Progres.Online

Aziýanyň Ösüş Banky Türkmenistana hemaýatyny artdyrýar

1966-njy ýylda gurulan we 68 agzasy bolan Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB), Aziýa-Ýuwaş okean sebitiniň durnuklylygyna we ösüşine ýardam etmek üçin döredilendir. Türkmenistan 2000-nji ýylda AÖB agzasy boldy we şondan bäri Demirgazyk-Günorta Demirýol Taslamasy we häzirki wagtda dowam edýän Milli Energiýa Ulgamyny Güýçlendirme taslamasy ýaly energiýa we ulag aragatnaşygy infrastrukturasy üçin $636 millionlyk maýa goýumdan peýdalandy. AÖB Türkmenistanyň delillere esaslanýan syýasaty döretmek we amala aşyrmak baradaky kanunlaryň göwrümini güýçlendirmäge we ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolmagyna kömek edýär.

AÖB wise-prezident Shixin Cheniň ýurduň resmi ýolbaşçylary bilen görüşmek we Türkmenistan üçin täze hyzmatdaşlyk strategiýasyny taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistana gelendigi barada habar berilýär. Bu strategiýa hususy pudagyň kämilleşdirilmegi, zenanlara we gyzlara gönükdirlen adam kapitalynyň ösmegi we klimatyň üýtgemegine degişli meseleleri çözmek baradaky çäreleri öz içine alýar. Bank, Türkmenistana metan zyňyndylarynyň öňüni almaga, energiýa üpjinçiligini artdyrmaga, täzelenýän energiýa güýjüni kämilleşdirmäge we klimatyň üýtgemegi barada uzak möhletli strategiýa işläp düzmäge ýardam etmäge taýýar diýyip belleýär.

AÖB görä 2024-2028 ýyllary öz içine alýan täze strategiýa, ýurduň ykdysadyýetiniň köp ugurlar boýunça ösmegine, durnuklylygyna we bäsdeşlik güýjini artdyrmaga ýardam etmek bilen birlikde, ýurdy söwda we tranzit merkezine öwürer. Meýilnama kiçi we orta görnüşdäki kärhanalary, döwlet – hususy pudaklaryň hyzmatdaşlygy, sanly tehnologiýalary, gün energiýasyny kämilleşdirmegi we suw ulgamyny dolandyrmagy öz içine alýar.

Iş tertibiniň çägine Chen energiýa gurluşyny güýçlendirme taslamasyny görmäge bardy, şeýle hem Aşgabatdan Duşaga demir ýol bilen syýahat etdi. Bank häzirki wagtda Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy demirýoluny kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirýär.

2023-nji ýylyň sentýabyryna degişli ýurduň maglumat býulleteninde bank ýurtdaky dolandyryş we ýerine ýetiriliş meselelerini aýdyňlaşdyrýar. “Türkmenistandaky ösüş hereketlerine halkara banklaryň tasalama başlama, taýýarlama, tassyklama we durmuşa geçiriş prosesine doly ýerine ýetirmäge çäklendirilen içerki mümkinçilikler we Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary (IFRS) ýaly halkara standartlaryndan çäkli peýdalanmagy täsir edýär”.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: