Progres.Online

Google terjimeçi

Google translate – ýagny Google terjimeçi, adyndan belli bolşy ýaly, teksti, dokumentleri we websaýtlary bir dilden başga dile terjime etmek üçin Google kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen köp dilli neýron maşyn terjime guralydyr. Google terjimeçiniň gowy tarapy onuň mugtdugydyr. Ýer ýüzünde millionlarça adam Google terjimeçini gündelik durmuşlarynda, dilden söhbetdeş bolanlarynda, işlerinde, web sahypalardan bir zatlar okanlarynda giňden ulanýarlar.

Google terjimeçi 2006-njy ýylyň aprelinde ulanyşa çykarylyp, sözleri, sözlemleri we websaýtlar ýaly tekstleriň we metbugatyň dürli görnüşlerini terjime edýär. 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 26-syndan bäri Google terjimeçi türkmen diline we türkmen dilinden başga dillere hem terjime edip başlady. Google terjimeçi aşakda görkezilen funksiýalary ýerine ýetirýär:

  • Ýazylan sözüň terjimesi. Ýüzden gowrak dile takyk terjime etmek.
  • Dokumentiň terjimesi. Google terjimeçiniň üsti bilen, setirme-setir terjime etmegiň ýerine, dokumenti şol durşuna ýükläp terjime edip bolýar. (dokument .doc, .docx, .odf, .pdf, .ppt, .pptx, .ps, .rtf, .txt, .xls, .xlsx görnüşinde bolmaly)
  • Tutuş websaýty saýlanan dillere terjime etmek.
  • Gürlenilýän zady bir dilden, başga bir dile terjime etmek.
  • “Terjime etmek üçin bas” funksiýasy bilen bir programmany ulanyp oturan wagtyňyz, ondan çykmazdan terjime etmek.
  • Suratdaky teksti kesgitlemek we gerekli dile terjime etmek.
  • Telefonyň ekranynda elde ýazylan ýa-da wirtual klawiaturada elde ýazylan sözleri terjime etmek.
  • Gepleşikleri şol bir wagtda birnäçe dile terjime etmek.

Häzirki wagtda Google terjimeçi ýer ýüzüniň dürli künjeginde bir-birleri bilen aragatnaşyk saklaýan adamlar üçin şeýle bir möhüm gurala öwrüldi.

Google terjimeçininiň priloženiýesini telefonyňyza ýükläp alyp, ony oflaýn görnüşde hem ulanyp bolýar. Munuň üçin internede bagly wagtyňyz priloženiýäniň içinde ulanjak dilleriňizi ýükläp almaly.

Google terjimeçini brauzerde ulanmak üçin ilki öz brauzeriňizde aşakdaky suratda görkezilişi ýaly “google translate” diýip gözlediň:

Soňra, gözlegiň çykaran netijeleriniň içinde ilkinji Google Translate web sahypasyna giriň:

Soňra Google Translate sahypasynda haýsy dilden haýsysyna terjime etjek bolsaňyz (5) tekst (1), suratdaky ýazgylar (2), dokument (3) ýa-da bir websaýt (4) bolsun, şol ýerde saýlap, peýdalanyp bilersiňiz. Eger bir zatlar ýazmaga derek ony dilden aýtmak isleseňiz mikrofon (6) nyşanjygyna (символ) basyp, aýdan zatlaryňyzy terjime etdirip, diňlejek bolsaňyz ses nyşanjygyna (7) basyp diňläp bilersiňiz.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: