Progres.Online

Dykgat: Türkmenistanda çekirtgeleriň çozuşyna garşy işler we maksatlar

BMG-niň ýöriteleşdirilen gullygy Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) 2023-nji ýylyň iýun aýynda “Kawkazda we Merkezi Aziýada çekirtge” atly resmi maglumatyny çap etdi. Onda Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň dürli ýerlerinde 2023-nji ýylyň maý aýy boýunça çekirtgeleriň çozuşy barada gysgaça habar berilýär. Maglumatlara görä sebitde üç görnüşli çekirtge bar: morokko çekirtgesi (DMA), italiýa çekirtgesi (CIT) we göçýan çekirtge (LMI). Hasabatda olaryň ýumurtgalamagy, liçinkasy (gurçuklamagy) we dürli ýurtlarda olara garşy göreşmegiň usullary hakynda täzelenen maglumatlary berýär. Merkezi Aziýadaky çekirtge baradaky maglumatlar hemişe her ýyl mart/aprel aýlaryndan başlap awgusta çenli aýba-aý çap edilýär.

Maýyň başynda Owganystanda we Täjigistanda ýagdaýlar kritiki bolup, “howply” hökmünde synyplandyryldy. 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanda ýagdaý morokko çekirtgesi (DMA) bolany üçin “seresaplylyk” hökmünde synplandyryldy. Türkmenistanda 2023-nji ýylda çekirtge çozuşyna garşy zyýansyzlaşdyrma başlany bäri bu meýdan 39 090 gektara ýetip, maý aýynda 13 891 gektary öz içinde aldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirende 40% (23,747 gektar) köpdür.

Maýda Türkmenistanyň dürli ýerlerinde 73 600 gektar meýdanda çekirtge liçinkalarynyň barlagy geçirildi. Umuman çekirtgeleriň çozuşy we ýaýramagy geçen ýyl bilen deňeşdirende ýokarydyr. Zyýansyzlaşdyrmada iki görnüşli pürgüç ulanyldy: düzüminde alfa-sipermetrin we lambda-sigalotrin insektisidli (zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmegiň himiki serişdeleri) pürkgüçler awtoulaglara we traktorlara gurnaldy. Türkmenistanda DMA çekirtgeleriň jübütleşmesi we ýumurtgalamasy iýun aýynda boljagy, şeýlelikde zyýansyzlaşdyrmanyň tamamlanjagy çaklanylýar. 2023-nji ýylyň 15-18 maýynda FAO-nyň GIS (geografiki maglumat ulgamy) hünärmeni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda we Aşgabat şäherinde işini alyp bardy. Ondan başga-da 2023-nji ýylyň iýunynda FAO Türkmenistanda çekirtge çozuşyna garşy göreşmek üçin instruktorlara tälim bermegi meýilleşdirýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: