Sen özüňi internetde ýa-da mediýada täsirini ýetiriji hökmünde hasaplap görüpmidiň? Seniň pikirleriň durmuşyňdakylar üçin möhümdir.
Saglyk maslahatyny paýlaşmazdan ozal maslahatyň iň erbet netijesiniň nähili bolup biljegi hakynda oýlan. Haçanda saglyk ýa-da önüm hakynda paýlaşanyňda, dost-joralaryň we maşgalaň paýlaşýan zadyň saňa kömegi degendir we sen hem ony goldaýansyň diýip pikir edip bilerler.
Maglumaty tassyklanylmadyk hem bolsa, illere kömegi deger diýen niýet bilen paýlaşsa bolmazmy?
Saglyk baradaky nädogry maglumatlar, şol wagtyň özünde görmesek hem, zyýanly bolup biler. Maslahatyň özi gönüden-göni zyýansyz bolsa-da, ol adamlary nämä ynanmaly we nämä ynanmaly däldigi barada bulaşdyryp biler. Ýa-da adamlaryň özlerine ynamy artyp, jemgyýetçilik saglyk protokollaryny ýa-da lukmanlaryň tekliplerini ret etmek bilen özlerine has uly howp abandyryp bilerler.
Jogapkärçiligiňi bil
Internetde arz-şikaýat görseň, kän bir ünsem berip durmarsyň, ýöne arz-şikaýat maşgala agzaňdan ýa-da dost-joraňdan gelse, elbetde oňa äňedersiň. Maglumat paýlaşanyňda hem şeýle bolýar. Paýlaşmak üçin wagtyň diňe birnäçe minudyny sarp eden bolmagyň mümkin, ýöne senden çykan maglumat ýakynlaryň tarapyndan tassyklanan çeşme hökmünde kabul edilip bilner.
Paýlaşýan maglumatyň çeşmesini barlap, öňürti onuň ygtybarlydygyna göz ýetir.
Suraty ýa-da skrinşoty post etme; ssylka paýlaş
Seniň paýlaşan maslahatyň wagtyň geçmegi bilen täzelenip biler. Eger ssylkasyny paýlaşsaň, maslahaty alan adama onuň häzir hem ulanylýandygyny ýa-da däldigini barlamak aňsat bolar.
2019-njy ýylyň ahyrynda başlan koronawirus pandemiýasy munuň aýdyň mysalydyr. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda Fransiýanyň Saglyk ministri ibuprofeniň koronawirusyň alamatlaryny hasam erbetleşdirip biljekdigini ýazypdy. Bu bolsa internetde adamlar tarapyndan we täzelikleri paýlaşýan çeşmelerde giňden paýlaşyldy. Şeýle-de bolsa, 2020-nji ýylyň 18-nji martynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ibuprofeniň zyýan ýetirip biljekdigine hiç hili subutnamanyň ýokdugyny we ony kabul etmezlik üçin hiç hili sebäbiň ýokdugyny habar berdi.
BELLIK: bu makalany näwagt okaýandygyňa baglylykda, soňky ylmy synaglar esasynda maslahatyň üýtgän bolmagy mümkin. Islendik lukmançylyk maslahatyna eýermezden ozal, ony özbaşdak gözleg etmegi unutma.