Ýalan URL adreslerinden ägä boluň.
Web adres (URL hem diýilýär) internetde çeşmäniň nirededigini görkezýär. Şeýle-de, nämä üns bermelidigini bilseňiz, web adresiň howpsuzlygy we hakykylygy barada maglumatlary tapyp bilersiňiz.
Web adresleriň uzyn, çylşyrymly we gelşiksiz bolup bilýändigi sebäpli olar köplenç gizlenilýär. Netijede, haýsy adrese geçip gidýändigiňi bilmek kynlaşýar.
Ýalan web adresleri tanamaga çalyşyň
Websaýtlaryň adresleri örän uzyn we çylşyrymly ýa-da kiçi tekstli we tapawutlandyrmasy kyn bolup biler. Ýöne ssylka gören badyňyza basjak bolmaňda, ilki bilen web adrese gowy göz aýlaň.
Göçürme URL – bu sizi aldamak üçin asyl nusgasyna meňzeýän web sahypadyr. Göçürme URL adresler aldawçylar tarapyndan köplenç siziň parolyňyzy ýa-da şahsy we gizlin maglumatlaryňyzy almak üçin ulanylýar. Ýöne göçürme web adresi tanamak aňsat, çünki olarda hakyky web adrese meňzär ýaly harplar ýa-da harplara derek sanlar ulanylýar. Bu alamatlary saýgarmak üçin diňe gözleriňizi öwrenişdirmek ýeterlikdir.
Şu iki web adresi deňeşdiriň:
- Hakyky URL: https://www.example.comm
- Göçürme URL: https://www.rnybank.com
Göçürilen web adresde “m” harpynyň ýerine “r” bilen “n” harpynyň ýan-ýana goýlandygyny görüp bildiňizmi?
Köp ulanylýan ýalan web adresleriň käbirlerine seredip göreliň:
- www.google.com – bu mysalda “o” harpynyň ýerine “0” (nol) sany ulanylypdyr.
- www.example.com – soňky birnäçe harplary hakykysyndan tapawutly.
Umuman, islendik şübheli web adreslere basmazdan ozal, hakyky websaýty göni brauzeriňizden gözläň.
tinyurl.com/1njs1bkb – bu URL gysgaldyjy hakyky ssylkany gizlemek üçin ulanylýar. Websaýtyň doly adresini görmek üçin URLEX ulanyp bilersiňiz.
Bilýärdiňizmi? Hilegärler uzyn web adresleri döredip, sizi hakyky websaýta girýän ýaly edip, aldap bilýärler. Mysal üçin:
https://www.example.comm. secureloginportal. randomID8383.finance
Iň soňky nokadyň öňündäki we soňundaky ýazylan tekste serediň. Bu ýalan web adrese bassaňyz https://www.example.comm web adresine geçip gitjek ýaly, ýöne aslynda randomID8383.finance web adresine geçip gider.
Şeýle ýalan web adreslerden nädip gaça durmaly?
- Basmaň-da özüňiz ýazyň! Esasanam, bank ýaly has gizlin hyzmatlar boýunça e-poçta ýa-da mahabat bilen gelen ssylkalara hiç haçan basmaň. Onuň deregine URL-i brauzeriňize özüňiz ýazyň.
- Web brauzeriňizde ýygy-ýygydan girýän websaýtlaryňyz üçin bellikler papkasyny dörediň we şol websaýtlara girmek üçin diňe belliker papkasyndaky ssylkalary ulanyň.
Ilki bada web adresiň göçürmedigini aňşyryp bolmasa, ony smartfonyňyzda note (depderçe) ýaly programma göçürip alyňda, ynamlymy ýa-da şübheli şoňa seredip görüň. Kompýuter ulalanyňyzda, ssylkanyň üstüne syçanjygyňyzy getiriň – şeýdip, ssylka basmazdan, ekranyň aşaky çep burçunda ssylkany görüp bilersiňiz.
Yzarlaýjylar hakynda
Trekerler (yzarlaýjylar) websaýta girýänleriň syýahatyny yzarlamak üçin websaýta goşulan guraldyr. Trekerleriň edýän işleri:
- Websaýta näçe adamyň girendigini anyklamak;
- Belli bir girýänler tarapyndan websaýta näçe gezek girilendigi ýazyp almak;
- Websaýta girýänleriň haýsy sahypalary görendiklerini barlamak.
Trekerler dürli-dürli maglumatlary ýygnaýan kompaniýalara degişlidir. Trekerler mümkin bolan ähli maglumatlary ýygnaýarlar:
- Siziň adyňyzy;
- Siziň ýerleşýän ýeriňizi (ýaşaýan we işleýän ýerleriňizi, kimiň ýanyna baranyňyzy);
- Siziň hereketleriňizi (onlaýn görýän zatlaryňyzy, ýükleýän suratlaryňyzy, ýazýan teswirleriňizi, halaýan we paýlaşýan postlaryňyzy);
- … we ýene-de birnäçe zatlary.
Siz hakynda toplanan maglumatlar size gözegçilik etmek ýa-da täsir etmek ýaly dürli maksatlar üçin ulanylyp bilner. Gizlin trekerleri e-poçtada ýa-da WhatsApp-da alnan ssylkalary seljereniňizde ýa-da Twitter we Facebook ýaly sosial ulgamlarda ssylka gabat geleniňizde görmek bolýar.
Mysal üçin, BBC makalasynyň bir sylkasyny alalyň we Twitter we Facebook arkaly paýlaşylanda asyl web adrese näme bolýandygyny göreliň:
Asyl URL: https://www.bbc.com/news/uk-55176614
Twitter URL (gysgasy):
Asyl URL düýbünden üýtgedi we asyl URL-e degişli hiç zat görünmeýär. Sebäbi asyl URL Twitter-iň gysgaldyjysyndan we ‘t.co’ trekerinden geçýär.
Twitter URL (uzyny):
URL-iň uzyn görnüşi asyl web adres bilen başlap, yzýany “?” sorag belgisi gelýär. Twitter trekeri bolsa, şol sorag belgi bilen ondan soňky ähli teksti öz içinde alýar. Paýlaşmazdan öň sorag belgini we ondan soňky gelýän ähli zatlary pozuň.
Trekerler bilen baglanyşykly ýene bir mesele hem, olar hatda websaýty ýa-da penjiräni ýapanyňyzdan soň hem siziň hereketleriňizi yzarlamagy we islegleriňizi ýazyp almagy dowam eder.
Basýan URL-iňizdäki trekerleri awtomatik ýagdaýda aýyrmak üçin Firefox üçin Neat URL ýa-da Chrome üçin ClearURLs ýaly brauzer giňeltmesini (расширение) ýükläp alyň. Siz aýry web brauzerleri hem ulanyp bilersiňiz (mysal üçin Tor brauzeri), esasan hem onlaýn bank hasabyňyza gireniňizde.
Birnäçe ýönekeý ädimleri ýerine ýetirmek bilen, sanly ulgamda öz howpsuzlygyňyzy ýokarlandyryp bilersiňiz. Ssylkalara basmazdan ozal seresap bolmaga kömek etmek üçin, makalany dostlaryňyz, maşgalaňyz ýa-da kärdeşleriňiz bilen paýlaşyň.