Sosial mediýa platformalary durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, bize tiz aragatnaşyk, maglumat we güýmenje hödürleýärler. Bu platformalaryň peýdalary sanardan kän hem bolsa, olar aýal-gyzlaryň psihiki we ruhy saglygyna ýaramaz täsir edip hem bilýärler.
Bedeniňe bolan garaýyş we özüňe bolan ynam
Sosial mediýanyň döredýän meseleleriniň biri hem ideallaşdyrylan bedenleri köp görmegiň netijesinde hakykatdan üzňe talaplara ýykgyn etmek we özüňi başgalar bilen deňeşdirmekdir. Aýal-gyzlar köplenç özlerini modelleriň, influenserleriň we ýyldyzlaryň birkemsiz görünýän daş-keşplerine we syratlaryna deňeýärler – bu bolsa olaryň kemsinmegine we özlerine bolan ynamlarynyň peselmegine eltip bilýär. Sosial mediýadaky gözellik standartlaryna uýjak bolmak iýmitlenişiň bozulmagyna, aşa maşk etmelere we negatiw iç gepletmelere sebäp bolup bilýär.
Ynjalyksyzlyk we depressiýa
Sosial mediýada köp wagt geçirýän aýallaryň ynjalyksyzlygy we depressiýany başdan geçirme ähtimallygynyň ýokarlanýandygyny ylmy barlaglar tassyklaýar. Özüni aşa timarlanan kişiler bilen deňeşdirýän adam özüni pes we ilden kem galýan ýaly duýup bilýär. Şeýle-de, sosial mediýa platformalary eýýäm adamda bar bolan psihiki bozulmalary beterleşdirip bilýär.
Uky bozulmalary
Sosial mediýany aşa köp ulanmak, esasan-da gijelerine ulanmak ukynyň hilini we möçberini bozup bilýär. Elektron enjamlaryň ekranyndan çykýan gök yşyk adama ýatmaga kömek edýän melatonin gormonynyň bölünip çykmagyna böwet bolup bilýär. Ukynyň hiliniň pes bolmagy bolsa, depressiýa, ynjalyksyzlyk we beýleki psihiki saglyk bozulmalary bilen baglanyşdyrylýar.
Çetleşme we ýalňyzlyk
Sosial mediýa platformalary adamlary birek-birege ýakynlaşdyrmaga niýetlenen hem bolsa, ulanyjylaryň arasynda çetleşme we ýalňyzlyk duýgularyny başdan geçirýänler-de az däl. Sosial mediýa äleminde aşa köp wagt geçirýän adamyň adamlar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşyk etmek ukyby peselip, garasöýmezligi artyp bilýär. Munuň netijesinde aýal-gyzlaryň özlerine goldaw berýän adamlardan uzaklaşyp, dürli ruhy kesellere ulaşmagy mümkin.
Kiberbulling we erjeşme
Erkeklere garanyňda, aýal-gyzlaryň kiberbullinge we onlaýn erjeşmä sezewar bolma ähtimallygy has ýokary. Kiberbulling (adama onlaýn giňişlikde bilgeşleýin azar bermek) hadysasy adamda utanç, gamgynlyk we ejizlik duýgularyny döredip, depressiýa, ynjalyksyzlyga we hatda suisid pikirlerine hem eltip bilýär.
Sosial mediýany ulanmakda sagdyn endikler
- Ekrana seredip geçirýän wagtyňy çäklendir: Günde sosial mediýany ulanmak üçin çäkli wagt belle. Ýatmazdan azyndan bir sagat öň elektron enjamlaryňy öçürmek hem gowy uky almaga kömek eder.
- Şahsy idege üns ber: Şahsyýetiňe sagdyn çemeleşmäni öňe sürýän we psihiki saglygyňa oňaýly täsir edýän endikleri öwren. Meselem, yzygiderli maşk etmek, dogry iýmitlenmek, rahatlanmagyň usullary ýa-da lezzet beriji güýmenjeler.
- Ýüzbe-ýüz gatnaşyklara gadyr ber: Adamlar bilen mümkin boldugyça ýüzbe-ýüz aragatnaşyk sakla. Gadyrlylygy, jebisligi, hormaty, howpsuzlygy we arkalaşygy öňe sürýän jemgyýetçilik çärelerine gatnaş.
- Lentaňy tämizle: Başgalar bilen özüňi deňeşdirmäge iterýän ýa-da pshiki we ruhy saglygyňa zyýanly täsir edýän hasaplary (akauntlary) yzarlamaňy bes et we saňa ylham berýän we ruhuňy göterýän hasaplary yzarla.
- Kömek soramakdan çekinme: Eger-de sosial mediýa seniň psihiki saglygyňa negatiw täsir etmesini dowam etse, bu barada ynanýan adamlaryň bilen gürleşmekden çekinme we gerek bolsa saglygy goraýyş professionallaryna ýüz tut.
Sosial mediýa durmuşymyzy näçe baýlaşdyrýan-da bolsa, onuň psihiki saglygymyza we abadanlygymyza berip bilýän zyýanlaryndan hem ägä bolmalydyrys. Onuň howplaryndan goranmagy öwrensek, onuň peýdalaryndan hem arkaýyn lezzet alyp bileris.