Progres.Online

Kynçylyklar entek öňde: Türkmenistanyň BSG agza bolmak tagallalary

Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulmak ugrunda öňe ädimler ädýär.

Türkmenistan BSG girmek prosesiniň heniz ýarysyna ýetip, ýurt BSG-nyň doly agzasy bolmagy umyt edýär. 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda, Türkmenistan gurama goşulmak üçin ýüz tutdy we 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Iş topary döretdi. Iş topary Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gepleşikleri geçirjek BSG-nyň ähli gyzyklanýan agzalaryna açykdyr. Emma, haýsy ýurtlaryň Türkmenistanyň Iş toparyna goşuljakdygy entek näbelli.

2023-nji ýylyň 30-njy maýynda, Türkmenistanyň hökümeti BSG-nyň sekretariaty we Aziýa ösüş banky (AÖB) bilen hyzmatdaşlykda BSG-e goşulmak boýunça Tegelek stol geçirdi. Onuň maksady Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyna taýýarlyk görmekdi. Çäräniň dowamynda, Türkmenistan Daşary söwda režimi baradaky memorandumy (DSRM) taýýarlamak üçin ýörite Iş komissiýasynyň döredilendigini yglan etdi. DSRM – BSG goşulmak prosesine başlamak üçin ilkinji möhüm resminamadyr. DSRM-de BSG-nyň Düzgünler formatyna laýyklykda Türkmenistanyň söwda režimi barada doly maglumat berilmeli. Düzgünler onlaýn görnüşde elýeterli bolup, söwda maglumatlary we beýleki içerki ykdysady statistikalar ýaly DSRM-e goşulmaly aýratyn bölümleriň we maglumatlaryň sanawyny görkezýär.

Tegelek stoluň dowamynda, Gazagystanyň BSG goşulmak boýunça gepleşik topary DSRM taýýarlamakda tejribelerini paýlaşdy. Gazagystanyň BSG bilen gepleşikleri 20 ýyla golaý dowam edip, ýurt diňe 2015-nji ýylda guramanyň doly agzasy boldy. Gazagystan 1996-njy ýylda Iş toparyny döreden ýylynda DSRM-ni taýýarlady. 197 sahypa bolan bu uly resminama BSG-niň web saýtynda köpçülige elýeterli. Türkmenistan 2022-nji ýylda Iş toparyny döredenligine garamazdan, DSRM-iň haçan taýýarlanyljakdygy heniz hem näbelli. BSG goşulmak baradaky gepleşikler bu resminamasyz başlap bilmeýär. Türkmenistan bolsa ony gereksiz uzaga çekip, wagt ýitirýär.

Häzirki wagtda, BSG-nyň maglumatlar bazasynda Türkmenistan tarapyndan berilen 2 sany resminama bar. Olaryň ikisi-de köpçülige açyk däl. Resminamalar Türkmenistanyň Iş toparyny döretmegi we BSG-a girmek üçin arzasy baradadyr. Şeýle hem, Türkmenistan BSG sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyny taýýarlady we tassyklady. Ýöne, bu iş meýilnamasynyň mazmuny köpçülige mälim edilmedi we onlaýn elýetersiz.

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda, Astana halkara forumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary wezipeli resmileri BSG-e girmek baradaky gepleşikleriň mümkinçilikleri we kynçylyklary barada pikir alyşdylar. Çäräniň dowamynda, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow Türkmenistanyň BSG-nyň doly agzasy bolmak baradaky maksatlaryny paýlaşdy:

  1. Biznes gurşawynyň hilini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy ösdürmek;
  2. Ýurda maýa goýumlary çekmegi artdyrmak üçin aç-açanlygy we öňünden çaklama mümkinçiligini ýokarlandyrmak;
  3. Daşary ýurtlardan import edilýän harytlary köpeltmek bilen birlikde, söwdany işjeňleşdirmek we giňeltmek;
  4. Sebitleýin hyzmatdaşlygy gowulandyrmak we işewürlik gatnaşyklary ösdürmek;
  5. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli, Iş toparynyň ilkinji ýygnagyny geçirmek.

Jepbarowyň çykyşyna jogap edip, Žanar Aitžanowa Gazagystanyň BSG-e goşulmak baradaky gepleşikler boýunça müdiri hökmünde toplan tejribesine esaslanyp, tekliplerini paýlaşdy. Onuň Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetlerine çagyryşy:

  • Gyzyklanýan taraplaryň arasynda aç-açanlygy we ynamy üpjün ediň. Haýsydyr bir maglumaty gizlemäge synanyşmaň, çünki bu diňe boşuna wagt ýitirer.
  • BSG-nyň proseduralaryny öwrenmek üçin has kän tehniki ekspertleri topara goşuň we gepleşiklerde ähli jikme-jiklikleri ädime-ädim berjaý ediň. Sebäbi, proseduralaryň gysga ýollary ýa-da düzgünleri berjaý etmezlik mümkinçiligi ýokdur.
  • Bazar özgertmelerini amala aşyryň we döwletiň ykdysadyýetdäki roluny azaldyň. Gepleşik prosesine gönümel täsir edýänligi üçin biznesleriň arasynda has köp bäsleşige rugsat beriň.
  • Eksport borçnamalarynyň üstünde işläň. Merkezi Aziýa ýurtlary halkara bazaryny çig mal bilen üpjün edýändigi zerarly, BSG-nyň agzalary harytlaryň üznüksiz üpjün edilmegini we borçnamalaryň az bolmagyny isleýärler.

Türkmenistanyň BSG-e goşulmak boýunça tertipnamasynyň analizi barada giňişleýin maglumaty şu makalamyzdan okap bilersiňiz.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: