Howpsuzlyk, maglumatyňyzy goramak – bular enjamyňyzy sazlamakdan başlaýar. Android enjamyňyzy has howpsuz saklamak üçin aşakda görkezilen sanawdaky ädimleri ýerine ýetirip bilersiňiz. Android enjamlary öndürijilerine görä biri-birinden tapawutlanýar. Şonuň üçin, gerek bolan sazlamalary tapmak üçin biraz gözlemeli bolmagyňyz mümkin.
Enjamyňyzyň operasion ulgamynyň (OU) iň soňky wersiýasyny ulanyň
- Enjamyňyzyň programma üpjünçiligini täzeläniňizde, internet kafelerde ýa-da şoňa meňzeş jemgyýetçilik ýerlerinde däl-de, öý ýa-da ofis ýaly internet birikmesi howpsuz bolan ýerlerde täzeläň.
- Eger OU-nyň soňky wersiýasy enjamyňyzda işlemese, howpsuzlygyňyzy üpjün etmek üçin täze enjam satyn almagy göz öňünde tutup bilersiňiz.
- Programma üpjünçiliginiň täzelenmesini ýükläp alanyňyzdan soňra, onuň doly gurnalandygyna göz ýetirmek üçin enjamyňyzy öçürip täzeden işlediň.
- Enjamyňyzda gurnalan wersiýa bilen deňeşdiriň.
- OU özbaşdak täzelenme ýükläp durar ýaly ediň.
- Enjamyňyzyň “howpsuzlygy düzediş derejesine” üns beriň. Sebäbi telefon öndürijiler bu gowşaklyklary düzetmekde käwagt bir aýdan bir ýyla çenli gijä galyp bilýärler.
Programmalary ygtybarly çeşmelerden alyň
Enjamyňyzyň “rooting” sazlamalaryny ellemekden gaça duruň. Programmalaryňyzy “Google Play Store” ýaly onlaýn dükanlardan ýükläp alyp ulansaňyz enjamyňyzy gorarsyňyz. Şeýle-de, programmalaryň näbelli çeşmelerden gurnalmagyny gadagan ediň.
Gereksiz we ulanmaýan programmalaryňyzy aýryň
Telefonyňyzda öndüriji tarapyndan ýüklenen käbir pozup bolmaýan programmalar hem bardyr. Ýöne aşaky görkezmeler boýunça, programmalary pozmaga synanyşyp ýa-da asla işlemez ýaly edip bolýandygyny görüp bilersiňiz. Sosial mediýalara bolsa, programmalaryň üsti bilen däl-de, gönüden-göni brauzeriňiziň (Firefox) üsti bilen giriň.
Gurnan programmalaryňyzy pozmak üçin:
- Google Play Store programmasyny açyň.
- Ýokarda sag tarapda profil nyşanyna basyň.
- Управление приложениями и устройством diýen ýerine basyň.
- Soňra Управление diýen ýerine basyň.
- Gerek däl programmyňyzy saýlap pozup göýberiň.
Programmalaryň rugsat düzgünlerini barlaň
Aşakda görkezilen rugsatlary diňe ulanýan programmalaryňyzyň ulanyp biljekdigine göz ýetirmek üçin ähli rugsatlary bir-birden gözden geçiriň. Ulanmaýan programmalaryňyzda aşakda görkezilen rugsatlary öçüriň we tanamaýan programmalaryňyz tarapyndan ulanylsa şübheleniň:
- Ýerleşýän ýeriňiz (местоположение);
- Kontaktlar;
- SMS;
- Mikrofon;
- Ses ýa-da gürleýşi tanama;
- Kamera (web kamera);
- Ekranyň ýüzüni ýazyp (wideo) alma;
- Jaňlaryňyzyň taryhy;
- Telefonyň ýady;
- Senenama (kalendar);
- E-poçta;
- Suratlar;
- Kino ýa-da wideo we olaryň çeşmeleri;
- Barmak yzyny okaýjy;
- Bluetooth;
- Faýllara, papkalara ýa-da ulgama degişli islendik sazlamalar;
- Ýüzüňi tanama;
- Telefonyň özbaşyna programmalary ýüklemegi.
Ýerleşýän ýeriňizi anyklaýan funksiýany öçüriň we taryhyny doly pozuň
Tutuş enjamyňyzda ýa-da aýratyn programmalarda olary ulanmaýan wagtyňyz ýerleşýän ýeriňizi anyklaýan funksiýany öçürmegi endik ediniň. Ulanyp bolanyňyzdan soňra, ýerleşýän ýerleriňiziň taryhyny yzygiderli barlap we pozup durmaly. Ýerleşýän ýeriňizi görkezýän sazlamalar dürli Android enjamlarda dürli ýerlerde bolup biler, emma siz olary Sazlamalar, Gizlinlik ýa-da Howpsuzlyk ýaly ýerlerde, şeýle hem, Google hasabyňyzyň sazlamalarynda tapyp bilersiňiz. Ozalky ýerleşen ýerleriňiziň taryhyny pozmak we olaryň Google Kartada hem-de enjamyňyzyň ýadynda saklanmazlygy üçin şu görkezmeleri we bu görkezmeleri ýerine ýetiriň.