Progres.Online

Kompýuteriňizi satmazdan ýa-da zyňmazdan ozal näme etmeli?

Siziň kompýuteriňizde bank hasabyňyzyň belgileri, şahsy suratlaryňyz, skrinşot edip alan şahsy ýazyşmalaryňyz ýaly maglumatlar bar bolup biler. Köne kompýuteriňizden dynmazdan ozal, bu maglumatlaryň nätanyş adamlaryň eline düşmezligi üçin edilmeli zatlary öwreneliň. 

  1. Maglumatlaryňyzy arhiwläň.

Köne kompýuteriňizden dynmazdan ozal haýsy möhüm maglumatlary saklamak isleýändigiňizi pikirleniň. Saklamak isleýän suratlaryňyz, wideolaryňyz ýa-da möhüm resminamalaryňyz barmy? Şol maglumatlary saklamak üçin näçe Gigabaýt(GB) ýa-da Terabaýt (TB) ýer gerek bolar? Bu soraglaryň jogaplaryny anyklaşdyranyňyzdan soňra, maglumatlaryňyzy saklap alyp galmak üçin aşakdaky wariantlary ulanyp bilersiňiz:

  • Faýllaryňyzy täze kompýuteriňize geçiriň. Eger täze kompýuter satyn alan bolsaňyz, köne kompýuteriňizdäki maglumatlary göni we doly täzesine geçirip bilersiňiz. Windows ulanýan bolsaňyz ShareIt atly programmany, MacOS ulanýan bolsaňyz öz içinde gelýän AirDrop ulanyp geçirip bolýar.
  • Faýllaryňyzy daşky enjama ýazdyryň. Daşky enjamyň bir görnüşi USB fleş disk bolup, ol ortaça mukdarda ýer hödürleýän amatly wariantdyr. Ýene bir wariant bolsa daşky gaty disk (Внешний жесткий диск – External HDD). Ol USB fleş diskine görä gymmadrak bolsa-da, size has köp ýer hödürleýär. Häzirki wagtda 4GB USB fleş diskler 50 TMT, 32GB bolsa 70TMT baha satylýar. Daşky gaty diskleriň 1TB göwrümlileri 900TMT, 2TB-lylar bolsa 1300TMT töweregi bahadan satylýar.
  • Faýllaryňyzy bulutda saklaň. Faýllary we maglumatlary onlaýn ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýän Google Drive, Evernote, Dropbox ýa-da iCloud ýaly bulutda saklaýyş hyzmatlary bar. Bu hyzmatlaryň köpüsi belli bir gigabaýt göwrüme çenli mugt saklaýyş ýerleri hödürleýär, emma has uly mukdarda maglumat saklamak isleseňiz olaryň tölegli hyzmatlaryny ulanyp bilersiňiz.
  1. Ähli hasaplaryňyzdan çykyň, kompýuteriňize bagly enjamlary aýryň we gaty diskiňizi pozuň.

Kompýuteriňizdäki ähli faýllaryňyzy gaty diskden pozmak üçin zawod sazlamalaryny (Заводские настройки) açyň.

Windows üçin: Sazlamalar (Параметры) -> Täzelenme we howpsuzlyk (Обновление и безопасность) -> Dikeldiş (Восстановление) giriň. Bu ýerde Hemme zady poz (Удалить все) basyň.

MacOS (Ventura 13.0 wersiýasy) üçin: 

Sistema sazlamalary (Системные настройки) açyň. Esasy (Основные) bölüme geçiň, Geçirmek ýa-da pozmak (Перенос или сброс) giriň. Kontenti we sazlamalary poz (Стереть контент и настройки) basyň. Ol ýere paroluňyzy ýazanyňyzdan soň kompýuteriňizdäki ähli zatlar pozlar we MacOS kompýuteriňiziň içi täze alnan ýaly ýagdaýa geler. 

  1. Kompýuteriňizi howpsuz ýagdaýda ýok ediň.

Şahsy maglumatlaryňyzy saklap galdyňyz we gaty diskiňizi arassaladyňyz. Indi kompýuteriňiz satuwa, birine bermäge ýa-da zyňylmaga taýýar. Kompýuterleriň köpüsinde ekologiýa zyýanly maddalaryň we howply metallaryň bardygy sebäpli, eger ony zyňmak kararyna gelen bolsaňyz, ony ýörite elektron enjamlary zyňylýan zibillere atyň. Käbir kompýuter bejerýän ussahanalara onuň abat böleklerini satyp ýa-da berip hem bilersiňiz.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: