Progres.Online

Botmy ýa-da bot däl?

Internetde hakyky däl hereketleri nädip saýgarmaly?

Durmuşy ýeňilleşdiriji zatlar (laýfhak), täzelikler we ylhamlandyryjy çeşmeler bolsun, seniň kabul edýän ähli onlaýn maglumatlaryň deň däldir. Sagdyn ýörelgeler, çagaňa ideg etmek ýa-da indiki saýlawda kime ses bermek ýaly maslahatlar üçin beýleki adamlara bil baglaýan bolmagyň mümkin… Şeýle ynjyk temalarda kime ynanmalydygyny nädip bilip bilersiň?

Internetde seniň ünsüňi çekmegiň köpler üçin gowy girdejili iş bolmagy ahmal. Goýýan laýklaryň, görmeleriň ýa-da paýlaşmalaryň kontenti paýlaşana pul ýa-da meşhurlyk getirip biler.

Käbir adam öz kontentiniň meşhurlygyny ýokarlandyrmak üçin her zat eder, hatda yzarlaýjylary, laýklary, paýlaşmalary we mahabatlary satyn hem alar.

Şeýle-de, sosial mediýada görýän hasaplaryň ählisi hakyky adamlar däldirler. Olaryň käbiri awtomatlaşdyrylan kompýuter programmalary, beýlekileri bolsa meşhurlyk gazanmak üçin her zat diýjek adamlar bolup biler.

Botlar bilen baglanyşykly mesele

Bot – bu inženerler we programmistler tarapyndan düzülen programma bolup, käbir amallary adamlardan has netijeli ýerine ýetirip ýa-da adamyňka meňzeş hereketleri edip bilýär, meselem, sosial mediýalarda “laýk” düwmesini basmak. Botlar awtomatlaşdyrylandyr, ýagny adam olary sazlaýar we olarda ýüze çykýan meseleleri düzedýär, galan wagt bot öz başyna işleýär. Käbir botlar peýdalydyr (mysal üçin, gözläp tapan zatlaryňy tertipläp ýa-da aýdymlarda paýyş sözleri belläp berýär). Käbirleri bolsa, tersine zyýanly bolup biler (mysal üçin, müňlerçe gezek çap etmek bilen, ýalňyş we howply pikirleri öňe sürüp). Şeýle-de, käbir botlar botdugyny aýan etse, käbirleri ýörite adamlara meňzedilip düzülen we bularyň zyýan berme mümkinçiligi uludyr.

Boty tanajak bol!

Botlar sanly ulgamda has köp duş gelýäni üçin, olary nädip tanamalydygyny bilmek möhümdir:

  • Botlar has köp habar post edýärler.
  • Botuň goýan kontenti şübheli bolýar.
  • Bot ozal şübheli kontent paýlaşan bolup bilýär.
  • Bot belli wagtlarda kontent paýlaşýar.

Bu alamatlaryň islendigi tötänlik hem bolup biler, şonuň üçin hasaby bot diýip çaklamazdan ozal, birnäçe başga alamatlara hem üns bermeli.

Meşhurlyk ynamdarlygyň alamaty däl

Sosial mediýada millionlarça yzarlaýjysy bolan we bir önüm ýa-da durmuş ýörelgesini mahabatlandyrýan hasaby ygtybarly çeşme saýyp bilersiň. Ýöne bu hasabyň meşhurlygynyň satyn alnan bolmagy mümkin we botlar onuň postlaryny wirus ýaly ýaýradandyr.

Eger heşteg (#) köp adam tarapyndan paýlaşylýan bolsa, bu meşhur pikir bolmaly, şeýlemi? Hökman beýle däl… Botlar hem munuň hemişe beýle däldigini görkezýär. Ýekeje bir bot beýle bir zeper hem ýetirmez, ýöne birnäçe botlaryň ulgamy – Botnet, öňünden düzülen programmasyna görä (meselem, gaýtadan heştegläp dursa) habaryň ýaýraýşyny edil tokaýda oduň tutaşyşy ýaly edip biler. Şonuň üçin hem, meşhur bolan heştegler köpçüligiň pikirini aňlatman biler.

Botnetler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde

2020-nji ýylyň maýynda Karnegi Mellon uniwersiteti Twitterde koronawirus pandemiýasy barada goýlan postlaryň ýarym millionynyň akkauntlarynyň botdugynyň üstüni açdy!

Islendik maglumat, hereket, habar ilki bada şübheli görünse täzeden barlanmalydyr. Eger ýene bir ýeri şübheli görünse, onda aladalanyp bilersiň. Eger birnäçe ýeri şübheli görünse, onda bu bot bolup biler.

Botlardan pul gazanýan adamlar hem bar.

Teswirler üçin baýraklar

Onlaýn görýän zatlaryň hemişe botlardan däl-de, eýsem “klik-ferma” atly başga bir çeşmeden bolup biler.

Klik-ferma mahabatlara basmak, belli bir wagta çenli web sahypada oturmak, laýk goýmak we ş.m. ýaly belli işleri ýerine ýetirmek üçin hakyna tutulýan adamlardyr.

Has köp üns, has köp pula deň. Bir makala, wideo ýa-da surata näçe köp üns berilse, ondan şonça-da köp pul gazanylyp bilner. Mundan başga-da, kontentiň gözleg netijeleriniň ýokarsyna çykmagyna sebäp bolup, köp adamy görmek üçin basmaga höweslendirip biler.

Özüne çekiji höweslendirişler. Ýokary girdejili netijeler adamlary we kompaniýalary klik-fermalaryň hyzmatyny satyn almaga höweslendirýär.

Aňsat tapylmaýar. Botlardan tapawutlylykda, klik-fermalar hemişe belli bir ulanyjy hasaby bilen baglanyşykly däl (mysal üçin, mahabata basmak ýa-da sahypalara aýlanmak) we analitika gurallaryna olary tanamak has kyn.

Netije: Klik-fermalaryň botlara garanyňda “Instagram” we “Twitter” ýaly saýtlar tarapyndan petiklenmegi ýa-da gadagan edilmek ähtimallygy pes.

Hakyky bol… we şübheli gara

Indiki gezek internetde geň galdyryjy, gaharlandyryjy ýa-da hakykat bolardan aşa gowy maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, ýadyňa sal:

  • Hemme maglumatlar we çeşmeler hakyky däl. Botlar hakyky adamlar ýaly görünmek üçin döredilip bilner. Emma önümi mahabatlandyrmak ýa-da teswir ýazmak üçin hakyky adamlara-da pul tölenip bilner.
  • Platformalar bu zatlary kesgitlemekde we öňüni almakda has gowulaşdygyça, botlar we höweslendirilen hasaplar hem has ökdeleşýärler. Netijede, olary tapmak has hem çylşyrymlaşýar.
  • Maglumaty nireden gözleýändigiňe ünsli gara. Käbir kontente köp ünsüň berilmegi onuň hakykydygyny aňlatmaýar.
  • Barlanylan we tassyklanan maglumatlary gözle.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: