Progres.Online

Çagaň suratyny internetde paýlaşmalymy?

Türkmençilikde çagalar gözüň guwanjy, nesil dowamaty hökmünde eý görülýär. Olar durmuşa täzeçe many we öwüşgin goşýarlar. Ýeri çagaňa bolan şeýle gaýnap joşýan duýgularyňy neneň bütin dünýä bilen paýlaşmajak? Esasanam, dünýä barmaklaryň ujundaka. Ýa şatlykdan ýa guwançdan, ýa başgalaryň täsirinden ýa döwre görä aýak basmakdan – ene-atalar dürli sebäplere görä çagalarynyň, hatda heniz dogulmadyk çagalarynyň hem suratlaryny internetde post edýärler. Eziz we eýjejik, gülkünç ýa başarjaň çagajyklaryň suratlarynyňdyr wideolarynyň üstünden ýagýan laýklardyr teswirler bolsa ene-atany çagalaryny sanly äleme çykarmagy dowam etdirmäge has-da höweslendirýär. Bu göräýmäge gowy niýet bilen edilýän şärenting (iňlisçe: sharenting – internetde çagaňa degişli ynjyk maglumatlary/kontentleri paýlaşmak) endiginiň töwekgelçilikleri barada welin bilýän ene-ata az bolsa gerek:

  • Surata eýeçiligiňi ýitirmek: Suraty sosial mediýa platformasyna ýükläniňden soňra ol seniň eýeçiligiňden çykýar. Platforma ony laýyk gördügiçe ulanmaga hukukly bolýar.
  •  Şahsyýet ogurlygy: Çagaň şahsy maglumatlaryny internetde aýan etmek onuň şahsyýetiniň ogurlanmagyna eltip biler. Ogurlanan maglumatlar hem ýene ogurlyk ýa başga jenaýat işlerini etmek üçin ulanylyp, çagaň gelejegine uly zyýan berer.
  • Islenilmedik üns çekmek: Sen çagaň ýaryşda ýeňenine begenip, guwanjyňy paýlaşmak üçin onuň suratyny post edýän hem bolsaň, ol surat niýeti-päli beýle bir gowy bolmadyk adamlaryň hem ünsüni çekip biler.
  • Ýalňyş görelde görkezmek: Eger sen çagaň durmuşynyň her bir pursatyny sosial mediýada paýlaşýan bolsaň, soňra çagaň ulalanda özi barada aşa köp maglumat paýlaşyp, laýklaň guly bolup biler.

Töwekgelçiliklerine garamazdan, çagaň suratyny onlaýn paýlaşmagyň ene-ata üçin ýakymly taraplary hem bar. Bu başga ene-atalar bilen gatnaşyk gurmaga we saklamaga, maslahat soramaga ýa-da ene-atalyk syýahatynda özüňi ýalňyz duýmazlyga kömek edip bilýär. Şeýle-de bolsa, edil çagalarymyzy köpçülige çykaranymyzda gözden-dilden we dürli howp-hatarlardan goramak isleýşimiz ýaly, olaryň sanly älemdäki howpsuzlygy we goraglylygy hem ene-ata üçin möhüm bolmalydyr. Şonuň üçin, olaryň suratlaryny internetde paýlaşmazdan öňürti, olaň duýgularyny, munuň çaganyň gelejegine ýetirjek täsirini we çaganyň şahsy gizlinligini berk göz öňünde tutmalydyr.

  • Ilki bilen rugsat: Çagalaryň suratyny ýa-da şahsy maglumatyny post etmek isläniňde, hemişe ilki bu barada olar bilen gürleş we olaryň rugsadyny sora. Olaryň kararlaryna hormat goý – bu olara internet ulanmagyň edep kadalary barada gowy görelde bolar.
  • Gizlin paýlaşmak: Çaganyň suratlaryny köpçülige açyk hasaplaryňda paýlaşmaga derek, diňe ýakynlaryň bilen paýlaşmagy göz öňünde tut. Meselem, diňa ýakynlaryň we tanaýanlaryň bolan şahsy Instagram sahypaňda ýa-da Whatsapp-da agzalary diňe maşgalaňdaky adamlardan düzülen topar çatynda (Групповой чат) paýlaşmak.
  • Ýedi ölçäp, bir kes: Çagaň barada post goýmakçy bolaňda munuň saňa ähmiýeti, çaga ýetirjek howplary we häzirki wagtda zerurlygy barada oýlan. Bu hereketiň çagaňa öwretmek isleýän gymmatlyklaryň bilen gabat gelýärmi? Eger belli bir pursaty paýlaşmakda ikirjiňleýän bolsaň, ony post etme.

Salgylanma

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: