Progres.Online

Kompýuter nähili işleýär

Häzirki zaman kompýuterlerine – monobloklar, noutbuklar, smartfonlar, dronlar, akylly sagatlar we hatda çäýnekler degişlidir. Bu enjamlar dürli-dürli bolsalar-da, hemmesiniň prinsipi meňzeşdir.

Islendik kompýuter asyl formasynda örän akylly kalkulýatordyr. Kompýuteriň düýp sözi “to compute” iňlis dilinde “hasaplamak” manysyny berýär. Adaty kalkulýator diňe käbir matematiki amallary çözýän bolsa, kompýuter sekuntda milliardlarça çylşyrymly amallary (команды) ýerine ýetirip bilýär.

Kompýuteriň ýerine ýetirýän işini dört bölege bölüp bolar:

  1. Maglumatlary almak;
  2. Olary ýatda saklamak;
  3. Maglumatlary gaýtadan işlemek;
  4. Alnan netijäni bermek.

Islendik elektron enjamy hemişe şu prinsip boýunça işleýär. Adaty kompýuter klawiaturadan, fleş disklerden ýa-da CD disklerden maglumat alýar. Planşet ekrany elläniňde maglumatlary okaýar. Fitnes bilezigi (браслет) üçin ýürek urşuň tizligi, dron üçin bolsa operatoryň elindäki joýstik maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Kompýuter amatly bolan formatda maglumatlary alyp, olary öz maglumat saklaýjy enjamyna ýazyp alýar. Maglumatlar bilen nähili işlemelidigini bilmek üçin kompýuter programma ýüz tutýar we ädimme-ädim programmadaky görkezmeleri (инструкции) ýerine ýetirýär. Soňra netijäni (результат) ekrana surat, tekst görnüşinde çykarýar ýa-da haýsydyr bir funksiýany ýa-da goşmaça programmany açýar. Dronuň edýän işiniň netijesi operatoryň ugrukdyran ýerine uçmakdyr. Internedi mysal edip alsak, myşka bilen bir ssylka basanymyzda maglumatlaryň bir kompýuterden başga bir kompýutere iberilmegine getirýär – netije hem brauzerde görünýär.

Kompýuteriň görnüşleri köp, emma hemmesiniň işleýiş prinsipi birmeňzeş

Enjamlar dürli programmirleme dillerinde ýazylan her tüýsli programmalary ulanýarlar. Käbir diller kompýuteriň iň kiçi elementlerini dolandyrmak üçin ulanylýan bolsa, käbirleri operasion sistema derejesinde işleýär; başgalar web sahypalaryny ýa-da programmalary döretmäge mümkinçilik berýär.

KOMPÝUTERIŇ GURLUŞY

ENELIK PLATASY (МАТЕРИНСКАЯ ПЛАТА)

Kompýuteriň işleýşini üpjün edýän ähli bölekler enelik platasyna birikdirilýändir. Bu dürli funksional elementlere maglumat alyşmaga mümkinçilik döredýän umumy iş ýeridir. Enelik platasynda her bir elementiň öz ýeri bardyr we olar biri-birine päsgel bermejek görnüşde ýasalýandyr.

PROSESSOR

Prosessor – bu kompýuteriň esasy elementi bolup, ol beýleki enjamlaryň işini gurnaýandyr. Ol ýatdaky (память) maglumatlary okap, näme etmelidigini buýruk berýär we dolandyrýar.

OPERATIW ÝAT

Operatiw ýada başgaça “RAM” diýilýär. Prosessoryň işleýän wagtynda gerek bolan maglumatlar RAM-da saklanýar. RAM näçe uly bolsa, şonça-da maglumat saklamaga köp ýer bolýar we şoňa görä kompýuter uzak wagtlap agyr “ýükli” işläp bilýär. Kompýuter öçürilende operatiw ýadyndaky maglumatlar pozulýar. Şonuň üçin käwagt kompýuteri öçürip täzeden işletmek onuň işini çaltlaşdyrýar.

GATY DISK

Kompýuterdäki wajyp maglumatlar gaty diske ýerleşdirilýär. Gaty diskde operasion sistema, kinofilmler, aýdymlar we başga-da dürli-dürli maglumatlar saklanylýar. Häzirki wagtda giňden ýaýran maglumat saklaýjy enjam magnitli gaty diskdir. Onuň işleýiş prinsipi – aýlanyp duran plastina maglumatlar ýazylýar we plastinadan birnäçe nanometr aralykda ýerleşýän maglumat okaýjy “kellejik” (головка) bilen maglumat okalýar. Bu tehnologiýanyň kemçilikleri hem az däl: maglumatlar platanyň dürli böleklerine ýazylýar, şonuň üçin kompýuter bir maglumaty gözlemek üçin wagt sarp etmeli; titreme sebäpli kellejik plastinanyň ýüzüne zeper ýetirip biler; ýa-da iş wagtynda disk sesli bolýar we köp ýer tutýar. Has döwrebap maglumat saklaýjy enjam SSD hem bar. Onuň beýleki magnitli maglumat saklaýjydan tapawudy has ygtybarly tehnologiýadan, ýagny mikroshemadan ýasalmagydyr. Elbetde, häzirki döwürde SSD-laryň bahasy magnitli maglumat saklaýjy disklerden gymmat, ýöne geljekde diňe SSD-lar has köp ulanyljaga meňzeýär.

ÝÖRITE KARTALAR

Köplenç kompýuterlerde aýratyn funksiýalary ýerine ýetirýän: audiony ýa-da wideony gaýtadan işleýän kartalar hem bolýandyr. Bu elementler öz ugurlary boýunça prosessordan buýruk alyp, onuň işini aňsatlaşdyrýarlar we has gowy işjeňligi üpjün edýärler. Has ýokary öndürijiligi talap etmeýän býujet kompýuterler ýa-da enjamlar ýörite kartasyz hem bolup biler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: