Progres.Online

Sosial ulgamlaryň edep we ahlak kadalary

Biz sosial mediýany ýa messenjerleri günüň dowamynda birnäçe gezek ulanýarys. Olar biziň durmuşymyzda adaty zatlara öwrüldi we käte internetde özüňi alyp barmagyň edep kadalaryny ünsden düşürýäris. Internet giňişliginde siz we siz bilen gürleşýän adamlar özlerini rahat duýar ýaly nämeleri bilmeli:

Näme üçin ýüz tutýandygyňyzy biliň

Eger ýüz tutmak isleýän adamyňyzda öz şahsy hasaby we biznes-hasaby bar bolsa, siz iş boýunça biznes-hasabyna ýazmalysyňyz. Köp adam islendik adam bilen islendik görnüşde habarlaşsaň bolýar diýip pikir edýär, emma indi sosial mediýada özleri bilen nähili görnüşde we haýsy ýollar bilen habarlaşsaň bolýandygyny aýan edýän adamlar hem köpelýär.

Hemme zatlaram özüňize çekmäň

Kimdir biri internetde siz bilen dost bolmakdan ýüz öwürse, bu gizlin urşa başlamaga sebäp däldir. Käwagt mesele sizde ýa-da sosial platformada däl. Meselem, adamlar siziň ugradan hatlaryňyzy ýa-da ýazan teswirleriňizi sypdyryp bilerler. Belki olar örän başagaýdyrlar. Her niçigem bolsa, özüňizi hakyky durmuşda gowy tanaýan adamlaryňyz tarapyndan äsgerilmeýän ýaly duýýan bolsaňyz, gaty görmegiň deregine olar bilen aç-açan gürleşiň.

Çeniňizi biliň

IMO-da ýa-da instagramda storiňizde bir zatlar goýýan bolsaňyz, esasan hem ýygy-ýygydan goýýan bolsaňyz, köp adamyň bu zatlary göresi gelmeýän bolmagy mümkin. Aslynda öz şahsy hasabyňyzda islendik zat etmäge hakyňyz bardyr, ýöne postlaryňyza ýeterlik üns berilmese geň görmäň. Başgalar siziň postlaryňyzy özlerine görünmez ýaly (скрыть, блокировать) edip hem bilýärler.

 Äheňiňize üns beriň

Öwünmeklik, yzygiderli zeýrenmeklik we ritoriki temalar siziň töweregiňizdäkileri ýadadyp biler. Hakyky özüňiz boluň we başarsaňyz deňagramlylygy saklamaga çemeleşiň. Şeýle-de, adamlar internetdäki äheňi elmydama dogry kesgitläp bilmeýärler, esasan hem sarkazmy – käwagt aýdýan zatlaryňyz göni manyda düşünilip, uly bir meselä getirip biler.

Postlaryňyzda başgalaryň atlaryny bellemezden (отмечать) öň pikirleniň

Köp adamlar özleriniň halaýan suratlaryny internetde görkezmek isleýärler. Kimdir biri bilen bilelikde düşen suratlaryňyzy post etmek isleýän bolsaňyz, ol adamy öz goýýan suratyňyzda belläp goýmazdan öň rugsat soraň. Adamlaryň köpüsi internetdäki abraýyna çynlakaý garaýar. Şeýle-de öz şahsy suratlaryňyzy (oturylşykda ýa-da dynç alyşda içki eşikde düşen suratlaryňyzy) iş bilen baglanyşykly hasabyňyzda paýlaşmasaňyz gowy bolar.

Özüňiz nämä garaşýan bolsaňyz, başgalara hem şony ediň

Eger siz adamlaryň size ynanmagyny isleseňiz, ilki özüňiz olara ynanyň. Eger sypaýy bolmaklaryny isleseňiz, ilki özüňiz mylakatly boluň. Eger siziň goýýan postlaryňyza adamlaryň manyly teswirleri ýazmagyny isleseňiz, siz hem olara şony ediň.

Yzyna zat garaşmaň

Nä derejede isleseňizem, size gyzykly bolan adamlardan öz profiliňize goşulmagyny ýa-da internet dostuňyz bolmagyny talap edip bilmersiňiz. Biriniň profiline dost bolmak (дружба) teklibini ugradan bolsaňyz, ol hem ony kabul etmedik bolsa, onuň şahsy islegine hormat goýuň.

Ses ýazgylaryny ugratmak (голосовые сообщения)

Käbir adamlaryň pikiriçe soňky ýyllarda adamzat ses ugratmakdan gowy hiç zat döretmändir, käbir adamlar bolsa tersine ses ýazgylaryny amatly hasaplamaýarlar. Pikirleriň ikisi hem dogry. Bu ýerde esasy zat habarlaşýan adamyňyz bilen ses ýazgylaryna bolan garaýşyňyz gabat gelmeli. Ses ugratmazdan öň, adamyň ony diňlemäge mümkinçiliginiň bardygyna göz ýetiriň. Belki ol ýygnakda ýa-da başga bir köpçilik ýerindedir.

Heşteg goýanyňyzda seresap boluň (#хэштег, #hashtag)

Dogry goýlan heştegler siziň paýlaşýan postuňyzy has özüne çekiji ýa-da şadyýan edip biler. Elbetde, heştegler beýleki adamlara sizi tapmaga hem kömek edip biler. Ýöne heştegleri çendenaşa ulansaňyz hasabyňyzyň abraýyny peseldersiňiz we beýleki adamlaryň gözünde üns çekdirmek isleýän ýaly görnersiňiz.

Jogap bermegi unutmaň

Elbetde, eger başagaý adam bolsaňyz ýa-da sosial mediýada aktiw durmuş ýöredýän bolsaňyz, her bir teswire jogap berip bolmaz. Edil hakyky durmuşdaky ýaly, internetde hem biziň ählimiz görünmek isleýäris – şol sanda teswir ýazýanlar hem, sebäbi olar ýöne ýerden teswir ýazmaýarlar. Jogabyňyzy uludan ýa-da jikme-jik ýazmak gerek däl, diňe sag bolsun aýdyp ýa-da gysga jogap ýazyp bilersiňiz.

Sosial mediýa dünýäsi oflaýndan has çalt ösýär, şonuň üçin onlarça, ýüzlerçe ýa-da müňlerçe kärdeşleriňiz we tanyşlaryňyz bilen paýlaşmazdan ozal, ýazýan sözleriňiziň, suratlaryňyzyň we wideolaryňyzyň adamlara nähili täsir etjekdigi barada pikirlenmek möhümdir. Bellenilip geçilen maslahatlar kän bir wagt geçmänkä könelip biler. Internediň we sosial ulgamlaryň şeýle çalt üýtgeýänligi sebäpli onlaýn gepleşikleriň nähili bolup gitjegini çaklamak kyn. Emma, bir zadyň üýtgemejekdigini arkaýyn aýdyp bileris: adamlar onlaýn bolsun ýa-da oflaýn, özlerine hormat, mähir we üns bilen garalmagyny gowy görerler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: