Progres.Online

Merkezi Aziýada durnuksyz ýyladyş ulgamyndan geçiş

Bütindünýä Banky tarapyndan taýýarlanan “Ýewropa we Merkezi Aziýa durnukly ýyladyş ulgamyna geçiş ýolunda” atly täze hasabatynda, Türkmenistan bilen birlikde Ýewropa we Merkezi Aziýa (ÝMA) sebitindäki 23 sany ösýän ýurtlaryň ýyladyş ulgamyna degişli derňew netijeleri berildi. Hasabat sebitdäki ýyladyş ulgamynyň gurluşynyň häzirki ýagdaýyny gözden geçirýär we durnukly ýyladyşa geçmegiň ähmiýetini nygtaýar.

Hasabat “durnukly ýyladyş ulgamy” arzan, ygtybarly, peýdaly, az zyňyndyly we uglerodsyzlyk maksatnamalaryna laýyk ýyladyş hökmünde kesgitleýär. Durnukly ýyladyşa geçiş uglerodsyzlyk tagallalarynyň esasy bölegi bolup durýar we bu meseleleri sebitdäki hökümetler we syýasatçylar çözmelidir. Türkmenistanda binalaryň durkyny täzelemäge we ýyladyş ulgamyny çalşyrmaga jemi 21,4$ milliarddan 24,7$ milliarda çenli maýa goýumy zerurdyr. Uly maýa goýumlaryň zerurlygyna garamazdan, togtamak we çäre görmezlik hem maliýe taýdan hemde daşky gurşaw we energiýa howpsuzlygy taýdan has zyýanly netijelere sebäp bolup biler.

Merkezi Aziýada ýylylyk üňjünçiligi ulgamynyň häzirki ýagdaýy

Sebitiň ýyladyş ulgamy gazylyp alynýan ýangyçlara, hapalaýjy biomassalara we kömür ýakýan peçlere güýçli baglylygy sebäpli juda durnuksyz ýagdaýdadyr. Sebitdäki ýyladyş talaplarynyň 95% golaýy tebigy gaz, kömür we biomassa bilen kanagatlandyrylýar. Şeýle-de bolsa ýurtlaryň arasyndaky ýangyç görnüşleriniň tapawudy möhüm bolup, Merkezi Aziýada kömür we tebigy gaz esasy ýyladyş ýangyjydyr. Türkmenistan hem sebitdäki beýleki käbir ýurtlar bilen birlikde dolulygyna diýen ýaly tebigy gaza baglydyr.

Sebitdäki binalaryň günbatar Ýewropadaky binalar bilen deňeşdirende m2 başyna 2-3 esse köp energiýa sarp edýändigi hasaplandy. Sebitde bir jaýy ýylatmak üçin ortaça 180 kWh/m2 energiýa harjaýar. Şeýle hem sebitdäki birnäçe ýurt barada bahalandyrmalar elýeterli bolup, Türkmenistan hakynda hiç hili statistiki maglumatlar we habarlar ýokdur.

Hasabatda 23 ýurtdan 22-si barada ýaşaýyş jaýlary, söwda we jemgyýetçilik binalarynyň paýlary ýaly gurluşyk desgasy bilen birlikde hojalyk jaýlary we köp gatly ýaşajyş jaýlary barada jikme-jik maglumatlar görkezilýär. Merkezi Aziýa sebiti 1990-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli diňe 3% ösüp (45% -den 48% çenli) haýal şäherleşýän (urbanizasiýa) hökmünde häsiýetlendirildi. Emma Türkmenistan boýunça döwlet derejesinde hiç hili maglumat ýok. Sebitdäki gurluşyk desgalarynyň örän tygşytsyzdygy, binalaryň ideginiň ýaramazdygy we köpüsiniň 40 ýyldan has könedigi hasabatda görkezilýär.

Köne, tygşytsyz we durnuksyz ýyladyş ulgamy bilen baglanşykly meseleler

Pes energiýa önümçiliginden başga-da, ÝMA sebitindäki birnäçe ýurt gazylyp alynýan ýangyç importyna baglydyr we garyp hojalyklar elektrik energiýasy üçin gelýän ýokary bolan töleglerden kösenýärler. Hasabatda sebitiň ilatynyň ~34% ortaça aýlyk çykdaýjylarynyň 10% köprägini elektrik energiýa hasaplaryny töleýändigini görkezýär, bu bolsa energiýa ýetmezçiliginiň soňky derejesi hökmünde kabul edilýär. Sebitiň 18 ýurdy hakynda maglumatlar elýeterli bolsa-da Türkmenistan barada hiç hili sanlar ýok.

Üstesine-de sebitdäki ilatyň saglygyna ýokary bolan howa hapalanmasy güýçli täsir edýär. Bahalandyrmalara görä sebitdäki howa gurşawunyň hapalanmagy ýylda ortaça 302 müň ölüme we $305 milliard çykdaýja sebäp bolýar. Ýokary zyňyndyly ýangyçlar we tygşytsyz enjamlar bilen özbaşdak ýyladyjylar netijesinde ownuk gaty bölejikleriň zyňyndysynyň 50% golaýy emele gelýär.

Dürli özbaşdak ýyladyjy tehnologiýalaryň bahalary

Hasabatda iň tygşytly ýyladyş ýangyjyny we tehnologiýasyny kesgitlemek üçin her bir ýerde anyk ykdysady derňew geçirmegiň we soňra hökümetleriň bu tehnologiýalary goldamak üçin syýasatlary we maksatnamalary durmuşa geçirmeginiň ähmiýeti nygtalýar. Gyrgysyztandaky köp gatly ýaşaýyş jaýlary üçin elektrik gyzdyryjylaryň arzan boljagy, Özbegistanda bolsa kondensator gazly gazanlaryň has tygşytly bolup biljekdigi hasabatda anyklanandyr. Gyrgyzystandaky hojalyk jaýlary üçin iň arzan bahaly ýyladyş elektrik gyzdyryjylaryň we howa çalşyjy ýyladyjy nasoslaryň, Özbegistanda kondensator gazly gazanlaryň has tygşytlydygy ýüze çykaryldy. Türkmenistanyň nyrh derňewi geçirilmedi.

Gelejekde Türkmenistana goýulmaly maýa goýumlar

Hasabata görä Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitine durnukly ýyladyşa geçmek üçin trillionlarça ABŞ dollarynda maýa goýumy zerurdyr. Derňewde 2050-nji ýyla çenli her ýyl laýyk gurluşyk desgalarynda we ýyladyş ulgamynda 3.5% abatlaýyş işleriniň geçiriljegi çaklandy. Netijede sebitdäki gurluşyk desgalarynyň 95% abatlanmagy niýetlenilýär. Bina abatlaýyş işlerine daşarky diwarlaryň, gapy we penjireleriň täzelenmegi, üçek we potoloklaryň ýyladylmagy degişlidir. Bu çäreler binalaryň energiýa harçlamagyny peseltmäge gönükdirlendir. Köne ýyladyş gurluşlarynyň (adaty tebigy gaz, nebit we kömür ýaly gazylyp alynýan çeşmelere esaslanýan) ýyladyjy nasoslara we ekologik taýdan arassa odunly gazanlary has peýdaly we az hapalaýan döwrebap tehnologiýalara çalşyrmak arkaly energiýa üpjinçiligi kämilleşdirilýär.

Türkmenistana anyk zerur bolan maýa goýumlary aýratyn bellendi:

Meselem, käbir abatlaýyş işleri bilen birlikde, ýöne ýyladyş pudagy çäkli çalşyrylan ýagdaýynda, diňe Türkmenistanda binalaryň durkuny täzelemäge 12 milliarddan köp ABŞ dollary we ýyladyş gurluşlaryny çalşyrmak üçin 9.4 milliarda golaý ABŞ dollary zerurdyr. Has gymmat ýokary energiýa öndürýän ýyladyş gurluşynyň kämilleşdirilmegi, ýagdaýlara laýyklykda bu nyrhlar 20 milliard ABŞ dollary we 4.7 milliard ABŞ dollary hökmünde artar. Beýan edilen umumy bahalar, ýyladyş gurluşlaryny kämilleşdirmegiň netijesinde ýangyç tygşytlylygyny, CO2 zyňyndysynyň peselmegi we howanyň hapalanmagynyň azlmagy sebäpli gazanylan saglyga peýdalaryny öz içine alýar.

Hasabatda esasy netijeler:

  1. ÝMA-yň häzirki ýyladyş gurluşy, pudagy durnukly däldir.
  2. Sebitdäki ençeme ýurtlaryň durnukly ýyladyş gurluşyna geçişi kämilleşdirmek we goldamak üçin meýilnamalary we kada-kanunlary ýokdyr.
  3. Gazylyp alynýan ýangyçlary, beýleki elektrik we merkezleşdirilen ýylylyk üňjünçiligini döwürleýin ulanyşdan aýyrmak bilen birlikde energiýa bahalaryny özgertmek örän wajypdyr.
  4. Ýyladyş talabyny 2050-nji ýyla çenli azaltmak üçin energiýa önümçiligini ýokarlandyrmak zerurdyr.
  5. Merkezleşdirilen ýylylyk üňjünçiligini ykdysady taýdan amatly bolan ýerlerde saklanmaly, emma geçmiş görkezijileri pes bolan ýerlerde döwürleýin ulanyşdan aýyrmaly.
  6. Her sebite görä iň arzan ýyladyjy görnüşleri kesgitlenmeli we hökümet tarapyndan hemaýat edilmeli.
  7. Gyzdyryjy enjamlar üçin tehniki standartlary ýokarlandyrmaly.
  8. Bazar päsgelçilikleriniň hötdesinden gelmek we geçişi goldamak üçin hökümet serişdelerini ugrukdyrma maksatnamalary işlenip düzülmeli.

Netijede, kömüriň gitdigiçe amatsyzdygy we ony kem-kemden ýyladyş ulgamyndan aýyrmalydygy hasabatda nygtalýar. Has az zyňyndyly tehnologiýalaryň gymmatlygy zerarly tebigy gaz esasy ornuny saklar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: