Progres.Online

Halkara Pul Gaznasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana missiýasy boýunça beýanaty

2024-nji ýylyň 15-nji apreli

  • 2022-nji ýylda pandemiýadan soňky döwürde, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini peseldi. Ykdysadyýetiň esasy kynçylygy uglewodorod eksportlaryndan gelýän girdejileri dogry ulanmak, ýagny has diwersifikasiýalaşdyrylan, durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmak.
  • Şeýle ösüş modeline geçmek bazar ýörelgelerine esaslanýan diwersifikasiýa strategiýasyny durmuşa geçirmegi, pul we walýuta alyş-çalyşygy syýasatynyň özgertmelerini, döwlet çykdajylarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy, dolandyryşy we aç-açanlygy güýçlendirmegi talap edýär.
  • Ykdysady statistikalaryň elýeterliligini, hilini we ygtybarlylygyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň häkimiýetine dogry kararlary almakda kömek eder. Şeýle hem, aç-açanlygy we ynamy ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Waşington, Kolumbiýa okrugy: 2024-nji ýylyň 27-nji martyndan 9-njy apreli aralygynda hanym Anne Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň missiýasy ýurduň ykdysady we maliýe ösüşine, ykdysady perspektiwalara we töwekgelçiliklere hem-de diwersifikasilaşdyrylan, inklýuziw we durnukly ösüşi goldaýan syýasy çärelere baha bermek üçin Aşgabatda saparda boldy. Missiýa ýokary wezipeli hökümet resmileri, hususy we maliýe pudaklarynyň wekilleri, şeýle hem diplomatik korpuslar bilen duşuşyklar geçirdi. Saparyň ahyrynda hanym Bordon şu beýanaty çap etdi:

“2023-nji ýylda ykdysady işjeňlik orta derejä düşdi we häzirki wagtda inflýasiýa ýokarlanýar. HPG-nyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, pandemiýadan soňky 2022-nji ýylda ösüş 5.3%-e çenli ýokarlanyp, 2023-nji ýylda 2%-e çenli peseldi. Çig mallaryň bahalarynyň arzanlamagy, pul syýasatynyň berkleşdirilmegi we walýuta alyş-çalyşygyna basyşyň ýeňilleşdirilmegi netijesinde 2022-nji ýylda hasaba alnan dezinflýasiýa 2023-nji ýylda wagtlaýyn deflýasiýa öwrüldi. 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda inflýasiýa derejesi ýokarlanyp başlady. Häzirki hasap balansynyň profisiti 2022-nji ýylda Jemi Içerki Önümiň (JIÖ) 7%-inden 2023-nji ýylda 4.8%-e çenli azaldy. [Bellik: ýurduň edýän eksportlaryň mukdary importlardan köp bolsa, hasap balansy profisitde bolýar].

2024-nji ýylda we orta möhletde ykdysady ösüş depgini 2.3% bolmagyna garaşylýar. Uglewodorod önümçiliginiň ösüşi 2 göterime golaý durnuklaşar. Emma, uglewodorod däl pudagyň ösüşi pesligine galar, bu bolsa kyn geosyýasy we biznes gurşawy, maýa goýumlaryň netijesizligi, hakyky walýuta hümmetiniň biçak artydyrylmagy we halkara standartlaryna görä bizneslere bolan kada-kanunlarynyň agyr bolmagy bilen düşündirilýär. Döwlet pudagynyň aýlyk haklaryny we pensiýalary her ýyl 10% ýokarlandyrmak we pul-karz şertlerini ýeňilleşdirmek boýunça köp ýyllyk syýasat netijesinde inflýasiýanyň kem-kemden 8 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň hasabat balansynyň profisiti (ýagny eksportlaryň importlardan köp bolmagy) öňümizdäki ýyllarda gowşamagyna garaşylýar. Munuň sebäbi, resmi walýuta hümmetiniň ýokary bolmagy, uglewodorodyň bahalarynyň arzanlamagy we nebit eksportynyň peselmegi bilen düşündirilýär. Ykdysady gelejek üçin töwekgelçilikler esasan ýagdaýyň erbetleşmegine tarap ugrukýar.

Salgyt-býujet (maliýe) syýasaty umuman ýerliklidir. Ýöne, döwlet serişdeleriniň sarp edilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak zerur. 2024-nji ýylda deňagramly salgyt-býujet syýasaty inflýasiýany saklamak maksadyna laýyk geler. Orta möhletde defisit birneme ýokarlanmagy mümkin. HPG-nyň ekspertleriniň derňewine görä, uglewodorod däl pudagyň esasy defisiti (UDPED) uglewodorod däl JIÖ-niň 2.7%-ine deň bolmagy häzirki maýa goýumlary goldamak we gelejek nesil üçin tygşytlamak zerurlygyny deňagramlaşdyrar. Deňeşdirsek, 2023-nji ýylda UDPED JIÖ-niň 2.5 göterimine deň boldy. Döwlet serişdeleriniň sarp edilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistan jemgyýetçilik çykdajylaryň gönükdirilişini gowulandyrmaly, döwlet pudagynda işleýänleriň  aýlyk haklaryny edýän işleriniň  netijeliligine görä artdyrmaly  we döwlet maýa goýumlaryny dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmeli.

Döwlet maliýe dolandyryşy (DMD) we döwlet kärhanalary (DK) babatdaky özgertmeler haýal etmän amala aşyrylmaly. Hususan-da, muňa 2014-nji ýylyň Býujet kodeksinde bellenilen, emma ýerine ýetirilmesi yza süýşürilen ýeke-täk gazna hasabynyň döredilmegi, döwlet býujetini orta möhletleýin meýilnamalaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmagy, maliýe hasabatlary bermegi we aç-açanlygy gowylandyrmagy durmuşa geçirmek degişlidir. Häkimiýetler garaşsyz gözegçiligi güýçlendirmek we auditorlar tarapyndan barlanylan maliýe hasabatlary hökmany çap etmegi talap etmek arkaly aç-açanlygy ýokarlandyryp, döwlet kärhanalarynyň korporatiw dolandyryşyny kämilleşdirmek tagallalaryny çaltlandyrmaly.

Türkmenistana Merkezi Bankyň maksatlaryny çäklendirmek peýdaly bolar. Ösüş maksatlaryna ýetmek üçin Türkmenistanyň Merkezi Banky (TMB) tarapyndan banklara ep-esli mukdarda karz berilmegi ýurduň inflýasiýasynyň sebitdäki beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende ýokary bolmagyna goşant goşdy. Şeýle hem, bu walýuta alyş-çalyşygyna basyş etdi we hakyky walýuta alyş-çalyşygynyň deňagramsyzlygyny ýokarlandyryp, bäsdeşlige ýaramaz täsir edýär. TMB baha we maliýe durnuklylygyny saklamaga ünsi jemlemeli hem-de walýuta alyş-çalyşygynyň hümmeti boýunça syýasata jogapkär bolmaly. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli garaşylýan inflýasiýanyň ýokarlanmasyna garşy inflýasiýanyň basyşyny saklamak üçin häzirki ykdysady şertlerde göz öňünde tutulandan has berk pul-karz we aýlyk haklary syýasatlary zerur. TMB özüniň merkezi bank işini döwrebaplaşdyrmaly we maliýe kadalaşdyryş, gözegçilik we krizis dolandyryş ulgamyny güýçlendirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmeli.

Walýuta alyş-çalyş kurslaryny birleşdirmek ykdysady deňagramsyzlyklary we dolandyryş gowşaklyklaryny azaldar. Häkimiýetler görülýän çäreler barada halka aýdyň maglumat bermek we ilatyň iň ejiz toparlaryny goramak üçin sosial üpjünçilik ulgamyny güýçlendirmek bilen birlikde resmi walýuta hümmetine düýpli üýtgetmeler girizmegi we ýeterlik derejede berk makroykdysady syýasaty saklamagy göz öňünde tutmalydyr. Halkara tranzaksiýalary boýunça häzirki walýuta alyş-çalyş çäklendirmelerini hem aýyrmaly. Ulgamlaýyn näbellilikleri ykrar etmek bilen bir hatarda, düzediş çärelerini we özgertmeleri goldamak üçin yzygiderliligiň dykgatly berjaý edilmesi zerurdyr.

Häkimiýetleriň ünsi ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga ýeterlik derejede gönükdirilendir. Iň ileri tutulýan wariant bolsa has bazara esaslanýan ykdysady diwersifikasiýa strategiýasyna geçmekdir. Dowamly makroykdysady durnuklylyk diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup, ol walýuta alyş-çalyş hümmetini sazlamagy we walýuta çäklendirmelerini aýyrmagy talap edýär. Türkmenistan administratiw gözegçiligi kem-kemden aýyrmaly we döwletiň ykdysadyýetdäki paýyny azaltmaly. Türkmenistan aç-açanlygy we jogapkärçiligi talap edýän düýpli dolandyryş kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar, aýratynam käbir şahsyýetler üçin gizlin we kanunçylyga ters bolup bähbit gazanmak mümkin bolan ugurlarda (uglewodorod pudagy, daşary ýurt walýuta alyş-çalyşygy bazarlary). Klimatyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek çykdaýjylaryň öwezini doljak derejede kem-kemden we ýerlikli suw we energiýa tarifleri girizmegi talap edýär. Bu suwuň we energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýaşyl tehnologiýalara maýa goýmaga jaýdar stimul döreder.

Ykdysady statistikalaryň elýeterliligini, hilini we ygtybarlylygyny gowylandyrmak häkimiýetlere ykdysady syýasat alyp barmakda kömek eder, aç-açanlygy we ynamy ýokarlandyrmaga kömek eder.

HPG-nyň topary häkimiýetlere we beýleki gyzyklanýan taraplara mähirli garşylandyklary we myhmansöýerligi, içgin we açyk pikir alyşmalary üçin minnetdarlygyny bildirýär”.

Missiýanyň metbugat beýanatlary Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) işgärler toparynyň ýurda eden saparynyň deslapky netijelerini öz içine alýar. Bu beýanatda bellenilen garaýyşlar HPG-nyň işgärleriniň pikirleri bolup, HPG-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň garaýyşlaryny beýan etmeýär. Ekspertler bu missiýanyň deslapky netijelerine esaslanyp doly hasabat taýýarlarlar. Hasabat tassyklanyndan soň, HPG-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň ara alyp maslahatlaşmagy we karar bermegi üçin hödürlener.

Çeşme: IMF Staff Completes 2024 Article
IV Mission to Turkmenistan

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: