Telefon ýa-da kompýuter bolsun, ol göýä adam ýaly galam bilen ýazýar we pozmak isleýän faýllaryňyzy aýyrýar (mysal üçin, sebede “корзина”). Haçan-da köpräk ýer gerek bolanda, kagyza ýazylan zatlary pozýar we täze zatlary kagyzyň şol bölegine ýene ýazýar.
Şonuň üçin, bir faýly sebede taşlap, soňra sebedi boşadanyňyzda, telefonyňyz ýa-da kompýuteriňiz aslynda şol faýly pozmaýar. Faýlyň ady pozulýar, ýöne içindäkiler galýar. Faýly “pozmak” telefonyňyzda ýa-da kompýuteriňizde pozulan faýlyň ýerine başga bir zat ýazyp boljakdygyny aňladýar. Enjamyňyz başga bir faýly ýadynyň şol böleginde saklaýan bolsa, zerur gurallar arkaly enjamyňyza girip bilýän adam asyl faýly görüp biler.
Howpsuzlyk hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, telefonyňyzyň ýa-da kompýuteriňiziň ýadynyň ulanylmaýan ýerlerini “doly pozmak” (iňlisçe: “wiping”), hüjümçiniň pozulan faýllary okamagynyň öňüni almakda netijeli usul bolup durýar.
Ähli telefonlarda we täze kompýuterlerde uly bir kadadan çykma bar: SSD diýlip atlandyrylýan maglumat saklaýjy enjamlarda maglumaty düýbünden pozup bolmaýar. Ýöne SSD-den pozulan zatlary täzeden dikeltmek çylşyrymlyrak bolar ýaly enjamyňyzy şifrlemek, esasan hem eger siz SSD-ni zyňmak isleýän bolsaňyz zerurdyr. Şeýle-de, diskleri gaýtadan ulanmazdan ozal şifrlemek möhümdir.
Enjamyňyzy galdyran yzlaryňyzdan arassalaň
- Enjamlaryňyzda, gaty disklerde, USB fleşkalarda, kameralaryň SD kartlarynda, telefonlarda ýa-da aýdym pleýerlerinde we islendik başga bir enjamda gizlin maglumatlaryňyzyň galmazlygy üçin, enjamyňyzyň ulanylmaýan ýadyny yzygiderli pozup durar ýaly tertip düzüň.
Android
- Wagtlaýyn we gizlin faýllary pozmak üçin CCleaner Android ulanyň.
Linux
- Wagtlaýyn we gizlin faýllary pozmak üçin BleachBit ulanyň.
Mac
- Wagtlaýyn we gizlin faýllary aýyrmak üçin, Mac üçin CCleaner-de “Custom files and folders” ulanyň.
Windows
- Wagtlaýyn we gizlin faýllary aýyrmak üçin CCleaner-de “Custom files and folders” ulanyň.
- Başgaça, BleachBit ulanyp bilersiňiz. (Gollanma serediň)
Enjamyňyzyň içini doly pozmak
Ähli enjamlar üçin
- Gerek däl programmalaryň ählisini öçüriň.
- Internete birikmäň, Wi-Fi toruny ýa-da interneti kabelinden öçüriň.
- Möhüm faýllaryň şifrlenen ätiýaçlyk nusgasyny dörediň. (“Maglumat ýitirilenden soň nädip dikeldilmeli” gollanmasyna serediň)
- Brauzeriňiziň wagtlaýyn faýllaryny arassalamakdan başlap bilersiňiz.
Telefonlar üçin
- Eger mümkinçiligiňiz bolsa, enjamdan maglumatlary doly pozmazdan ozal, bütin disk şifrlemesiniň açykdygyna göz ýetiriň.
Android üçin
- Ilki bilen enjamyňyzy zawod sazlamalaryna getiriň. Ýöne, şonda-da fleş ýadynda käbir maglumatlaryň yzlary galyp biler. Şonuň üçin fleş ýadynda galan yzlary hemişelik pozmak üçin Extirpater programmasyny ýükläň we ulanyň. Muny seresaplylyk bilen ulanyň, sebäbi ýygy-ýygydan işledip dursaňyz, enjamyňyzyň ýadyny hemişelik zaýalap bilersiňiz.
iOS üçin
- Enjamyňyzdan maglumatlary ygtybarly pozmak üçin şu görkezmeleri ýerine ýetiriň.
Kompýuterler üçin
- Enjam öz-özüni doly pozup bilmeýär. Munuň üçin kompýuteriň daşarky diskinden başlamaly. Munuň bir usuly, gaty diski kompýuterden fiziki taýdan çykaryp alyp, başga bir kompýuteriň kömegi bilen içini pozmak.
- Diski düýpli ýazmak üçin DBAN ulanyp bilersiňiz. Bu biraz wagt alyp biler we DBAN-y arassa USB diskine ýükläp işletmeli bolarsyňyz.
- Gynansakda, SSD-li kompýuterlerde diskiň düýbünden pozulmagyny üpjün etmek has kyn.
- Diski doly arassalanyňyzdan soňra, ilki doly disk şifrlemesini ulanyp, operasion ulgamyňyzy täzeden gurmagy göz öňünde tutuň.
Mac üçin
- Içinde intel-iň çipleri bolan köne Mac-lerde Disk Utility ýa-da Erase Assistant programmalaryny ulanyp, gaty diskiňizi howpsuz pozup bilersiňiz.
- SSD çipli Mac-lerde ilki bilen pozmak isleýän diskiňizi doly şifrläň. Şeýle etseňiz, enjamyňyzyň parolyny bilmeýänler üçin diskiňiziň mazmuny tötänleýin manysyz bir zat ýaly bolup görner.
Windows üçin
- Içini pozmak isleýän diskiňizi Eraser programmasy gurnalan kompýutere birikdiriň.
- Daşarky diskiň içindäki ähli zatlary pozuň.
- Soňra diskiň boş ýerlerini doly pozmak üçin Eraser ulanyň.
Kompýuteriňizi ýa-da telefonyňyzy satanyňyzda, birine bereniňizde ýa-da zyňanyňyzda näme etmeli?
Kompýuteriňizi ýa-da telefonyňyzy satanyňyzda ýa-da zyňanyňyzda şahsy maglumatlaryňyzy goramak gaty möhümdir. Enjamyňyzyň içini doly pozmak boýunça görkezmeleri ýerine ýetiriň. USB diskleri, CD ýa-da DVD-leri, SD kartlary, SIM kartlary we goşmaça enjamlary hem aýyrmagy ýatdan çykarmaň. Köne kompýuteriňizi satýan ýa-da birine berýän bolsaňyz, gaty diski özüňizde alyp galsaňyz gowy bolar. Eger alyp galyp bilmeseňiz, ilki içini doly pozuň. Gaty diski zibile taşlanyňyzda, maglumatlary hiç bir ýagdaýda dikeldip bolmaz ýaly, ony pozmak bilen birlikde diske fiziki taýdan hem zeper ýetirmek maslahat berilýär.