Progres.Online

Nädip “sanly” saglygyňy berkitmeli?

Iň soňky gezek elektron enjamlaryňy haçan bir gün ýa bir sagatlap açman gördüň?

Eger-de sen yzygiderli internete girýän bolsaň, onda sen ýeke dälsiň. Adam ortaça günde 2600 gezekden gowrak telefonyny barlaýar. Enjamyňda sarp edýän wagtyň peýdaly bolmagyny nädip üpjün etmeli?

Ilki bilen, tehnologiýa bolan islegiňe seniň günäkär däldigiňe düşünmek gerekdir! Ynansaň-da, ynanmasaň-da halaýan programmalaryňdaky we websaýtlaryňdaky her bir aýratynlyk, reňk we ses seni gyzyklandyrmak we yzygiderli dolanyp getirmek üçin düzülendir. Düwmeler tassyklar (basar) ýaly edilýär we tekstler gaty ynandyryjy äheňde ýazylýar. Hatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem, oýaryjy sözbaşylar bilen seniň ünsüňi çekmäge dyrjaşýarlar.

Onlaýn we oflaýn durmuşyň arasynda has sagdyn deňagramlylygy tapmak isleýärsiňmi? Onda okamagyňy dowam et.

Bu makalada nädip päsgelçilikleri ýeňip geçip, enjamyň seni yza galdyrman, eýsem öňe alyp barýandygyna göz ýetirmegi öwrenersiň. Enjamlaryňy näçe wagt ulanmalydygy barada “dogry” jogap ýokdur. Özüňe rahat ýerden başla we ýoluňy dowam et.

PURSATDA BOLMAK

Pursatda bolmak gündelik endige öwrülmelidir. Bu edil beýniňdäki myşsa ýaly, güýjüni ýokarlandyrmak üçin yzygiderli türgenleşmegi talap edýär. Nähili derejede bar ünsüňi şu wagta berip, pursatda ýaşaýandygyňa düşünmek üçin ulanýan tehnologiýaň bilen gatnaşygyňy ölçäp gör.

Telefonyňda günde näçe wagt sarp edýärsiň?

Eger jogabyň bilen kanagatlanmasaň, enjamyň ulanylyşyna gözegçilik etmegiň sazlamalary we usullary bar.

Eger maksadyň IMO, Tik-Tok, Instagram we ş.m. sosial mediýalarda az wagt geçirmek bolsa, programmalaryň sazlamalaryny we rugsatlaryny özüňe laýyklap üýtget. Instagram ýaly käbir programmalarda gündelik ulanmaly wagtyňy ýatladýan aýratynlyk hem bar.

Eger telefonyň jaňy, sesi ýa-da çyrasy bilen, durmuşdaky aragatnaşyklaryňa päsgel berýän bolsa, ony wagtlaýyn dymdyr, ýüzüni aşak bakdyryp, hatda jübüňde ýa-da sumkaňda goýup, gözüň alyndan aýryp bilersiň.

Sarp edýän wagtyňy ölçemäge mümkinçilik berýän programmalar hem bar. Häzir Android we iPhone telefonlarynda öz endikleriňi barlamagy Google Digital Wellbeing we IOS-y täzelemek bilen amala aşyryp bolýar.

DIZAÝN USULLARYNY TANAMAK

Ynandyryjy dizaýnlar psihologik taýdan bir zatlara ýazylmaga, bir zat satyn almaga ýa-da ilki bada pikir edişiňden ýa-da isläniňden has köp şahsy maglumat bermäge itermek üçin ulanylýar.

Adaty dizaýn belli bir reňkleriň ulanylmagyny, düwmeleriň ýerleşdirilişi, düşnüksiz tekstleri ýa-da doly däl maglumatlary öz içine alyp biler. Käwagt bu usullary tanamak aňsat ýaly görünýär, käwagt bolsa kyn bolýar. Sen bir zatlara ýazylanyňda ýa-da onlaýn söwda edeniňde olaryň käbirini eýýäm gören bolmagyň hem mümkin.

Bu dizaýn usullaryna hemme ýerde duş gelýänimiziň sebäbi olaryň hakykatdan hem öz işini üstünlikli ýerini ýetirýändigidir, ýagny olar bizi düwmä basmaga, bir ýerlere registrasiýa etmäge, köp söwda etmäge we gaýdyp gelmäge iterýär.

Programmalardan ökde çykmak üçin birnäçe çäreleri görüp bilersiň.

  • Aldananyňy bil: Ilki bilen edip boljak zat, bu usullaryň ulanylyşyndan habarly bolmak. Şu ýerde dürli usullar barada okap, şeýle-de täze ynandyryjy usullardan habarly bolmak üçin Twitteriň lentasyny ýa-da heştegini yzarlap bilersiň.
  • Skrinşot we paýlaşma: Internetde ynandyryjy dizaýnlara gabat geleniňde skrinşotyny al we dost-joralaryň bilen paýlaş (hiç hili şahsy maglumatlary bermän). Şeýle hem, kompaniýalardan amallaryny üýtgetmegi sorap bilersiň.
  • Özüňi arkaýyn alyp bar: Websaýtyň satyn alynylýan sahypasynda yzyna sanaýan wagt görkezilen bolsa, özüňden sora: “Bu hakykatdanam gyssaglymy?” Internetde aslynda basmak islemeýän zadyňa basjak bolanyňda düwmelerdäki sözlere ýa-da reňklere üns ber. Aljyrasaň, derrew özüňi günäkärlemän, websaýtda ýa-da programmada ulanylýan sözlere üns ber, sebäbi olar düşnüksiz hem bolup biler.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: