Progres.Online

Eger internetdäki saglyk maslahatlar nädogry bolsa?

Saglyk baradaky ýalňyş onlaýn maglumatlardan goran.

Internetde ýaýran saglyga degişli nädogry maglumatlar, peýdasyz maslahatlardan başlap tä howply talaplara çenli barýar. Şeýle nädogry maslahatlar aslynda çyndan kömek etmek isleýän, ýöne paýlaşýan zatlaryna dogry düşünmeýän adamlardan ýa-da seniň gorkyňdan ýa-da göwnüçökgünligiňden peýdalanyp pul gazanjak bolýan adamlardan gelip biler. Eger maslahat nädogry bolup çyksa, onuň täsiri nä derejede erbet bolup biler?

Häzirki wagtda internetde öňküden has köp, garyşyk habarlara duş gelýänsiň. Meşhur adamlardan we syýasatçylardan başlap, dost-ýarlaryňa we maşgalaňa çenli sagdyn bolmak we koronawirus ýaly kesellerden gaça durmak barada maslahat berýändirler.

NÄ DEREJEDE ERBET BOLUP BILER?

Internetde ýalan maglumatlaryň dürli derejeleri bolýar:

Pes zyýanly – bular seni bulaşdyryp biljek, ýöne saglygyňa zyýan ýetirip ýa-da kesele uçradyp bilmejek maglumatlardyr. Bu satirany ýa-da parodiýany, şeýle-de özüňi duýşuňa zyýan bermeýän maslahatlary öz içine alýar.

Orta zyýanly – sende stres ýa-da gorky duýgularyny döredip, puluňy sowdurjak ýa-da hat-da keselledip biljek nädogry saglyk maglumatlarydyr. Muňa hileler, degişmeler ýa-da ýalňyş maslahatlar we önümler degişli.

Ýokary zyýanly – beýle saglyk malumatlary uzak möhletli, ýaramaz we dikeldip bolmajak fiziki ýa-da psihologik zeperlere sezewar edip (mysal üçin, galp dermanlar ýa-da zäherleýji maslahatlar) ýa-da ylmy jemgyýete ynamsyzlyk döredip biler.

Saglyga degişli misinformasiýa näçe köp tankydy garasaň, şonça-da haçan maglumatlara üns bermän geçmelidigini ýa-da haçan has jogapkärli hereket etmelidigini bilmekde ökdelärsiň (mysal üçin, misinformasiýany degişli edaralara şikaýat etmek ýa-da ýakynlaryňa ol barada duýdurmak).

FILTRLEMÄ DEGIŞLI MESELE

Belli bir tema degişli makala, posta, ýa-da wideo basanyňdan soňra şo tema degişli zatlara köp duş gelip başlarsyň. Bu hemişe dogry maslahatlary görkezýän alamat däl. Bu diňe seniň ozal basan zatlaryňa meňzeş kontentiň görkezilmesidir. “YouTube” ozal gören zatlaryňa esaslanýan kontenti maslahat berýän platformanyň iň aýdyň mysalydyr.

MASLAHAT BERILÝÄN KONTENTE GOWY ÜNS BER

Platformanyň saňa belli bir posty ýa-da wideony maslahat bermegi ol kontentiň dogrudygyny ýa ygtybarlydygyny aňlatmaýar. Instagram, Twitter, YouTube we Netflix ýaly platformalaryň hödürleme algoritmi seni düýbi görünmeýän çukura düşürip biler. Şeýle-de, haçanda postlar, suratlar we wideolar ençeme ulanyjylaryň ünsüni özüne çekende, olar saňa hem awtomatiki ýagdaýda has köp hödürlenip başlanýar.

“Instagram” we “Twitter” ýaly kanallaryň käbiri bir post ýa-da bir hasap seni gyzyklandyrmasa ýa-da göwnüňe degiji bolsa, pikiriňi ýollamaga mümkinçilik berýär.

Hüşgär bol

Eger saňa hödürlenýän kontent seni özüne çekýän bolsa ýa-da ýaramaýan bolsa, ony çäklendirip bilersiň:

  • Awto-pleýi we awto-bildirişleri öçür;
  • Saglyk maglumatlaryny belli we ynamly çeşmelerden al;
  • Brauzeriňe “uBlock Origin“ ýaly mahabat bloklaýjy gurna;
  • Programmany telefonyň baş ekranyndan aýyr;
  • Arasynda özüňe dynç bermek üçin programmany pozup dur.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: