Progres.Online

Doomscrolling näme?

“Doomscrolling” (kämahal “doomsurfing” hem diýilýär) köplenç internet saýtlarynda ýa-da sosial mediýada bimaza ediji, gynandyryjy habarlary ýa-da wideolary görmekdir. Bu ulanyjylara ýaraýjak temada maglumat görkezmek üçin algoritmleri ulanýan Facebook we YouTube ýaly platformalarda köp duş gelýär.

Doomscrolling COVID-19 pandemiýasy döwründe giňden ýaýrady. Oksford Iňlis diliniň sözlügi hatda bu termini 2020-nji ýylda täze çykan sözleriň biri hökmünde yglan etdi. Karantin wagtynda öýde oturan we pandemiýa sebäpli biynjalyk bolýan adamlar üçin sanly enjamlarda täzelikleri görmek we okamak adaty zada öwrülipdi.

Doomscrollingiň döremegine näme sebäp bolýar?

Köp zatdan habarly raýat bolmak, köplenç uruş, jenaýat, syýasy korrupsiýa we howanyň üýtgemegi ýaly, biynjalyk edýän täzelikleri okamagy hem öz içine alýar. Şeýdip, köp kişi erbet habarlaryň duzagyna düşýär. Ol duzaga düşen adam dünýäni hakykatdan has howply we gorkunç ýaly görüp biler. Doomscrolling endigi islendik adamda döräp biler, ýöne käbir faktorlar onuň döremegine güýçli itergi berýärler:

Negatiw garaýyş

Adamlar öz duýgularyna gabat gelýän habarlary gözleýärler. Bagtlykaň şadyýan we gamgyn wagtyň gynançly aýdym-saz diňleýşiň ýaly, mediýada nähili maglumat okaýanyňa hem keýpiň we emosiýalaryň täsir edýär. Bu bolsa manysyz we ýaramaz endige öwrülip, garaňky pikirlere gaplap bilýär.

Gaýgy, depressiýa we beýleki psihiki meseleler    

Negatiw düşünje depressiýa bilen göreşýän adamlara has ýaramaz täsir edip biler. Gaýgy-gamdan ejir çekýän adamlar oňa garşy göreşmek üçin käwagt doomscrolling edýärler. Gaýgylaryny bir tema hakynda hemme zady bilip ýeňjek bolýarlar. Ýöne, bu köplenç tersine, aladany diňe güýçlendirýär.

Näbellilik

Häzirki wagtda internetde ähli maglumat elýeter we adamlar islendik soraga jogap tapyp bilýärler. Näbellilik bilen ýüzbe-ýüz bolýanlar hem köplenç jogaby internetden gözleýärler. Käte jogap ýok bolup hem bilýär – ýa-da diňe gorky döredip biljek çaklamalar öňüňden çykýar.

Erksizlik we ýaramaz endikler

Her bir adamyň diýen ýaly iň bolmanda bir ýaramaz endigi bardyr. Ýaramaz endigi bolsa aýyrmak örän kyn. Adamda doomscrolling endigi döräninden soňra, beýni yzygiderli şony talap edýär we adam bu endigini azaltjak bolsa, beýni doomscrollinge  tarap beter ymtylýar.

Doomscrollingiň saglyga täsiri

Ýakymsyz habarlary irginsiz görüp ýörmek akyl we beden saglygyna hem ýaramaz täsir edýär. Netijede, aşakdaky alamatlar döräp ýa-da beterleşip biler:

  • gaýgy-alada;
  • depressiýa;
  • stres;
  • gorky;
  • çetleşme;
  • gahar-gazap;
  • göwne getirme;
  • umytsyzlyk.

Nädip öňüni almaly?

  • Teswirleri okamaň. Teswirler käwagt öwrediji ýa-da gülkünç zatlary öz içine alsada, okyjylar özlerini bimaza edýän, gaharlandyrýan ýa-da gynandyrýan zatlary görýärler.
  • Kognitiw özüňi alyp baryş terapiýasyny (когнитивно-поведенческая терапия) barlap görüň. Tejribeli psihoterapewt adama endiklerine düşünmäge we alamatlara garşy göreşmegiň sagdyn, öndürijilikli usullaryny ösdürmäge kömek edip biler.
  • Sosial mediýany ulanmagy çäklendiriň. Elektron enjamlaryňyzda sosial mediýany 5-10 minutdan soňra ýapmagy duýdurýan ýatladyjylary goýmagy göz öňünde tutuň.
  • Ýaramaz duýgulary döredýän habarlardan we metbugatlardan ýüz öwüriň.
  • Dykgatly boluň. Her gezek internetde ýakymsyz zatlary göreniňizde onuň duýgularyňyza nähili täsir edýändigine üns beriň we onuň deregine başga näme edip biljegiňizi öz-özüňizden soraň.
  • Telefonyňyzy we kompýuteriňizi ýatmazdan azyndan iki sagat öň öçüriň.
  • Gowy duýgulary döredýän we dürli meseleleri çözýän habarlary gözläň. Facebook we beýleki sosial mediýa platformalarynda ygtybarly algoritmler bar. Eger olary dogry sazlap bilseňiz, doomscrollingiň öňüni almakda täsirli bir gural bolup biler. Ulanyjy yzygiderli pozitiw zatlary görse, onuň lentasynda diňe has köp pozitiw zatlar çykar – we tersine, negatiw zatlary görse, algoritmler lentasyny has köp negatiw maglumatlardan doldurar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: