Misinformasiýa: Bu termini habarlarda we sosial mediýada eşidensiň… ýöne ol aslynda näme; ony nädip saýgarmaly?
“Misinformasiýa” – nädogry ýa-da bulaşdyrýan maglumatlardyr (informasiýa). Misinformasiýa elmydama erbet niýet bilen ýaýradylmaýar, ýöne ol nähili maksat bilen ýaýradylsa-da netije adatça birmeňzeş bolýar: adamlar nädogry, nätakyk, ýoýulan, ýa-da düýbünden ýalan maglumaty çyn diýip kabul edýärler. Misinformasiýa paýlaşdykça möwjeýär. Eger bir adam maglumaty 10 sany dosty bilen paýlaşsa, we olaryň hem her biri özleriniň 10 sany dostlary bilen paýlaşsa, ol birnäçe sekundyň dowamynda eýýäm 100 adama ýetýär.
Örän zyýanly misinformasiýa adamlaryň saglygyna zeper ýetirip biljek nädogry saglyk maglumatlaryndan başlap, adamlary howp astynda goýup biljek ýalňyş syýasy maglumatlary öz içine alyp biler.
Käbir ýagdaýlarda, misinformasiýa propagandanyň bir görnüşi hem bolup, käwagt esasy mediýalara-da geçip biler.
DERŇEWÇI BOL
Islendik täzeligi gözden geçireniňde, esasan hem geň galdyryjy, gahar-gazap dörediji ýa-da hakykata laýyk däl ýaly görünýän bolsa, esasan hem maşgalaň ýa-da dostlaryň bilen paýlaşmakçy bolanyňda aşakdaky tankydy soraglary bermegi endik edin.
- Bu haýsy websaýtdan
- Bu websaýt faktlary ýa-da gybatlary ýaýratmak bilen tanalýarmy?
- Kim ony maliýeleşdirýär?
- Olaryň asyl maksady näme?
- Olar satira websaýtymy?
- Olaryň syýasy ýa-da dini ugry barmy?
- Bu makalanyň hakyky URL salgysy näme? (Ygtybarly saýta meňzedilen, ýöne URL-i üýtgedilen bolmagy ähtimal).
- Kim (we haçan) ýazdy?
- Awtor bu ugurdan bilermenmi? Tejribeleri näme?
- Bu makala websaýtyň “pikirler” bölümindenmi? (“Pikirler” bölüminiň fakt barlamak standarty habarlaryňkydan tapawutly bolýar).
- Sözbaşyda däl-de, makalanyň özünde näme diýilýär?
- Makala awtoryň şahsy tejribesine salgylanýarmy ýa-da ylma?
- Makalada nähili äheň ulanylypdyr? Baha beriji sözlere esaslanýarmy (mysal üçin “gaharlandyryjy”, “manysyz”, “ynanar ýaly däl” ýaly terminler) ýa-da faktlara esaslanýar (meselem, ýer, wagt we degişli sanlar ulanylýar)?
- Eger surat ýa-da wideo bolsa, hakyky däl, bulaşyk görünýärmi? Bu üýtgedilenliginiň alamaty bolup biler.
- Haýsy çeşmelere salgylanýar?
- Eger-de ylmy barlaga salgylanýan bolsa, barlagyň salgysyna geç we ony özüň okap gör. Eger başga habar çeşmelerine salgylansa, ygtybarlydygyna göz ýetir.
- Esasy çeşmeler: goşmaça maglumat ýa-da asyl söhbetdeşligi tapyp bilýärsiňmi? (Sözler kontekstden alnan bolup biler ýa-da aýdylan zatlaryň eýýäm ýalandygy subut edilen bolmagy mümkin).
- Bu pikir başga bir ýerlerde goldanylýarmy? Muny başga kim tassyklaýar?
SAŇA GOLDAW BERJEK GURALLAR
Ýokarda agzalyp geçilen soraglardan daşary, hakykaty gözlemekde kömek edip biljek gurallar hem bar.
- “PolitiFact” we “Snopes” ýazyjylaryň, redaktorlaryň we dürli hünärmenleriň kömegi bilen myş-myşlary hem-de gybatlary barlap, misinformasiýa garşy göreşýär.
- NewsGuard, TrustedNews we Official Media Bias Fact Check Icon goşundy programmalar girýän her bir habar websaýtlaryň bahalaryny, reýtinglerini we hasabatlaryny görkezer. Bu maglumatlary ulanyp, özüň netije çykaryp bilersiň.