Progres.Online

Onlaýn misinformasiýadan gaça durmak üçin maslahatlar

Internetde misinformasiýadan ýaňa köp maglumatlara elýeterliligiň bolmagy saňa hem bereket, hem bela bolup biler. Hatda biderejik bir surat filtr programmasy hem pikir edýän sebäpleriň üçin däl-de, başga bir maksat üçin döredilen bolmagy mümkin. Şu makalada, misinformasiýadan gaça durmak üçin maslahatlar bilen tanyşyp bilersiň.

ÝAGDAÝA ÖZ GOŞANDYŇY GOŞUP BILÝÄNDIGIŇE DÜŞÜN

Laýk goýmazdan ozal, paýlaşmankaň ýa-da öz hasabyňda post etmezden ozal, biraz wagt tapda, özüňe “Meniň onlaýn täsirim nähili?” diýen soragy ber. Haçan sen soňky gezek haýran galdyryjy ýa-da gülkünç bir makalany, sözbaşyny, wideony ýa-da suraty görüp, birnäçe sekundyň içinde dostlaryň bilen paýlaşdyň?

Haçan-da sen islendik bir zady paýlaşanyňda, onuň wirus ýaly ýaýrama mümkinçiligini ulaldýarsyň. Mysal üçin, eger paýlaşan zadyň ýalan maglumat bolup çyksa, sen öz adyňy we abraýyňy onuň bilen baglanyşdyrmak islärsiňmi? Paýlaşmazdan ozal, ilki bilen maglumatyň ygtybarlydygyna göz ýetir.

HÄSIÝETIŇI AÝDYP BERÝÄN TESTLERI DOLDURMAZDAN ÖŇ GOWY PIKIRLEN

Haçan soňky gezek şuňa meňzeş soraglara gabat gelip gördüň (tekst ýa-da surat filtrleri görnüşinde):

  • Sen haýsy onýyllygyň adamsy?
  • Ruhy haýwanyň näme?
  • Disneýiň haýsy gahrymany saňa meňzeş?
  • Iň gowy dynç alşyň nähili bolmaly?
  • Sen “Игра престолов” filminiň haýsy gahrymany?
  • … we ş.m.

Käbir testleriň diňe adamlary gyzykdyryjy oýun hökmünde çykarylan bolmagy hem mümkin, şol bir wagtda olaryň şahsyýetiňi anyklamak maksady bilen maglumat ýygnamak üçin seresaplylyk bilen döredilen psihometrik şablonlar bolmagy-da mümkin.

TORA DÜŞMEJEK BOL

  • “Bu gözellik syrlaryna ynanmaýaň (5-nji geň galdyryjy!).”
  • “Ynanar ýaly däl! Ol muny her gün iýýärdi, indi …”
  • “Adam Akula garşy: Soňunda näme bolany seni geň galdyrar …”

Iň soňky gezek haçan şuňa meňzeş sözbaşylara ýa-da wideo basypdyň? Belki, ol bir zady mahabatlandyrandyr, ýöne aslynda mazmun seniň garaşanyň ýaly däl bolup çykypdymy? Mümkin makalaň ady has gyzykly görnüp, makala aslynda örän ýönekeýje bolup çykandyr. Netijede, sen ne geň, ne-de haýran galdyň.

Şeýle aldawçylyga – “Clickbait” diýilýär. Haçan-da onuň bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, diňe sözbaşyny okap oňma. Eger ssylka ygtybarly ýaly görünýän bolsa, makala gir, awtoryň kimdigini, haçan çap edilendigini we haýsy çeşmelere salgylanýandygyny gör.

WIZUAL MISINFORMASIÝADAN ÄGÄ BOL

Çuň feýk (ýalan) diýlip adamyň ýüzüni ýa-da hereketleri çalşylan ýa-da sözleri üýtgedilen wideolara, audio kliplere ýa-da suratlara aýdylýar. Arzan feýkleri döretmek has hem aňsat – olary döretmek üçin çylşyrymly tehnologiýa gerek däl, ýagny wideo ýa-da surata ýalňyş ady goýmak ýa-da häzirki bolup geçýän zatlary suratlandyrmak üçin köne kontent ulanmak ýeterlikdir.

“Clickbait”-de bolşy ýaly, görýän her bir zadyňy şol bada hakykat diýip kabul etme. Geň galdyryjy ýa-da gaharyňy getiriji wideo ýa-da surat gören bolsaň, özüňde döreýän duýgyny tana we bu zatlaryň aňyrsynda başga zatlaryň bolup biljekdigini göz öňünde tut. Eger-de şol bir surat lentaňda yzygiderli gabat gelýän bolsa, “ony kim çap etdi (haýsy websaýtda, awtory kim)? Haçan çap edildi?” ýaly goşmaça soraglary ber, eger-de ol surat bolsa, TinEye arkaly gözläp gör, başga nirelerde bu surat duş gelýär. Hakykat diýip hasaplamazdan we ýakynlaryň bilen paýlaşmazdan ozal, ygtybarly habar çeşmelerinde barlap gör.

INTERNETDE HAKYKATY GÖZLE

Misinformasiýa elmydama erbet niýet bilen ýaýradylmasa-da, onuň netijesinde adamlar nädogry bir zada ynanýarlar. Hatda, okaýan zatlaryňy jan edip barlaýan we tankydy soraglary berýän hem bolsaň, olar seni bulaşdyryp bilerler. Emma unutma: sen ýeke dälsiň!

Ählimiziň goşandymyz gerek

Saýt öz ýalňyşlyklaryny boýun almaýan bolsa, ol ýalňyşlygy goýberen däldir diýip bolmaýar. Aslynda, has ygtybarly neşirler hakykata örän ünsli garaýanlardyr, hatda işi diňe faktlary barlamak üçin ýörite adamlary ýa-da bölümleri bolýar.

Nädogry bolsa, düzediş berýän çeşmeleri gözle. Has gowusy, haçan-da täzelenen ýeri makalanyň başynda jemlenip we goşmaça sosial mediýada paýlaşylsa gözlemek üçin kän wagt sarp etmeli bolmarsyň.

Derňewi özüň hem edip bilersiň. Onuň üçin “Tactical Tech”-iň The Kit guralyny ulanyp bilersiň.

FILTRLERDEN AZAT BOL

Websaýtlar we programmalar gyzyklanýan zatlaryň hakynda profiliňi düzenlerinden soňra, sen filtriň duzagyna düşüp bilersiň. Bu ýagdaýda hyzmatlar ozal gören zatlaryňa meňzeş zatlary hödürleýär.

Onuň çözgüdi, ilki filtr duzagyndamy ýa-da dälmi şony anyklamakdan başlanýar. Dostuň/joraň ýa-da maşgala agzalaryň bilen otur we täzelikler programmasynda ýa-da sosial mediýada haýsy temalary görýändigiňizi deňeşdir. Netijeler haýran galdyrýarmy?

Egerde programmalarda we websaýtlarda seniň üçin döredilen algoritmiki kontenti görýän bolsaň, onda nädip filtr duzagyndan çykmaly?

Täzelikleri garyşdyr. Filtr duzagyndan çykmagyň gowy usuly täzelikleri we maglumatlary dürli çeşmelerden almak we dürli pikirleri jemleýän hyzmatlara ýazylmakdyr. Global Voices we The Syllabus başlangyçlar üçin peýdaly bolup biler.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: