Siziň pikiriňizçe siz hakynda näçeräk sanly maglumat bar? Facebook we Google ýaly sanly hyzmatlary, telefonyňyz we kompýuteriňiz ýaly enjamlary ulananyňyzda siziň şahsyýetiňiz, sosial torlaryňyz we endikleriňiz barada nähili sanly maglumatlar döredilýär? Munuň siziň kimdigiňiz, onlaýn we oflaýn durmuşyňyz bilen nähili baglanyşygy bar? Eger kimdir biri sizi derňemek islese, siz hakynda bar bolan sanly maglumatlardan nämeleri bilip biler?
Siz hakynda ähli sanly maglumatlary – siziň ‘sanly yzlaryňyz’ diýip hasaplasak hem bolýar. Ýagny, olar sizi we siziň işleriňizi takyk suratlandyrýar. ‘Sanly yzlar’ düşünjesi siziň internetde ýörite döredýän we görýän maglumatlaryňyzy (meselem, köpçülige açyk görnüşde paýlaşýan suratlaryňyz ýa-da ýazgylaryňyz) – ýagny kontentleri öz içine alýar.
Şeýle-de ‘sanly yzlara’ köplenç kontentleriňiz barada döredilen, emma görünmeýän maglumatlar hem degişli bolup, olara adatça ‘metadata’ diýilýär. Bu yzlar elmydama diýen ýaly siziň habaryňyz ýa-da razylygyňyz bolmazdan passiw ýagdaýda döredilýär. Mysal üçin, websaýtlary görmek endikleriňizi öwrenmek, özüňizi alyp barşyňyzy yzarlamak we mahabat arkaly önüm satmaga synanyşmak üçin, siziň IP adresiňiz girýän websaýtlaryňyzyň arasynda paýlaşylýar. SMS-leriňiz, sosial mediýada özüňiz barada goýýan täzelikleriňiz we suratlaryňyz ýaly, döredýän kontentleriňiz bilen birlikde, her gezek e-poçta ibereniňizde ýa-da internete gireniňizde, sanly dünýäde siz barada trillionlarça metadata döredilýär we saklanylýar.
Bu ‘sanly yzlar’ siziň adyňyzy, ýerleşýän ýeriňizi, kontaktlaryňyzy, suratlaryňyzy, habarlaryňyzy, twitleriňizi şeýle-de kompýuteriňiziň markasyny, jaňlaryňyzyň dowamlylygyny we girýän websaýtlaryňyz baradaky maglumatlary hem öz içine alyp biler.
Sanly yz terminini ulananymyzda biz maglumatlaryň üç görnüşi hakynda gürrüň ederis: kontent, metadata we manysyz maglumatlar (шум).
- Kontent – bu siziň işjeň döredýän maglumatlaryňyz: e-poçtaňyz, SMS-leriňiz, bloglaryňyz, twitleriňiz, telefon jaňlaryňyz, onlaýn söwdalaryňyz, suratlaryňyz we wideolaryňyz.
- Metadata bolsa, siziň maglumatlaryňyz baradaky maglumat bolup, maglumatlaryňyzy nädip we haçan döredendigiňizi, nirede saklandygyňyzy ýa-da nirä iberendigiňizi, ýüklemek üçin haçan we nirede internete birigendigiňizi öz içine alýar. Metadatalaryň köpüsi sanly ulgamlaryň esasy infrastrukturasynyň dogry işlemegi üçin, şol sanda internet we telefon torlary üçin hem zerur maglumatlar bolup durýar.
- Manysyz maglumatlar köplenç bozulan maglumatlaryň sinonimi hökmünde ulanylýar. Şeýle-de bolsa, ol manysy maşynlar tarapyndan dogry düşünilip we düşündirilip bilinmeýän islendik maglumatlary öz içine alýar.
Biziň ‘sanly yzlarymyzy’ kim ýygnap biler?
Bir suratyň, bir habaryň ýa-da bir jaňyň nä derejede möhüm bolup biljekdigi hakynda pikir edip görüpmidiňiz?! Maglumatlaryň aşa köpdügi sebäpli olar bilen hiç kim gyzyklanmaýar diýen umumy düşünje bar. Şeýle-de bolsa, dürli sebäplere görä adamlaryň maglumatlary bilen gyzyklanýanlar bar we maglumatlary seljermekde gazanylan üstünlikler has köp maglumat bilen işlemäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýalar önümlerini we hyzmatlaryny satmak üçin siziň özüňizi alyp barşyňyz we endikleriňiz barada maglumat ýygnaýarlar. Şeýle hem, olar ýygnaýan maglumatlaryny we geçirýän derňewlerini girdeji üçin beýleki kompaniýalara we hatda hökümetlere hem satýarlar. Hökümetler hem, bu maglumatlary jemgyýeti dolandyrmakda (meselem, azlyk toparlary nyşana almak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we onlaýn işjeňlige senzura girizmek ýa-da ýurdy onlaýn dünýäden “çetleşdirmek”) ulanmak isleýärler.
Kimdigiňize we näme bilen meşgul bolýandygyňyza baglylykda, haýsy maglumatlaryňyzyň ýa-da ‘sanly yzlaryňyzyň’ siz üçin has ähmiýetlidigi we olary kimiň alyp biljekdigi barada dürli aladalar ýüze çykyp biler. Dünýäde maglumat ýygnamagy netijeli düzgünleşdirýän ýa-da taryhda şeýle derejede maglumat ýygnalýan döwri biziň gizlinligimizi goraýan kanunlar gaty az. Ýöne, sanly yzlaryňyzyň döredilmegini we ele alynmagyny azaltmagyň birnäçe usullary bar:
- Diňe şu günümiz däl, eýsem geljegimiz üçin hem, gizlinligimizi goraýan kanunlaryň we kadalaryň çykarylmagyny öňe sürmek.
- Korporasiýalar we hökümetler üçin amatly bolan bu “göze görünmeýän” meseleden habarly bolmak we bu hakynda başgalara aýtmagyň ýollaryny tapmak.
- Her gezek internet äleminde bir iş etmezden öňürti (meselem, janly wideo düşürmek ýa post ýazmak we surat goýmak) özümizden “bu çyndanam meň üçin möhümmi?” diýip soramak.
- Şeýle-de, sanly yzlarymyza eýe çykmak, maglumatlarymyzy ýygnap we ulanyp bilýänleriň mümkinçiliklerini çäklendirmek hem-de dostlarymyza, tanyşlarymyza we maşgala agzalarymyza bu zatlaryň nähili bolup geçýändigini düşündirmek bilen garşylyk görkezip bileris.