Progres.Online

Internetde nädip tankydy pikir etmeli?

Biziň daş-töweregimizdäki ähli zatlar, şol sanda onlaýn gabat gelip biljek zatlar hem bize täsirini ýetirýär. Internetdäki maglumatlar biziň pikirlerimize, duýgularymyza, ynançlarymyza we özümizi alyp barşymyza täsir edip biler.

Olara aşakdakylar girýär:

  • Täzeliklere degişli makalalar;
  • Blog ýazgylar;
  • Ýalaňaç ýa-da jynsy suratlar;
  • Adamlaryň daş-sypaty barada teswirler.

Internetde görýän käbir zatlarymyz bize gowy täsir edip bilýär. Mysal üçin, kimdir biriniň öz biznesini gurmagy barada okap, ondan ylham almak. Emma, bize zyýan berjek kontentler hem az däl. Mysal üçin, görýän wideolarymyz bizi howply hereketleri etmäge iterip biler ýa-da başgalaryň ajaýyp suratlaryny görüp, öz bedenimiz ýa durmuşymyz barada nägilelik duýmagymyz mümkin.

Şonuň üçin hem, internetdäki maglumatlar hakda tankydy pikirlenmek möhümdir. Tankydy garamak okaýan ýa-da görýän zatlaryň hakykata nä derejede laýykdygyny kesgitlemegi we onuň saňa ýetirip biljek täsiri hakda pikirlenmegi öz içine alýar. Şeýle etmek bilen, maglumatlaryň täsirine düşmek isleýändigiňe ýa-da islemeýändigiňe garamazdan, olardan goranyp bolar.

“Feýk (ýalan) habarlar” internetde çalt we aňsat ýaýraýar. Internetde nämäniň dogrudygyny ýa-da ýalňyşdygyny kesgitlemek kyn. Fakt barlaýan saýtlar hakykaty ýalandan tapawutlandyrmaga kömek edip biler.

Onlaýn maglumatlara has tankydy seretmek üçin birnäçe ýönekeý ädim bar.

  1. Baha ber. Adamlar hakyky özleri bolýarlarmy ýa internetde has gowy görünmäge çalyşýarlarmy? Muňa ünsli baha ber.
  2. Barlap gör. Okan ýa-da gören zatlaryňy tassyklamak üçin ozal bilýän we ynanýan başga bir saýtlaryňa ýa-da maglumat çeşmeleriňe göz aýla.
  3. Okap gör. Sözbaşylar ýa-da atlar bulaşdyryp biler. Makalany ýa-da blogy üns bilen doly oka. Okanlaryň hakykata nä derejede ýakyndygy barada pikirlenip gör.
  4. Ynanýan uly ýaşly adamyň bilen gürleşip gör. Olar saňa gören zatlaryň hakykylygy, şeýle-de saňa nähili täsir edip biljekdigi hakynda pikirlenmäge kömek edip biler.

Internetde gabat gelýän adamlara tankydy garamak

Internetde okaýan ýa-da görýän maglumatlaryň ýaly, adamlar hem seniň özüňi alyp barşyňa ýa-da ynançlaryňa täsir edip biler. Internetde gabat gelýän adamlaryň täsirine düşmezden ozal, ilki olaryň kimdigine göz ýetirmeli.

Adamlara internetde özüniň kimdigini gizlemek we başga biri bolan bolmak aňsat. Muny edýän adamlara käwagt “catfish” diýilýär.

Eger sen internetde duşan adamyň kimdigini ýaşyrýandyr öýtseň ýa-da ol seni birahat ediji hereketler etse, bu barada ynanýan adamyň bilen gürleşip ýa-da ýakynyňdaky polisiýa edarasyna habar berip bilersiň.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: