Kompýuter, planşet, noutbuk ýa-da smartfon bolsun, biz günüň ep-esli bölegini durmuşymyzy gowulaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek üçin tehnologiýalary ulanýarys. Ýöne tehnologiýalary aşa köp ulanmak saglyk meselelerine sebäp bolup biler. Emma, hünäriňiz her gün kompýuter ulanmagyňyzy talap etse, ony azaltmak kyn düşer.
Keseller ýaramaz endikler sebäpli döreýär
Kompýuterleri ulanmak bilen baglanyşykly saglyk meseleleri köplenç ýokarky beden agzalarynyň kesellerini (barmaklar, eller, gollar we eginler), göz kesellerini, stresi, ýadawlygy we deriniň kesellerini öz içine alýar. Bularyň ählisi ilkibada ýönekeý oňaýsyzlykdan başlap, myşsada we deride dowamly agyrylara ýazyp biler.
Kompýuterler yzygiderli ulanylanda enosinowit (myşsalaryň çişmegi) ýa-da goşaryň tunnel sindromy (туннельный синдром запястья) ýaly, gaýtalanýan hereketleriň şikesleri (GHŞ) döräp bilýär. GHŞ uly tizlikde klawiaturada zat ýazanyňyzda, kompýuteriň syçanjygyny intensiw ulananyňyzda ýa-da kompýuter oýunlarynyň pultlaryny (joýstiklar) uzak wagtlap ulananyňyzda döreýär.
Kompýuter ulanmagyň göz kesellerine sebäp bolýandygy heniz jedelli mesele bolup galýar. Şeýle-de bolsa, gözleri has çäkli ýerde belli bir aralykda fokusirlemäge mejbur edýän işleriň islendik görnüşi, iň bolmanda gysga wagtlyk gözüň dartylmagyna we rahatsyzlygyna sebäp bolup biler. Sebäbi biziň gözlerimiz tebigy taýdan beýle işlere “niýetlenen” däl.
Gözde bolýan meseleleriň öňüni almak üçin kompýuteriň öňünde işläniňizde arakesme berip we oturyşyňyzy üýtgedip durmaly. Köp adam inçe (плоский) ekranlary ulanmagyň göze has amatly bolýandygyny aýdýar. Şeýle-de uly ekranlar kiçi ekranlara garanyňda göze has az zyýanly. Sebäbi ulanyjy hemişe bir nokada seretmän, ekranyň dürli ýerlerine seretmeli bolýar (kellesini we gözlerini herekete getirýär).
Kompýuteriň dogry ýerleşişi
Stoluň başynda birnäçe sagatlap oturyp işleýän bolsaňyz, dogry iş şertleri, şol sanda oturgyjyňyzyň beýikligini, enjamlaryň arasyndaky aralygy we stoluň durşuny sazlamak bedeniňizi rahat saklamaga kömek eder:
Boýnuňyzyň we monitoryň ýerleşişi
Monitory ýerleşdireniňizde ekrandaky birinji setir gözüňiz bilen bir derejede bolar ýaly ýerleşdiriň. Boýnuňyz hem rahat bolmaly we egilmeli däl. Monitor bilen araňyz 50-76 sm ýa-da eliňiziň uzynlygynda bolmaly. Gürleşeniňizde bolsa nauşnik ulanmaga çalyşyň. Hiç-haçan telefony boýnuňyz bilen gulagyňyzyň arasynda saklap gürleşmäň, sebäbi bu myşsalaryň dartylmagyna sebäp bolup biler.
Bedeniň we oturgyjyň ýerleşişi
Arkaňyz bilen oturgyja doly ýaplanyň. Gerek bolsa aýratyn bir ýassyk ulanyň. Ofis oturgyjynyň arkasyny 100-110 gradusa çenli egip bolar ýaly sazlaň. Şeýle etseňiz oňurgaňyza azrak agram düşer. Egniňiz hem rahat ýagdaýda bolmaly.
Klawiatura bilen elleriňiz
Oturgyjyňyzyň tirsek goýulýan ýerini sazlanyňyzda tirsegiňiziň burçy 100-110 gradus açyk bolmaly. Klawiaturada ýazanyňyzda elleriňiz tirsegiňizden biraz pesräkde durmaly we barmaklaryňyz ýere tarap bakmaly. Goşarlaryňyzyň gapdala ýa-da ýokaryk-aşak öwrülmelerini azaldyň.
Wideo oýunlaryna baglanmak
Wideo oýunlaryny oýnaýan käbir adamlaryň bu “endigini” saglyga ýaramaz hasaplasaň bolýar. Olaryň durmuşyna wideo oýunlary agalyk edip, okuwda, işde we jemgyýetçilik gatnaşyklarynda päsgelçilik döredýär. Eger wideo oýunlary siziň hem durmuşyňyzda ýaramaz endige öwrülen bolsa, olaryň ýerini sagdyn ýörelgeler bilen çalyşmaga synanyşyň:
- Bir kluba ýa-da sport toparyna goşulyň;
- Sungat öwreniň;
- Syýahat ýa gezelenç ediň;
- Arassa howada tigir sürmek, balyk tutmak we ş.m. zatlara güýmeniň;
- Nahar bişirmäni öwreniň.