Internetde wideo, surat ýa-da makala bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda hakykaty hyýaly zatdan tapawutlandyrmak kyn bolup biler. “Misformasiýa” termini nädogry ýa-da bulaşdyryjy maglumatlara salgylanmak üçin ulanylyp, şol sanda satirany, doly öwrenilmedik ýa-da tassyklanylmadyk kontentleri, galplyklary we aldawlary öz içine alýar. Seniň profiliňi düzjek bolýan soraglardan başlap, seni haýran galdyryjy sözbaşylar we düýbünden başga bir hakykata ynandyryp biljek suratlara ýa-da wideolara çenli, onlaýn görýän zatlaryň hemişe hakykaty görkezmeýär.
Laýk goýmak, paýlaşmak, gaýtadan öz hasabyňda post etmek ýaly hereketleriň ählisi onlaýn görýän zatlaryňa nähili garaýşyň bardygyny görkezýär we bu baglanyşygyň orny uly. Haçan-da bir surat, wideo ýa-da habar ýeterlik adamy özüne çekse, wirus ýaly çalt ýaýraýar. Gözlegçileriň anyklaýşyna görä, sende gorky, ýigrenç, gahar ýa-da howsala döredýän habarlar we suratlar internetde has gowy ýaýrap bilýär. Misinformasiýa hem şeýle duýgulary döretmek arkaly giňden ýaýrap biler.
Internetde şahsy maglumatlaryň hakynda pikir edeniňde, ilki bilen parollaryň, şahsy belgileriň we bank hasabyň belgileri ýadyňa düşýändir. Ýöne, seni gorkuzýan we gaharlandyrýan zatlar hem-de islegleriň ýaly maglumatlar hem seniň şahsy maglumatlaryň bolup durýar. Bular maglumat analitikleri üçin gymmatly bolup biler. Şonuň üçin, şeýle maglumatlary bermezden ozal gowy pikirlen.
Ýeterlik derejede habarly bolmasaň “Clickbait”-yň toruna hem düşüp bilersiň. “Clickbait” bu oýandyryjy, ýalan we toslanan sözbaşylarda ulanylyp, basdyrmak ýa-da ssylkalara geçip gidirmek ýaly maksat bilen ulanylýar. Makala, wideo ýa-da surat näçe köp üns çekse, şonça-da köp pul gazanyp biler. Bu bolsa, şeýle zatlary döredýänleriň saňa düwmä basmagyňy ýa-da biri bilen paýlaşmagyňy gazanmak üçin her zat aýtmaga höwesiniň bardygyny aňladýar.
Ulanýan platformalaryň (“Facebook” ýa-da “Instagram” ýaly) sen hakynda döreden şahsy profiline esaslanyp, duýgularyňy oýarmak we düwmä basdyrmak üçin ýörite döredilen sözbaşylara gabat gelmegiň mümkin. “Clickbait” misinformasiýa bilen birlikde duş gelip hem biler, ýöne hemişe däl. “Clickbait” tarapyndan döredilen sözbaşylary tanap başlanyňdan soňra, olary YouTube-da, bloglarda we gazetlerde hem görersiň.
Internetde wizual misinormasiýalar hem seýrek gabat gelmeýär. Mysal üçin, 2019-njy ýylda Braziliýada Amazon ýangynynyň möwç alan döwri Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron ýaly meşhurlar we syýasatçylar weýran edilen tokaýlaryň suratlaryny paýlaşypdylar… ýöne olar ýalňyş suratlardy. “Mother Jones” žurnaly ol suratlaryň 2019-njy ýyldaky ýangynlar däl-de, 1989-njy ýylda bolan ýangynyň suratlarydygyny anyklapdy. Nädip beýle bolýar? Munuň sebäbi köplenç maglumatyň asyl nusgasyny çap edýän howlukmaçlygyndan ýaňa ýeterlik gözleg geçirmän çap edýär. Soňra bolsa, maglumatlar düzedilmänkä eýýäm wirus ýaly ýaýrap gidýär.
Şeýle-de internetde filtrleriň duzagyna düşüp, ozal gören zatlaryňa meňzeş zatlary görüp durýan bolmagyň mümkin. YouTube platformasy şunuň iň bir aýdyň mysalydyr. Seniň ozal gören wideolaryňa esaslanyp, seniň göräýjek wideo-kontentleriňi hödürleýär (“algoritmiki sazlama” diýlip hem atlandyrylýar). Ýöne şuňa meňzeş ulgamlar Netflix-de, Spotify-da, Instagram-da we Twitter-iň gözleg sahypalarynda, Facebook-yň lentasynda we Amazonda hem duş gelýär.
“Filtr duzagynda” bolmak adamyň düýbünden başga hekaýalary, habarlary, sözbaşylary, makalalary we mahabatlary görmegine sebäp bolup biler. Göräýmäge diňe özüň üçin döredilen kontenti görmek gowy ýalydyr. Ýöne şu mysala hem seredip göreli: YouTube-da iti türgenleşdirmäge degişli wideolary göreniňden soň ýene saňa şoňa meňzeş wideolaryň hödürlenilip durşy ýaly, konspirasiýa teoriýasy bilen gyzyklanýan goňşyňa hem dowamly konspirasiýa teoriýalary hödürlener. Has erbet ýagdaýda, filtr duzagy goňşularyň, jemgyýetleriň we hatda tutuş milletiň çetleşmeklerine sebäp bolup biler.