Progres.Online

EBRD-iň 2023-2024-nji ýyllar boýunça hasabaty: Türkmenistanyň ykdysadyýeti haýsy ugra tarap özgerdi?

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň (EBRD) 2023-nji ýylyň noýabrynda çap eden Türkmenistan boýunça soňky Geçiş hasabaty (2023-24) geçen ýylky hasabat (2022-23) bilen deňeşdirilende düýpli üýtgeşmeleri belleýär.

Jemi Içerki Önümiň (JIÖ) görkezijileriniň düzedilmegi: Täze hasabatda Türkmenistanyň JIÖ-niň 2019-njy we 2020-nji ýyllardaky görkezijileri täzeden gözden geçirildi. Öňki hasabatda şol ýyllaryň JIÖ ösüşi 6.3% we 5.9% diýip berilen bolsa, onuň tersine täze hasabatda JIÖ ösüşi degişlilikde -3.4% we -2.9% pese gaçandygy bellenilýär. Emma, hasabat gaz eksportynyň, senagat önümçiligiň we maýa goýumlaryň artdyrylmagy netijesinde 2023-nji ýylda JIÖ-niň 6.5% ösjekdigini çaklaýar. Şeýle-de bolsa, ýurduň gaz eksportunyň ýeke-täk bazara (Hytaý) aşa garaşlylygy we suw gytlygy ýaly meseleler düýpli gowşaklyklar döredýär.

Suw ýetmezçiligi: Öňki hasabatdan tapawutlylykda täze hasabat suw ýetmezçiliginiň Türkmenistanyň gelejekki ösüşi üçin biçak möhüm meseledigini nygtaýar. Merkezi Aziýada suw gytlygynyň iň ýokary töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan Türkmenistana azyk we suw howpsuzlygy babatda köptaraplaýyn çemeleşmek, şol sanda suwy tygşytlaýan oba-hojalyk amalaryny we tehnologiýalaryny ösdürmek hem-de suwy gaýtadan ulanmak we gaýtadan işlemek berk maslahat berilýär. Mundan başga-da, EBRD türkmen häkimiýetlerine goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen suw dolandyryş şertnamalaryny baglaşmak üçin diplomatik tagallalara başlamagy maslahat berýär.

Metan zyňyndylary: Täze hasabat Türkmenistanda metan zyňyndylary barada belleýär. Bu barada öňki hasabat döwründe agzalmandy. Türkmenistan “ýokary derejeli metan syzma” hadysalaryny başdan geçirip, 2022-nji ýylda ýurduň gazylyp alynýan ýangyç ýataklary jemi 4.4 million tonna metan syzdyrdy. Bu Birleşen Patyşalygyň şol ýyldaky ýyllyk kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryndan has köpdür. Türkmenistan bu meseläni çözmek üçin 2023-2024-nji ýyllar boýunça Metan ýol kartasyny tassyklady we Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli Pudagara Topary döretdi.

Inflýasiýa derejesiniň peselmegi: Hökümet inflýasiýa görkezijilerini çap etmeýär. Ýöne, hasabatda 2021-nji ýylda 19.5%-e ýeten inflýasiýa derejesiniň 2022-nji ýylda 11.2%-e çenli peselendigi we 2023-nji ýylda 5.9%-e ýetjekdigi bellenilýär. Bu peselme tendensiýasy global azyk we transport bahalarynyň tendensiýalaryna laýyk gelýär. Goşa walýuta hümmeti henizem dowam edýär. Resmi walýuta hümmeti 1 ABŞ dolary üçin 3.5 manat bolmagyna galýar we 1 ABŞ dollarynyň gara bazar hümmeti 19 manat töweregi bolup, 2022-nji ýyldan bäri durnuklylygyny saklaýar. Şu ýylky we geçen ýylky hasabatlarda Türkmenistanyň “adaty bolmadyk senagat syýasatlaryny” ýöredýänligi bellenilýär. Şeýle syýasat belli bir biznesler üçin resmi nyrhdan daşary ýurt walýutasyny almak artykmaçlygyny berýär. Bu bazarda adalatsyz bäsdeşlige we tarapdarlyga sebäp bolýar. Mundan başga-da, bank ulgamynda laýyklyk standartlaryny güýçlendirmek telekeçileriň daşary ýurtlardan walýuta geçirimlerini amala aşyrmagy üçin juda ähmiyetlidir.

Serhet dolandyryş syýasaty: Iki döwüriň hasabatlarynyň ikisi-de Türkmenistanyň geografiki artykmaçlygyny we sebitdäki transport päsgelçiliklerini çözmegiň zerurdygyny görkezýär. Geçen ýylky hasabat turbageçirijiler, demir ýollar, gara ýollar, deňiz transportlary we logistika infrastrukturasy ýaly infrastrukturlara maýa goýumlary goýmaga has giňişleýin ünsi çekýär. Häzirki hasabat bolsa adamlaryň we goňşy ýurtlardan gelýän harytlaryň hereketi bilen bagly serhet dolandyryş syýasatlaryny sazlaşdyrmagy öz içine alýan ýumşak baglanyşyk meselelerini çözmegiň möhümdigini belleýär.

EBRD hasabaty ýurtlaryň ykdysadyýetiniň Integrasiýa, Durnuklylyk, Inklýuziw, Ýaşyl, Gowy dolandyryş we Bäsdeşlige ukyply kategoriýalarynda dürli geçiş hillerine baha berýär. Aşakdaky grafikalarda görnüşi ýaly, Türkmenistan soňky üç ýylda geçiş görkezijilerinde öňegidişlik gazanmady.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: