktinde öwrülşikli pursat boldy. 2009-njy ýyla çenli Türkmenistan gazyny esasan Ukraina eksport edýärdi. Soňra, Russiýanyň gatyşmagy zerarly ýurt gaz eksportyny Hytaýa gönükdirmek kararyna geldi. Bu Türkmenistanyň Russiýany “Özbeknebitgaz” gaz geçirijisiniň bir şahasyny partlatmakda aýyplandan soň bolup geçdi. Şondan soň, Türkmenistan Germaniýanyň RWE AG kompaniýasy bilen türkmen gazyny Ýewropa ibermek barada şertnama baglaşdy we Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan arkaly Eýrana baglajak “Nabukko” gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin Pragada saparda boldy. Türkmenistan ýewropaly kärdeşleri bilen ylalaşyk gazanyp bilmedi. Ahyrynda, 2009-njy ýylda Türkmenistan gaz eksportyny Hytaýa gönükdirdi we gaz geçirijini gurmak üçin karz aldy. Ýurt Hytaýy ýyllyk 60 milliard m³ golaý gaz bilen üpjün edýär. Şol ýylda Merkezi Aziýadan Hytaýa gaz iberýän Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň birinji liniýasy guruldy we liniýa Türkmenistandan başlaýar.

2010-nji ýylda Türkmenistan Russiýa iberýän gazyny azaltmaga razylaşdy. Gazyň mukdary 10 milliard m³-e çenli azaldyp, 1 kub metr gazy $200-250-den satdy.

2014-nji ýyl. Türkmenistan täze gaz bazarlaryny gözlemegini dowam etdirýär. Ýurt Ýewropa Bileleşigi bilen gaz söwdasyna üns berýär. Emma, ony daşamak üçin Trans-Hazar gaz geçirijisi gerek. Onuň gurluşygy üçin bolsa Hazaryň kenerýaka döwletleriniň ählisiniň razyçylygy zerur. Russiýa we Eýran gaz geçirijiniň gurluşygyna garşy çykýarlar. Resmi taýdan ýurtlar “daşky gurşaw sebäpli” gaz geçirijä garşydygyny belleýärler. Analitikleriň pikiriçe, hakykatda Russiýa Ýewropa bazarynda bäsdeş islemeýär, Eýrana bolsa türkmen gazy gerek.

Şol ýylda Hytaý Türkmenistandaky “Bagtyýarlyk” gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyny tamamlady. Zawodda Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasy (CNPC) gaz öndürýär we ony Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly iberýär.

2015-nji ýylda Türkmenistan Russiýanyň sanksiýalar sebäpli bergisini tölemegini bes edendigini aýtdy. Rus wekilleri Türkmenistany gowga turuzmakda we töhmet atmakda aýyplady. Soňra türkmen metbugaty ekspertleriň “doganlyk halklaryň” arasyndaky gatnaşyklary bozmaga synanyşýandyklaryny beýan etdi.

2017-nji ýylda Türkmenistan tölegiň gijä galandygy üçin Eýrana gaz ibermegini bes etdi.

2019-njy ýylda Türkmenistandan Russiýa gaz üpjünçiligi gaýtadan başlady. Käbir habarçylara görä, Türkmenistan “Rus monopolistine baha babatda uly eglişik etmeli boldy”. Bu türkmen hökümetiniň 5.7 million raýaty üçin gaz, elektrik, suw we nahar duzyny mudsuz bermegi ýatyran gününde habar berildi. Anonim ekspertiň pikiriçe, bu karar Hazaryň hukuk derejesi barada konwensiýa gol çekilmegi bilen baglanyşykly.

2020-nji ýylda Russiýa Türkmenistandan gaz importyny iki esse artdyrandygyny yglan etdi. Türkmenistanyň ýangyç we energiýa toplumynyň wekilleri Russiýanyň Hytaýa “Sibir-2” gaz geçirijisini gurmak meýilnamasynyň Türkmenistany Hytaýyň gaz bazaryndan çykarmak synanyşygydygyny aýtdylar.

Ýokarda bellenilen hronologiýany seljerip, Türkmenistanyň hökümetiniň Ýewropa gaz ibermek üçin garaşsyz gaz üpjünçilik kanalyny döretmek synanyşygyny Russiýa we Eýran petikledi diýen netijä gelip bileris. Bu Türkmenistanyň Ýewropa gönükdirilen öz gaz geçirijisini gurmagyny bökdedi. Netijede, Türkmenistan gazyny Hytaýa akdyrmaga we ykdysadyýetini Hytaýyň şertlerine bütinleý tabyn etmäge mejbur boldy. Mundan gönümel peýdalanan tarapyň Hyýatdygy mälim. Çünki türkmen gazynyň agramly bölegini Hytaý alýar. Gytaklaýyn peýdalanýan tarap bolsa Russiýa bolup, Ýewropany özünden garaşsyz gaz üpjün edijiden mahrum etmegi başardy. Türkmen gazy Ýewropa Bileleşigine diňe Russiýanyň araçylygy arkaly iberilýär.

Analitikleriň pikiriçe, 10 ýyl bäri Türkmenistan girdejisiniň köpüsini Hytaýa berýär. Muňa Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin alan karzy hem degişli. Türkmenistan ony Russiýa garaşly bolmazlyk üçin gurdy.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Şahim Abdrahmanow ýurduň paýyna düşýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmagy we Galkynyş gaz ýatagyny özleşdirmegi maliýeleşdirmek üçin Hytaýdan alynan karzyň doly tölenendigini aýtdy. Ekspertleriň hasaplamalaryna görä, karzyň mukdary $10 milliard.

Mundan başga-da, ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli ekspertler, şol sanda Bütindünýä banky Türkmenistanyň ýagdaýyna çaklama bolmazdan baha bermeýärler. Mysal üçin, Bütindünýä banky Bütindünýä ykdysady perspektiwasy hasabatynda Türkmenistanyň önümçiligi, girdejisi we Jemi içerki önümiň ösüşi barada maglumatlary bermeýär.

Türkmenistan ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri uly syr bolup gelýär.

Türkmenistanyň çägindäki we türkmen gazynyň akýan gaz geçirijileri:

Gazagystan – Hytaý. Bu gaz geçiriji 3 liniýadan ybarat bolup, onuň birinji bölegi her ýyl Türkmenistandan 40 milliard m³ gaz iberýär.

Merkezi Aziýa – Hytaý. Bu gaz geçiriji Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň çäginden geçip, esasan Türkmenistan bilen Hytaýy birleşdirýär. Onuň geçirijilik kuwwaty ýyllyk 40 milliard m³.

Merkezi Aziýa – Merkez. Bu gaz geçirijä Gazprom gözegçilik edýär. Ol Türkmenistandan başlap, Özbegistandan we Gazagystandan geçip Russiýa baglanýar. 2021-nji ýylda Türkmenistan bu gaz geçiriji arkaly 10 milliard m³ gaz üpjün etdi.

Trans-Hazar. Bu meýilleşdirilýän gaz geçiriji bolup, Türkmenistany Azerbeýjan bilen birikdirer.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: