Progres.Online

Hünärment türkmenistanly zenanlarynyň işleriniň sergisi

USAID, Smithsonian institudy we ABŞ-yň Söwda Ministrliginiň Söwda Hukugyny ösdürme programmasy “Merkezi Aziýaly hünärment zenanlaryň katalogyny” döretmek üçin bilelikde işlediler. Kitapçanyň maksady Merkezi Aziýaly zenanlaryň çeper hünärlerini dünýä görkezmek we söwda mümkinçiliklerini giňeltmekdir. Bu çap edilen işde hünärment zenanlaryň öz senetleri bilen diňe gazanç etmän eýsem ýerli, milli we sebitiň taryhyny we medeni mirasyny goraýandyklary hem bellenýär.

Türkmenistandan dürli el işleri öndürýän 11 sany hünärment zenanlara ýer berilýär. Türkmenistanly bu zenan ussatlaryň atlary, gysga beýany we Instagram hasaplary aşakda görkezilendir.

  1. Şeker Akynyýazowa türkmen nagyşlaryna ýöriteleşdirlen el keşdeligeýim, öý bezegleri, şaý-sepleri, surat we halylary taýýarlaýan Art Keşde studiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Olaryň Instagram hasaplary: @artstudio_keshde we @designbysheker.
  2. Kümiş Baýmyradowa saçaklar, stol örtgüleri, salfetkalar we özbaşdak stol örtgülerini öndürýän professional bezegçidir (dizaýner). Ol ýerli önüm bolan türkmen pagtasyndan matalary we elde dokalan ýüpek ketenisini ulanýar. Onuň Instagram hasaby: @kekene_store.
  3. Irina Dorofeýewa monjyk işinde ussat özi öwrenen senetçidir. Ol şaý sepleri we uly milli kolýeleri elde monjyklardan düzip döredýär. Onuň Instagram hasaby: @diy_jewelry_by_dia.
  4. Akmaral Garaýewa milli türkmen egin-eşikli, elde nagyşlanan kiçijik milli bezegli we aksessuarly gol zähmeti gurjaklary ýasaýar. Onuň Instagram hasaby: @dolls.akmaral.
  5. Şasenem Garlyýewa Unique Camel Wool (ajaýyp düýe ýüňi) iş ýerinde düýe ýüňi, ýüpek we pagta ýaly ýerli süýümlerden elde dokma önümlerini öndürýär. Onuň Instagram hasaby: @unique_camelwool.
  6. Jeren Gurbanowa milli nagyşlardan ylham alan diwar sagatlary we witraj penjireler, potoloklar, tagçalar we gapylar üçin ýörüte taslamalary döredýän witraj surat bezeme bilen işleýän professional bezegçidir. Onuň Instagram hasaby: @turkmen_ar1.
  7. Täjigül Gurbanowa “Design Plus” toparyna ýolbaşçylyk edýän senetçidir. Olar alaja we el keşde ulanyp öý bezegleri, şaý-sepleri we aksessuarlary öndürmek üçin türkmen keçe basma sungatynda ussatlaşandyr. Şeýle-de Täjigül gadymy türkmen tahýa we eşikleriniň suratyny çekýär.
  8. Oguljennet we Maýa Kemjaýewalar türkmen keşde däplerinden ylham alyp şaý-sep, sumka, saç aksessuarlary we beýleki ajaýyp bezegleri öndürýän ejeli-gyz toparydyr. Olaryň Instagram hasaby: @bagtlyja_bezegler.
  9. Leýli Haýdowa keteni ýaly ýerli matalardan don, erkek köýnek, egin-eşik we aýakgap önümlerini döredýär. Leýla çig mal we taýýarlama işinde ekologiýa taýdan arassa galyndysyz usuldan peýdalanýar. Onuň Facebook hasaby: Leýli Haýdowa.
  10. Anna Saparowa 2016-njy ýylda studiýasyny açdy we milli nyşanlary we reňkleri görkezýän 50-den köp dürli sumka we aksessuar taýýarlady. Onuň önümleri milli nagyşlardan, keteniden we gyýkyndydan bolup, elde öndürilýär. Olaryň Instagram hasaby: @saparovanna.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: