Progres.Online

Windows enjamyňyzy goramagyň esasy ýollary

“Microsoft Windows” giňden ulanylýan operasion ulgam bolany üçin köplenç zyýanly programma üpjünçiligi tarapyndan nyşana alynýar. Windows enjamyňyzy howpsuz saklamak üçin enjam howpsuzlygynyň dürli taraplaryny öz içine alýan usullary bilmek möhümdir.

Operasion ulgamyňyzy täzeläp durmak

Enjamyňyzyň operasion ulgamynyň iň soňky wersiýasyny ulanmak enjamyňyzyň işjeňligi we howpsuzlygy üçin möhümdir. Programma üpjünçiligini elmydama öý ýa-da ofis ýaly internet birikmäňiziň howpsuz bolan ýerlerinde täzelemelidir. Täzelenme prosesi üçin aýratyn bir wagt bellemek gerekdir, sebäbi enjamyňyza birnäçe gezek ýükläp almak we öçüp-açylmak (перезагрузка) gerek bolup biler. Häzirki enjamyňyz soňky çykan operasion ulgama gabat gelmeýän bolsa, täze enjam satyn almagy ýa-da başga bir operasion ulgama geçmegi göz öňünde tutuň. Täzelenmeleri ýükläp alanyňyzdan soňra, gurnama işiniň tamamlanmagy üçin kompýuteriňizi öçürip täzeden açmak gerekdir.

Ses dolandyryjyny we ýerleşýän ýeriňizi anyklaýan funksiýany sazlamak

Şahsy gizlinligiňizi ýokarlandyrmak we töwekgelçiligi azaltmak üçin “Cortana” ýaly ses dolandyryjylary öçüriň. Şeýle hem, enjamyňyzy ulanmaýan wagtyňyz ýerleşýän ýeriňizi anyklaýan funksiýany öçürmegi we onuň taryhyny yzygiderli arassalamagy endik ediniň.

Programmalaryň rugsat düzgünlerini barlamak

Gizlinligiňizi üpjün etmek we şahsy maglumatlaryňyzyň rugsatsyz alynma howpuny azaltmak üçin, enjamyňyzdaky programmalaryň rugsat düzgünlerini yzygiderli görüp durmak we sazlamak maslahat berilýär. Diňe bilýän we ynanýan programmalaryňyza rugsat beriň we ulanmaýan we gizlin maglumatlara girmegi soraýan programmalaryňyza rugsatlary öçüriň.

Ynamdar çeşmelerden alnan programmalary ulanmak

Diňe “Microsoft Store” ýa-da ynamly websaýtlardan programmalary ýükläp alýandygyňyza göz ýetiriň. Potensial howply programmalary ulanmakdan ýa-da ynamsyz çeşmelerden ýükläp almakdan gaça duruň, sebäbi enjamyňyzyň we şahsy maglumatlaryňyzyň howpsuzlygyna zyýan ýetirip bilersiňiz.

Gereksiz programmalary aýyrmak

Windows enjamyňyzdan ulanmaýan programmalaryňyzy yzygiderli aýryp duruň. Bu enjamyňyzdaky goragsyz programmalary azaltmaga we paýlaşmak islemeýän maglumatlaryňyzyň ýaýrama töwekgelçiligini peseltmäge kömek eder. Eger käbir programmalary pozup bilmeýän bolsaňyz, bolup biljek töwekgelçilikleri azaltmak üçin olary öçüriň.

Aýratyn ulanyjylar hasaplaryny döretmek

Microsoft saýtynda açylan hasabyň ýerine, enjamyň özünde açylan ýerli hasaby ulanmagy göz öňünde tutuň. Enjamda birnäçe hasap döredip, bir hasaby “admin” we galanlaryny “standart” ygtyýarlykly edip gurnamak ygtybarly hasaplanýar. Howpsuzlyk bilen baglanyşykly üýtgeşmeler üçin “admin” hasabyny, gündelik işler üçin “standart” hasaby ulanyp bilersiňiz. Serhetlerden geçeniňizde bolsa, şahsy faýllary gizlemek üçin aýratyn “Syýahat” hasabyny döredip bilersiňiz.

Güýçli ekran gulpuny we gizlinlik düzgünlerini düzmek

Enjamyňyz gysga wagt ulanylman duran halatynda, ekranyň ýüzüni gulplamak üçin uzyn parol ulanmak maslahat berilýär. Mümkinçiligiňiz bolsa biometriki (ýüzüň we barmagyň bilen açmak) kesgitleýiş usullaryny ulanmakdan gaça duruň. “Hello” we “Hello Face” ýaly aýratynlyklary öçüriň. Rugsatsyz ulanylmazlygy üçin, enjamyňyzyň ýanyndan gideniňizde ekrany özüňiz gulplaň.

Enjamyňyzy goramagyň goşmaça usullary:

  • Enjamyňyzyň kamerasynyň rugsatsyz işlemeginiň öňüni almak üçin kamera örtüji ulanmagy göz öňünde tutup bilersiňiz;
  • Gijelerine enjamyňyzy doly öçüriň;
  • Ulanmaýan wagtyňyz Wi-Fi, Bluetooth we tor paýlaşmasyny öçürmegi endik ediniň;
  • Ynamly ýerde (öýüňiz ýa-da ofisiňiz) bir tora birigeniňizde, ony “Private” diýip belläň we jemgyýetçilik torlaryny (kafe, internet kafe we ş.m.) “Public” diýip belläň;
  • Şahsy Hotspot arkaly enjamyňyzyň başga birine internet paýlamaýandygyna göz ýetiriň.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: