Progres.Online

ÝHHG-nyň Merkezi Aziýada iş gerimini giňeltme mümkinçiligi

Ýakynda, OSCE NetworkÝHHG we Merkezi Aziýa – Owganystandaky krizis we Ukrainadaky uruş kontekstinde iş alyp barma mümkinçilikleri” atly hasabaty çap etdi. Hasabatda soňky wakalar, şol sanda 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystanyň hökümetiniň ýykylmagy, Günbatar güýçleriniň yza çekilmegi, Talibanyň häkimiýete gelmegi we Russiýanyň Ukraina çozmagy beýan edilýär.

Bu wakalar ÝHHG we Merkezi Aziýa üçin iki sany esasy kynçylyk döretdi:

  • Nädip häzirki krizisden baş alyp çykmaly we sebite durnuksyzlygyň ýaýramagynyň öňüni almaly?
  • Talyban bilen nähili aragatnaşyk saklamaly?

Şeýle hem, Russiýanyň Merkezi Aziýadaky täsiriniň azalmagy, Hytaýyň şol boşlugy doldurmak islemezligi we sebitdäki durnuklylygy dolandyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelmegi ÝHHG-nyň sebitde giňişleýin iş alyp barmagyna mümkinçilik döredýär. Hasabatyň Merkezi Aziýa bilen baglanyşyklydygy zerarly biz awtorlaryň ÝHHG-a berýän esasy pikirlerini we maslahatlaryny jemledik.

Türkmenistan

Türkmenistan Owganystan bilen iň uzyn serhedi bolan ikinji ýurt bolup, pes türgenleşdirilen, ýaramaz enjamlaşdyrylan serhet goragçylary we gowşak serhet infrastrukturasy sebäpli Merkezi Aziýada iň ejiz döwletdir. Ýurt Taliban güýçleri bilen birnäçe serhet çaknyşyklaryna we neşe gaçakçylygy bilen bagly meselelere sezewar boldy. Hasabatda söhbetdeşleriň biri şeýle nygtaýar: “Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk döwletlerinden biri. Soňky 20 ýylda bu ýurda girip bilmedik”. Awtorlar esasanam ikinji çeşmelere bil baglap, Türkmenistan barada çäkli maglumatlary almak başardypdyr. Emma, awtorlar Talibanyň häkimýete geçmegi Türkmenistan üçin pes töwekgelçiliklidigini belleýärler.

1990-njy ýyllardan bäri, Türkmenistanyň hökümeti Taliban bilen gatnaşyk saklamak arkaly töwekgelçiligi dolandyrýar. 2021-nji ýylyň awgustynda Taliban häkimiýet başyna geçeni bäri, Türkmenistan Taliban bilen durnuklylygy, ykdysady bähbitleri we potensial özara gatnaşyk taslamalaryna ünsi jemläp, ikitaraplaýyn gepleşikleri öňe sürýär. Şeýle hem, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Ýurt gurmanyň agzasy, hyzmatdaşy, hatda synçysy däldigine garamazdan 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ŞHG-nyň sammitlerine gatnaşdy. Mundan başga-da, Taliban häkimiýeti ele geçirenden soň, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berýän esasy ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň ileri tutýan taslamalaryň biri TAPI-dir. Bu gaz geçiriji türkmen gazyny Owganystana, Päkistana we Hindistana eksport etmek arkaly ýurduň Hytaýa aşa garaşlylygyny azaldar. Beýleki aragatnaşyk taslamalaryna Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasy we ýurtlaryň arasyndaky täze demir ýol geçelgesi degişli. Owganystanyň durnuklylygyndan başga-da, bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýeterlik maliýeleşdirmelere bagly bolup, bu geçmişde hem esasy mesele bolupdy. 2021-nji ýylyň oktýabrynda, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky Abu Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde Türkmen maýa goýum kompaniýasyny döretdiler. Kompaniýa TAPI-niň bir bölegini maliýeleşdirmegi mümkin.

Maslahatlar:

Hasabatyň awtorlary ÝHHG-nyň Merkezi Aziýa we potensial sebit hyzmatdaşlary, şeýle hem Owganystan bilen aragatnaşyk saklamak üçin dürli usullary maslahat berýärler.

Hasabatyň Merkezi Aziýa üçin esasy maslahatlary:

  • Owganystandaky we Ukrainadaky ýagdaýlaryň sebit we ýurt boýunça ýetirýän täsirine baha bermek zerur;
  • Merkezi Aziýa hökümetleriniň arasynda gepleşikleri geçirmäge, şol sanda sebitiň suw baýlyklaryny bilelikde dolandyrmaga ýardam etmek;
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetine goşulmagyny goldamak;
  • Serhet howpsuzlygyny we dolandyryşyny goldamak;
  • Döwlet işgärleriniň, howpsuzlyk gullugynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek we türme dolandyryşynyň adam hukuklary meselelerini çözmek;
  • Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim almagy üçin owgan talyplaryna talyp haklaryny we wiza bermegi dowam etdirmek.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: