Progres.Online

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň 2022-2023 ýyllar boýunça hasabaty: Türkmenistana syn

2023-nji ýyl üçin esasy ileri tutulýan ugurlar:

  • Hökümet daşary ýurt walýutasynyň alyş-çalşygyny erkinleşdirmeli. 2022-nji ýylda walýutanyň resmi we parallel (gara bazar) bazar bahasynyň aratapawudy azaldy, emma walýuta hümmeti ýoýulmagynda galýar. Hökümet henizem daşary ýurt walýutalaryna resmi bahadan elýeterliligi importyň ýerini tutýan subsidi hökmünde ulanýar. Bu adalatsyz bäsdeşlige we tarapdarlyga (firmalaryň ýa toparlaryň başgalaryň hasabyna ileri tutulmagy) sebäp bolýar.
  • Hazar deňzinde ulag we logistika päsgelçiliklerini aýyrmak, demirgazyk-günorta söwda geçelgesini ele almak zerurdyr. Türkmenistanyň möhüm çatrykda ýerleşýänligi zerarly bar bolan logistika we transport geçelgelerine goşmaça turbageçirijileri, demirýollary, garaýollary, deňiz tarnsporty we logistika infrastrukturasy ýaly maýa goýumlary çekmäge mümkinçiligi bar.
  • Milli statistika we ykdysady hasabatlaryň standartlaryny gowulandyrmaly. Ygtybarly we elýeterli ykdysady hasabatlar türkmenistanly syýasatçylara we işewürlere peýdaly bolar. Bu syýasy we maýa goýum barada habarly bolup kararlary almaga mümkinçilik berer.

Esasy netijeler:

  • Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Tükmenistanyň ösüşine itergi berýär. Anyk jemi içerki önüm (JIÖ) 2022-nji ýylyň ýanwaryndan sentýabra çenli 2021-nji ýylyň degişli döwüri bilen deňeşdirende 6.2% ýokarlandy. Bu ösüşe 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda gazyň gymmatlamagy netijesinde eksportyň 50% artmagy sebäp boldy.
  • Türkmenistanyň daşarky pozisiýalary örän güýçlendi. Gazyň bahasynyň gymmatlamagy, 2021-nji ýylda Hytaýa gaz turbageçiriji üçin we 2022-nji ýylyň ýanwarynda içerki karzyny hasaplaşmagy hökümetiň girdeýjisini artdyrar we ýurduň karz alma ukyplylygyny ýokarlandyrar.
  • Türkmenistan goňşy döwletler bilen söwda we transport gatnaşyklaryny ösdürýär. Ýurt ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek, goňşy ýurtlar bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek we döwletara ulag aragatnaşygyny gowylandyrmak barada ylalaşdy. Ýakynda, Türkmenistanyň Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýol geçelgesiniň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekmegi ýurduň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa, Eýranyň üstünden Hindistana geçmek üçin tranzit merkezi bolmagyna mümkinçilik döreder.

Täze kabul edilen kanunlar aýallaryň hukuklaryny düýpli bozýar. Hökümetiň käbir gözellik hyzmatlaryna we egin-eşikleri geýmäge girizen gadagançylygy, şeýle hem aýallaryň hususy awtoulaglaryň ýa-da taksileriň öňdäki kürsisinde otyrmagy gadagan etmegi netijesinde gender deňligi yza serpikdi.

Çeşme: EBRD

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: