Progres.Online

Android enjamyňyzy nädip goramaly – 2-nji bölüm

Enjamlaryňyzda aýratyn ulanyjy hasaplaryny dörediň

Enjamyňyzda birnäçe ulanyjylar hasabyny (учетный запись пользователей) dörediň. Olaryň biriniň “admin”, galanlarynyň bolsa “standart” ygtyýarlygy bolsun. Admin hasabyna diňe siziň özüňiz girip bilmelisiňiz. Standart ulanyjy hasabynyň enjamyňyzdaky her bir programma, faýla ýa-da sazlama girip bilmegi hökman däl. Gündelik işiňiz üçin standart ulanyjy hasabyndan peýdalanyp, diňe programma üpjünçiligini gurmak ýaly, enjamyň howpsuzlygyna täsir edip biläýjek üýtgeşmeler girizmeli bolanyňyzda “admin” hasabyna geçip bilersiňiz. Şeýle-de, gündelik durmuşyňyzda standart hasaby ulanmak bilen, enjamyňyza zyýanly programma üpjünçiliginiň salyp biljek howplaryny çäklendirersiňiz.

Enjamyňyza birikdirilen Gmail hasaplaryny goraň

  • Enjamyňyz bilen baglanyşykly her Gmail hasabyna giriň.
  • Hasabyňyzyň ulanýan enjamlarynyň sanawyny görüň.
  • Içinde tanamaýan, ozal zyňan ýa-da gözegçilik etmeýän enjamlaryňyz ýaly, şübheli bir zady görseňiz, skrinşot edip alyň.

Enjamyňyzyň ekranynyň ýüzi öçer we bloklanar ýaly ediň

Ulanyp bolanyňyzdan soňra, ekranyň ýüzi bloklanar ýaly edip goýuň. Ýüzüni açmak üçin gysga parol ýa-da PIN däl-de, uzyn parol (azyndan 10 simwol) ulanyň.

Mümkin bolsa, enjamyzyň gulpuny açmak üçin barmak yzyňyzy, ýüzüňizi, gözüňizi ýa-da sesiňizi ulanmaň, sebäbi size garşy güýç ulanylyp, enjamyňyzy gulpdan açyp bilerler. Eger barmak yzlaryňyzy we ýüzüňizi eýýäm girizen bolsaňyz, olary aýryň.

Nokatlary birikdirýän görnüşdäki gulpy çaklamak aňsat, şonuň üçin muny ulanmak maslahat berilmeýär. “Paroly görünmek” aýratynlygy hem öçüriň. Parollara degişli sazlamalar dürli enjamlarda dürli ýerlerde bolup biler, ýöne şonda-da siz olary Ekranda, Ulgamda ýa-da Howpsuzlykda tapyp bilersiňiz. Şeýle-de, enjamyňyzyň ekrany gulplanan wagty, görünýän zatlary gözegçilikde saklamagy unutmaň.

Ses dolandyryjyny öçüriň

Google Assistant we/ýa-da ses dolandyryjyny öçüriň. Dürli Android enjamlarda olar tapawutly ýerlerde bolup biler, ýöne Sazlamalar => Google ýaly ýerden gözläp bilersiňiz. Eger siz üçin “Alexa” ýa-da “Siri” ýaly, akylly gürleýjileri ulanmagyň peýdalary töwekgelçiliklerinden has köp bolsa, ony howpsuz ulanmak üçin käbir ädimler:

Ulanmaýan birikmeleriňizi öçürüň

  • Enjamlaryňyzy gijesine doly öçüriň.
  • Ulanmaýan wagtyňyz Wi-Fi, Bluetooth ýa-da tor paýlaşmasyny öçürmegi endik ediniň.
  • “Uçarda” tertibi enjamyňyzdaky aragatnaşyklary öçürmegiň çalt usuly bolup biler. Enjamyňyz “uçarda” tertibinde bolanda, diňe zerur hyzmatlardan peýdalanmak üçin nädip diňe Wi-Fi-y we Bluetooth-y açmalydygyny öwreniň.
  • Ulanylmaýan wagty “Personal Hotspot” toruny öçüriň.
  • “Uçarda” tertibi açyň hem-de Wi-Fi-y we Bluetooth-y öçüriň.
  • Görkezmeler Android telefonlarynyň arasynda üýtgäp biler, ýöne şu görkezmeleri ýa-da bu görkezmeleri synap görüň.
  • Wi-Fi toryňyzyň awtomatiki ýagdaýda açyk ulgamalara birikmesini öçüriň.
  • “Personal Hotspot” torunyň üsti bilen, enjamyňyzyň başga biri bilen internet paýlaşmaýandygyna göz ýetiriň.

Ozal ýatda saklanan Wi-Fi birikmelerini öçürüň

  • Torlaryňyzyň atlaryny we parollaryny enjamyňyzdaky torlaryň sanawynda däl-de, parol dolandyryjysynda saklaň.
  • Her tor üçin bu görkezmeleri ulanyp, wi-fi sanawyny yzygiderli pozmagy endik edininiň.

Android-i Google hasapsyz ulanmak

Google her ädimiňizi yzarlaýar diýip alada edýän bolsaňyz, şu ädimleri ulanyp, google hasabyňyzy enjamyňyzdan aýryp bilersiňiz. Has gowusy, telefonyňyzy ilkinji gezek gurnanyňyzda “ulgama giriş” düwmesine basman geçip bilersiňiz. Şeýle edilse telefonyňyz hiç bir Google hasabyna bagly bolmaýar. Ýerleşýän ýeriňiz, gözlegleriňiz, gurnan programmalaryňyz we ş.m. maglumatlar Google profiliňize goşulmaz.

Enjamyňyzda Google hasaplary ýok bolsa, Google Play Market-den programmalary ýükläp bilmersiňiz we F-Droid hem-de Aurora Store ýaly alternatiw programma dükanlaryny ulanmaly bolarsyňyz.

F-Droid onlaýn programmalar dükany diňe mugt we açyk çeşme (FOSS) programmalaryny hödürleýär. Ony gurmak üçin F-Droid APK-ny ýükläp almaly we enjamyňyzda näbelli çeşmelerden gurnamaga wagtlaýyn rugsat bermeli. F-Droid gurnanyňyzdan soňra wagtlaýyn rugsady öçüriň!

Aurora Store-da, Google Play Store-daky programmalary tapyp bolýar. Aurora Store-yň özüni bolsa F-Droid-yň içinden ýükläp alyp bilersiňiz.

F-Droid we Aurora Store açyp, täzelenmeleri barlap, gurnalan programmalary yzygiderli täzeläp duruň. Awtomatiki ýagdaýda täzelenmeleriň ýüklenmeginiň işlemezligi mümkin we wagtyň geçmegi bilen, köne we howpsuz däl programmalary ulanyp biljekdigiňizi unutmaň.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: