Ähli Microsoft Office programmalary, şol sanda Microsoft 365 wersiýalary hem – her birnäçe minutdan siziň işiňizi öz ýadynda saklap durýar.
Mysal üçin, siz Microsoft Office dokumentini ýakynda ýapdyňyz we tötänleýin “не cохранить” düwmesine basdyňyz ýa-da üstünde işleýän dokumentiňizi ýatda sakladyp ýetişmänkäňiz Word (Microsoft Office degişli) programmaňyz bozuldy ýa-da noutbugyňyzyň zarýady gutardy. Şeýle ýagdaýlar her bir adamyň başyna gelip biler, ýöne bu hemme zadyň ýitirilendigini aňlatmaz. Çünki, Microsoft Office programmalary dokumentleriň wagtlaýyn ätiýaçlyk nusgalaryny awtomatik ýagdaýda ýadynda saklaýar we olary dikeltmek üçin gowy mümkinçilik berýär.
Ýatda saklanmadyk Microsoft Office faýlyny nädip dikeltmeli?
Bu gollanmada biz Microsoft 365-iň içindäki Microsoft Word wersiýasyny mysal getireris, ýöne usullaryň Excel we PowerPoint ýaly beýleki Microsoft 365 programmalarynyňky bilen birmeňzeş diýen ýaly bolany üçin, olarda hem ulanylyp bilner. Şeýle-de, usullar Office 2021-de hem ulanylyp bilner. Faýllary dikeltmek funksiýlary Microsoft Office programmalarynda öňden bäri bar, şonuň üçin Microsoft Office Word 2016 ýa-da Word 2007 ýaly programmanyň köne wersiýalaryny ulanýan bolsaňyz hem, faýllary dikeldip bilersiňiz. Ýöne gerekli usullary gözlemek üçin wagt sarp etmeli bolmagyňyz mümkin.
“Восстановить не сохранёные документы” düwmesini ulanyp faýly dikeltmek
Muny etmegiň tiz ýoly: Ilki Word programmasyny ýa-da islendik başga bir Microsoft Office programmasyny açyň, soňra (1) “Открыть” düwmesine basyň. Soňra bolsa, penjiräniň aşaky sag burçundaky (2) “Восстановить не сохранёные документы” düwmesine basyp, ýatda saklanmadyk faýly saýlap bilersiňiz.
“Управление документом” düwmesini ulanyp faýly dikeltmek
Ilki bilen ýatda saklatmadyk islendik Microsoft Office programmaňyzy açyň. “Файл” diýen ýerine basyň.
“Файл” menýusynda “Сведения” diýen ýerine basyň.
Soňra “Управление документом” düwmesine basyň we “Восстановить не сохранённые документы” saýlaň. Şeýle-de, eger isleseňiz, ýatda saklanmadyk dokumentleriň ählisini pozup bilersiňiz.
Ýatda saklanmadyk faýllar papkasynda ähli ýatda saklanmadyk faýllaryň nusgalary ýerleşdirilýär. Gerekli faýly saýlap we “Открыть” düwmesine basyp bilersiňiz.
Microsoft Office programmalary faýllaryň ätiýaçlyk nusgalaryny yzygiderli (her 10 minutdan) awtomatik usulda ýatda saklaýar, diýmek faýlyňyz ýitirilen maglumatlaryň köpüsini ýadynda saklaýandyr.
Microsoft Office programmalarynyň faýllary awtomatik usulda ýatda saklamagyny üýtgetmek
Her bir Microsoft Office programmasynda wagtlaýyn faýllary nädip, nirede we nähili ýygylykda ýatda saklanmalydygy hem-de dokument ýatda saklanman ýapylaýan ýagdaýynda, wagtlaýyn faýlyň döredilmegi ýaly sazlamalary girizip bilersiňiz.
“Файл” menýusynda “Параметры” diýen ýerine basyň.
Açylan penjirede “Сохранение” düwmesine basyň we “Сохранение документов” bölümini tapyň.
Her 5 ýa-da 10 minutdan awtomatik usulda ýatda saklamak has uzak ýaly görünse, bu sazlamany öz islän wagtyňyza görä azaldyp bilersiňiz. Awtomatik usulda ýatda saklamany 1 minutdan 120 minuda çenli aralykda düzüp bolýar. Eýleki sazlamalary, eger esasly bir sebäp bolmasa, deslapky ýagdaýynda goýmagy maslahat berýäris.
Microsoft Office-iň gaýtadan dikeltmek aýratynlygy sizi ähli faýl kynçylyklaryndan halas edip bilmez, ýöne howsalaly pursatlarda peýdaly bolup biler.