Progres.Online

Eliňdäki telefonyň ömri

Smartfonyňyzda (akylly telefon) nämeleriň bolmagyny isleýärsiňiz? Kristal ýaly dury kamera, uzak wagtlap işleýän batareýa ýa-da köp ýatmy? Telefonlar her täze modeliniň çykmagy bilen has akylly, has çalt we jadyly bolup barýar. Ýöne enjamyň eýesi bolmazdan ozal ýa-da ony zyňanyňyzdan soň smartfonyňyzyň näçe elden geçýändigi hakynda pikirlenip gördüňizmi?

Çig mallar

Reňkli displeýleriň ýa-da sensor ekranyň nähili işleýändigi barada oýlanyp görüpdiňizmi? “Akylly” smarfon 60-dan gowrak gazylyp alynýan elementlerden durýar, ýagny periodik tablisadaky elementleriň 80%-ini öz içine alýar.

Olaryň käbiri mis we sink ýaly adaty metallar bolsa, käbirleri altyn we platin ýaly gymmat bahaly metallardyr. Ýene-de käbirleri bolsa reňkli displeý, mikrofon we ses beriji ýaly komponentleri öndürmekde ulanylýan – disprosium, praseodymium we neodymium ýaly seýrek elementlerden düzülýär.

Smartfonlaryň köpüsiniň düzüminde gazylyp alynýan sebitlerinde zorluga we bidüzgünçilige sebäp bolýan “dawaly materiallar” hem bar.

Baýlyklaryň gazylyp alynmagy köplenç howply iş şertleri, daşky gurşawyň hapalanmagy, tebigy baýlyklaryň tükenmegi we ekologiýa zeper ýetmegi bilen baglanyşyklydyr.

Smartfonlarda, gün panellerinde we awtoulag önümçiliginde ulanylýan käbir elementler gutaryp barýar. Olaryň soňuna çykylanda näme bolarka?

Önümçilik (Manufacturing)

Smartfonlar birnäçe ownuk böleklerden durýar. Bu bölekleriň hersiniň çig maldan peýdaly, ulanarlyk bir zada öwrülmäge goşant goşýan öz çeşmeleri, çäreleri, adamlary we kompaniýalary bar.

Ýeke bir smartfonyň bölekleri 40-dan gowrak ýurtda 200-den gowrak öndürijiden gelip biler.

Kaliforniýada dizaý edilen mikroçip ilki Indoneziýada we Filippinlerde öndürilip, soňra Hytaýdaky zawoda iberilip bilner.

Telefon kompaniýasy ähli üpjün edijilerini düzgünleşdirip bilmeýär, şonuň üçin üpjünçilik zynjyrynyň ösmegi bilen beýleki kompaniýalarda işleýänler köplenç pes aýlyk, şübheli şertnamalar we howply iş şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

2021-nji ýylda Covid-19 pandemiýasy sebäpli we bazardaky islegiň artmagy bilen, bütin dünýäde kompýuter çipleriniň ýetmezçiligi ýüze çykdy, netijede smartfonlaryň önümçiligi haýallady.

Önümçilik (Production)

Smartfonyňyz eliňiziň aýasyna ykjam ýerleşip biler, ýöne bu owadan dizaýnyň içinde bir-birine sazlanyp ýerleşdirilen bölekleriň çylşyrymly tory bar.

Smartfonlaryň köpüsi Hytaýyň iň uly zawodlarynda öndürilýär. Bu mega zawodlarda her gün millionlarça smartfonlar çykýar.

Smartfonyň doly taýynlanmagy – ýalpyldatmak (полировка), burawlamak (сверление), barlamak we gaplamak işlerini hem öz içine almak bilen takmynan 400 ädimden ybarat.

Zawodyň konweýerinde bir işçi, mysal üçin günüň dowamynda takmynan 1000 gezek boltjagazlar üçin deşijekleri taýynlamak ýaly şol bir işi ýerine ýetirýär.

Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlaryň zawod işgärleri az aýlyk alýarlar we uzak wagtlap işleýärler – bu bolsa stres, erbet ýaşaýyş şertleri bilen bilelikde, işgärleri käwagt depressiýa we hatda öz janlaryna kast etmeklerine hem getirýär.

Dükanlara ýetmek üçin gaplanan telefonlar ýük awtoulaglary we uçarlar bilen dünýäniň esasy paýlaýyş merkezlerine äkidilýär. Netijede, parnik gazlarynyň zyňylmagyna, nebitiň we himikatlaryň dökülmegine we rahatsyzlyk döredýän sesleriň artmagyna goşant goşýar.

Telefonyňyzyň näme üçin haýal işleýändigi ýa-da birnäçe ýyldan soň täzelenmeleri ýüklemeýändigi barada pikir edip gördüňizmi? Smartfonlar uzak wagt ulanmak üçin ýasalmaýar we olary abatlamak hem kyn.

Zyňmak

Bize indi zerur däl bolan smartfonlar nirä gidýär? Her ýyl smartfonlardan takmynan 5 million tonna elektron galyndy emele gelýär – bu bolsa 500 Eýfel minaratyna deňdir.

Iş güýji arzan we gaýtadan işleýän infrastrukturasy ösmedik Hytaý, Nigeriýa, Hindistan, Wýetnam we Päkistan ýaly ýurtlarda elektron galyndylaryň köpüsiniň ömri tamamlanýar.

Telefonlardan gymmat bahaly metallar käwagt howply ýa-da bikanun alnyp galynýar, ýöne telefon galyndylarynyň köp bölegi ýakylýar we howa zäherli himiki maddalar düşýär.

Çig mallary gazyp almakdan tä telefony gaýtadan işlemeklige çenli prosesiň özi müňlerçe kilometri, ýüzlerçe iş sagadyny we ençeme göze görünmeýän täsirleri öz içine alýar. Siziň pikiriňizçe geljekde elektronikany nähili dizaýn etmeli, öndürmeli, paýlamaly we gaýtadan işlemeli?

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: