Progres.Online

Sanly ulgamlar dünýäsinde awtorlyk hukugy

Häzir sanly ulgamlaryň döwründe gündelik durmuşymyzy multimediýasyz, telefonsyz, planşetsiz ýa-da kompýutersiz göz öňüňe getirip bolmaýar. Internetde bolsun ýa-da islendik bir elektron enjamda, kimiň döreden işini ýa-da döreden eserini ulanýandygyňyz barada pikir edip gördüňizmi? Köplenç, dürli multimediýa kontenleri – wideolar, suratlar, aýdym-sazlar, web sahypalar, operasion ulgamlar – awtorlyk hukugy kanunlary bilen goralýar.

Awtorlyk hukugy näme?

Awtorlyk hukugy (ýa-da awtoryň hukugy) döredijileriň döreden eserleriniň hukuklaryny beýan etmek üçin ulanylýan kanuny termindir. Awtorlyk hukugy goralýan eserler kitaplardan, aýdym-sazlardan, suratlardan, heýkellerden we filmlerden başlap, kompýuter programmalaryna, maglumat bazalaryna, mahabatlara, kartalara we tehniki çyzgylara çenli döredijilik işlerini öz içine alýar.

Websaýtlarda ýa-da sosial mediýalarda çap edilen döredijilik işleri adatça awtorlyk hukugy ýa-da goşmaça hukuklar bilen goralýar. Şonuň üçin olary ulanmazdan ozal eýesinden rugsat almak dogry hasaplanýar. Eger döredijilik işi köpçülige açyk bolsa, awtorlyk hukugynyň möhleti hem tamamlanan bolsa, ony erkin ulanyp bilersiňiz. Emma, ilki onuň awtorlyk hukugy bilen baglanyşykly başga hukuklar bilen goralmaýandygyna göz ýetiriň.

  1. Mysal 1: Da Winçiniň çeken Mona Liza suratyny alalyň. Surat muzeýde köpçülige görkezilýär, ýöne onuň internetde goýlan suratyny tapsaňyz surata düşüren suratçynyň surata bolan awtorlyk hukugy bolup biler. Diýmek suraty ulanmak üçin suratçydan rugsat almaly bolarsyňyz.
  2. Mysal 2: Kiçi bir telekeçilik işi bilen meşgullanýan bolsaňyz we internetden saz ýa-da islendik bir döredijilik işini ýükläp alyp, marketing üçin ulanmak isleseňiz, awtorlyk hukugy bolandan rugsat almaly.

Käbir websaýtlarda ol ýerde ýerleşdirilen döredijilik işlerini ulanyp boljak şertleri kesgitleýän umumy ygtyýarnama (lisenziýa) bolýar. Döredijilik işinden peýdalanmak üçin rugsat almagyňyz talap edilmeýän kadadan çykma ýagdaýlara diňe çeşmäniň adyny bellemek, täzelikleri habar bermek ýa-da öwretmeklik degişlidir.

Ulanmak isleýän döredijilik işiňiz bilen baglanyşykly hukuklaryň bardygyna ýa-da ýokdugyna şübhelenýän bolsaňyz, ulanmak üçin rugsat almak çärelerini görmeli.

Işiňizi internede ýerleşdireniňizde haýsy hukuk çärelerine üns bermeli?

Awtor hökmünde, döredijilik işiňizi we oňa bolan hukugyňyzy başgalar bilen internetde paýlaşmak isleýän bolmagyňyz mümkin. Awtorlygyň alamaty hökmünde © nyşanyny adyňyzyň we işiňiziň döredilen ýylynyň ýanynda goýup bilersiňiz.

Belki siz öz işiňiziň ulanylyşyny beýan edýän “Ulanyş şertlerini” websaýtyňyza goşmak isleýänsiňiz. Mysal üçin, ulanyş şertleriniň üsti bilen websaýtyňyza girýänlere öz işleriňizi peýdalanmaga, çap etmäge rugsat berip, sizden rugsatsyz satmaga rugsat bermän bilersiňiz.

Sosial mediýa platformalarynda awtorlyk hukugy nähili?

Haçanda siz sosial mediýa ýa-da başga bir sanly platformany ulanmak üçin hasap döredeniňizde “Ulanyş şertlerini” berjaý etmelisiňiz. Bu köplenç internetde paýlaşýan zatlaryňyza awtorlyk hukuklaryňyzy saklasaňyzam, olary ulanmak üçin sanly platforma ýa-da hyzmata ygtyýarnama (lisenziýa) bermegi öz içine alýar. Başgaça aýdanyňda, siziň döredýän ýa-da paýlaşýan kontenleriňizi sanly platformalaryň ýa-da sosial mediýalaryň ulanmaga hukugy bolup biler. Mysal üçin, bu şert barada Facebook-yň “Ulanyş şertleriniň” 2-nji maddasynda, Youtube-yňkyň 6C maddasynda bellenilýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: