Progres.Online

Türkmenistanda täze Söwda Maglumat Portaly: Ony nähili işletmeli?

2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanda daşary ýurtly we ýerli telekeçileri import, eksport we gümrük üstaşyry (tranzit) amallarynda ugrukdyrmak maksady bilen Söwda Maglumat Portaly işläp başlady. Bu portal Ýewropa bileleşiginiň (ÝB) maliýeleşdiren Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasynyň çäginde işläp taýýarlandy. Ready4Trade Merkezi Aziýanyň beýleki dört ýurdynda şuňa meňzeş Söwda Portalyny işe girizdi.

Tehniki goldaw Halkara söwda merkezi (HSM) we UNCTAD tarapyndan berildi. Türkmenistanyň Söwda we Daşary Ykdysady Aragatnaşyklar ministrligi (TSDYAM) bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň jogapkäridir. Bu portalda maglumatlar üç dildedir (türkmençe, rusça, iňlisçe), bu bolsa halkara kompaniýalaryň Türkmenistandaky söwda amallary hakynda gerekli maglumatlary almagyny ýeňilleşdirýär.

Platformanyň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň Bütindünýa Söwda Guramasyna (BSG) giriş gepleşiklerinde peýdaly bolup biler. ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso Söwda portaly Türkmenistanyň BSG-nyň söwda amallaryny (prosedura) ýeňilleşdirme ylalaşygyny berjaý etmegini kämilleşdimäge we söwda bökdençliklerini azaltmaga ýardam etjekdigini belläp geçýär.

Platforma importa, eksporta we gümrük üstaşyryna degişli resmi işleri bilen birlikde, gerekli resminamalaryň, blanklaryň, laýyk gelýän kanunlaryň we kadalaryň jikme-jik beýanyny hödürleýär.

Portal ýerli we daşary ýurtly telekeçiler, gelejekdäki bolup biläýjek (potensial) maýadarlar, döwletler, halkara guramalar, alymlar we  derňew geçirijiler üçin niýetlenendir.

Portalyň maksady:

  • daşary söwda işine gatnaşyjylaryň import we eksport tertiplerinde gerekli bolan ygtyýarnamalary we rygstanmalary almak üçin tertipleriň sanawyny görkezip, sarp edýän wagtyny we çykdajylaryny azaltmak
  • serhetara söwda kadalarynyň aýanlygyny gowlandyrmak we olaryň Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjin etmek
  • söwda işlerini Türkmenistanyň telekeçi toparynyň haýryna tertipleşdirmekde we ýönekeýleşdirmekde hökümet edaralaryna ýardam etmek

Portalda:

  • gerekli resminamalaryň görnüşleri we ygtyýarnama almaga arza bermek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy bar
  • şeýle resminamalary almak üçin haýsy ministrliklere we ederalara ýüz tutmalygyny we näçeräk wagtyň gerekdigi barada maglumat berýär
  • kärhanalara aljak resminamalarynyň nusgalaryny we şol resminamany almak üçin takmynan çykdaýjylary görkezýär
  • eýermeli kanun we kadalaryň asyl nusgasyny öz içine alýar

Parahorlyk (korrupsiýa)

Türkmenistanyň döwlet sektorynda parahorlyk giňden ýaýrandyr. Türkmenistanda parahorlyga garşy kanun çykaryjy organlaryň ýeterlik derejede ösmedigini Transparency International belläp geçýär. Ýurtda hiç hili parahorluga garşy göreşýän özbaşdak guramalar ýok. Bu portal biznes eýelerine yzarlamaly düzgünleriniň tertibini öwredip, korrupsiýa ähtimallygyny azaldyp biler. Şeýlelikde telekeçileriň býurokratlar tarapyndan ýalňyş ugrukdyrlyp pul bermäge mejbur edilmeginiň öňüni alar.

Türkmenistan Ykdysady Erkinlik Indeksindäki 176 ýurdyň arasynda 161-nji oruny eýeleýär we ýurduň ykdysady azatlyk derejesini “repressiw” hökmünde synplandyrýar. Eger portal daşarky söwda bilen meşgullanýan şahslar üçin parahorlygy we býurokratiýany kemeltse Türkmenistandaky ykdysady erkinlik ýagdaýyny gowlandyryp biler. Portal parahorlygy peseltmekde we ykdysdy aýdyňlygy ýokarlandyrmakda şowly bolarmy ony gelejekde göreris, her niçik-de bolsa ol ýaňy-ýakynda işläp başlady.

Beýleki MA döwletleri bilen deňeşdirende Türkmen söwda portalynyň tapawudy näme?

Deňeşdirmek üçin: Gazagystanyň Portaly 2022-nji ýylyň iýul aýynda işläp başlady. Ol hem edil Türkmenistanyň portalyna meňzeş toparlara we bölümlere bölünýär, sebäbi ikisem Ready4Trade tasalamasynyň çäginde döredildi. Iki ýurdyň portalyndaky aragatnaşyk bölümi hem birmeňzeş bolup, hiç birinde parahorlyk we kadadan çykmalar hakynda habar berýän bölüm ýok.

Muňa garamazdan bu portallaryň arasynda iki esasy tapawut bar. Gazak portalynda Gazagystan hökümetiniň beren söwda statistikasynyň asly ýerleşdirlendir. Türkmenleriňkide bolsa hökümetiň statistika edaralarynyň asyl maglumatlary ýokdyr we diňe daşarky çeşmelerden alynan maglumatlary görkezilýär. Gazagystanyň Söwda Portalynda import-eksport işleri üçin aýry penjire portalyna eltýän ssylkada bar. Şol portalda telekeçiler ygtyýarnama we rugsatnama üçin onlaýn arza berýärler we resminamalary alýarlar. Emma Türkmenistanyň Söwda Portalynda onlaýn-arza hyzmaty ýok we ygtyýarnama almak üçin döwlet edaralaryna arza berijiniň hut özüniň barmagyny isleýär.

Görşümiz ýaly bu portal söwdagärleriň iş şertlerini ýokarlandyryp biler, ýöne birnäçe garalmadyk we çözülmedik meseleler bar. Bu kemçilikleri aýyrmak üçin Progres portaly işledýän-hyzmatdaşlara şulary hödürleýär:

  • Satlyk harytlaryň görnüşlerini artdyrmaly: portal satlyk harytlaryň çäkli görnüşleri hakynda maglumat berýär. Eksport harytlarynyň 13 görnüşi we import harytlaryň 12 görnüşi barada maglumat bar. Bu harytlar esasan hem iýmit, içgi we ekerançylyk önümlerinden ybaratdyr. Emma Türkmenistanyň importynyň uly bölegini mehaniki abzallar, elektrik gurallar, awtoulaglar, uçarlar, demir, polat, derman önümleri we beýleki harytlar düzýär. Söwda portalynda şuňa meňzeş önümler hakynda hemmetaraplaýyn maglumat berilse aňsat netijä gelmäge yardam eder.
  • Korrupsiýa ähtimallygyny azaltmak üçin ähli hyzmatlary sanly ulgama geçirmeli: Ygtyýarnamalar we rugsatnamalar üçin arza berme we olary alma işleri onlaýn edilse telekeçileriň sarp edýän wagtyny we çykdajylaryny tygşytlar. Meselem, tekistil önümlerini eksport etmek isleýän telekeçi 27 sany dürli tapgyrlardan geçmeli we birnäçe ygtyýarnama almaly bolýar. Olar arza bermek we olary almak üçin birnäçe ministrliklere we edaralara hut özleri barmaly bolýar. Hökümet pudaklarynda sanly ulgamdaky özgerişleri ölçeýän Bütindünýä Bankynyň Döwlet tehnologiýalarynyň ösüş indeksine (Govtech Maturity Index) görä Türkmenistan pes derejede bolup, Owganystandan hem yza galýar.
  • Býurokratlyk süýrenjeňlikden gutulyň: biznes eýeleriniň gitmeli ministrlikleriniň we tapgyrlarynyň sanyny azaldyň, bu olaryň wagtyny tygşytlar. Meselem, telekeçi garaýol ulagy bilen teksitil önümlerini eksport etmek islese, rugsatnama almak üçin 6 sany dürli ministrliklere barmaly we şeýle rugstanamany almaga arza bermek üçin 47 sany dürli resminamalary görkezmeli.
  • Täzelenen hemmetaraplaýyn ykdysady maglumaty görkeziň: portal Türkmenistanyň söwda baradaky daşarky çeşmelerden alynan we 2021-nji ýyla çenli elýeterli bolan, täzelenmedik maglumatlara daýanýar. Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hökümet her ýyl import we eksport barada täzelenen statistiki maglumatlary berýär. Türkmenstat (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti) söwda baradaky maglumatlary çap etmeýär. Söwda baradaky anyk maglumatlar bazary bahalandyrmak, haýsy harytlary ekport we import etjekdigini kararlaşdyrmak üçin telekeçilere örän wajypdyr. EBRD (Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky) özüniň Türkmenistan baradaky synynda telekeçileriň esasly maýagoýum kararyna gelmeleri üçin ýurduň statistiki mümkinçiliklerini we ykdysady hasabatyny ösdürmegi maslahat berýär.
  • Hemmelere elýeterli, howpsyz parahorlyk wakalaryny we şikaýatlary habar berip bolýan aragatnaşyk kanallaryny dörediň: portalda öz wezipesinden hyýanatçylykly we bikanun peýdalanýandyklaryny ýada müşderilere erbet hyzmat edilýändigini habar bermek üçin ýörite sahypa ýok. Ulanyjylar diňe ýalňyş maglumatlar, düzedişler we täze amallar barada habar berip bilýär. Progres topary “Biziň bilen habarlaşyň” sahypasyndan Portal bilen habarlaşmak isledi emma “nädogry” diýip gysga habar aldy. Türkmenistanyň Söwda we Daşary Ykdysady Aragatnaşyklar Ministrligi portalyň maglumatlarynyň täzelenmegine we işledilmegine jogapkärdir.
  • Portaly halk köpçüligine öwrediň we mahabatlaň (reklamirlemek): Teleýaýlym, metbugat we onlaýn ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen portaly mahabatlamaly, köpçülige we gelejekdäki telekeçilere portala nähili girmelidigini, ulanmalydygyny, şeýle-de ony ulananda gazanýan artykmaçlyklaryny düşündirmeli.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: