Progres.Online

Näme üçin web sahypalar açylmaýar?

Türkmenistanda ýaşaýan internet ulanyjysy bolsaňyz “Bu web sahypasy näme üçin açylmaýarka?” diýen soragy köplenç özüňize sorag berýän bolmagyňyz mümkin. Bu babatda näme edip bolarka? Biziň her birimiz manyly we peýdaly bir zat edip bileris. Siziň bilen OONI Probe barada maglumat paýlaşmak isleýäris.

OONI probe näme?

OONI Probe – mugt we açyk çeşmeli programma bolup, programma arkaly internet senzurasyny we internete girmeňizde döreýän päsgelçilikleri yzarlap bilersiňiz. Bu girdeji gazanmaýan taslamany 2012-nji ýyldan bäri Tor päsgelçiliklerine açyk gözegçilik topary (OONI) işläp düzdi.

OONI Probe programmasy telefonlar we şahsy kompýuterler üçin elýeterlidir. Onuň kömegi bilen internet birikmäňizi barlap bilersiňiz:

  • Web sahypasy petiklenen bolsa;
  • Messenjerler (WhatsApp, Facebook Messenger, Telegram, Signal) petiklenen bolsa;
  • Petiklenmäni böwüsýän gurallar (Tor, Tor Snowflake, Psiphon) netijeli işlemeýän bolsa;
  • Toruňyzda senzuranyň we/ýa-da yzarlamanyň sebäpkäri bolup biljek howplara garşy tehniki serişdeler (middleboxes) bar bolsa;
  • Internet birikmesiniň tizligi, hili we wideo görkeziş akymynyň (streaming/стриминг) hilini barlamak üçin;
  • OONI Probe-y işe girizen badyňyza, test netijeleriňiz awtomatiki usulda OONI serwerlerine iberilýär, derňelýär we dessine, açyk görnüşde köpçülige aýan edilýär (eger programma sazlamasynda test netijelerini paýlaşmagy ret etmedik bolsaňyz).

OONI taslamasy nämä peýdaly?

OONI taslamasynyň topary her adamyň maglumatlara deň we açyk elýeterliligine eýe bolmalydygyna ynanýar. Şol sebäpli, topar Interneti döretmegi we goramagy maksat edinýär. Esasanam, adam hukuklaryny, söz azatlygyny we maglumat elýeterliligini goramak bütindünýäde giň ýaýbaňlanýarka.

  • OONI Probe programmasy arkaly web sahypalaryň petiklenmegini we internet senzurasyny özbaşdak anyklap bilersiňiz.
  • OONI Probe-y işe girizen badyňyza test netijeleri awtomatiki usulda, dessine açyk maglumatlar ýaly köpçülige çap edilýär. OONI Explorer we OONI API açyk maglumatlaryň ölçenmegine esaslanyp, bütindünýäde senzurany real wagtda yzarlamaga mümkinçilik berýär.
  • Biz hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde, bütindünýäde internet senzurasyny dokumentleşdirýän gözleg hasabatlaryny çap edýäris. Bu hasabatlar OONI test netijelerini seljerýär we adam hukuklaryny goraýjylara, žurnalistlere, aktiwistlere we aklawçylara senzura subutnamalaryny işlerinde ulanmaga mümkinçilik berýär.

OONI taslamasynyň Türkmenistan üçin peýdasy näme?

Umuman, Türkmenistanda OONI Probe arkaly ~75.000 test geçirildi. Ýöne, soňky aýlarda täze test netijelerini ýygnamak başartmaýar. Gynansakda, häzirki netijeleriň sany ýurtdaky senzuranyň derejesini ygtybarly kesgitlemek we onuň dinamikasyna baha bermek üçin ýeterlik däl. Soňky aýlarda, toplan test netijeleriň aglabasy dürli web sahypalaryň, sosial torlaryň we messenjerleriň petiklenendigini görkezdi.

Hasabatlary çap etmek üçin bize hemişe ölçeg akymy, ýagny OONI programmasyny ulanyp, web sahypalaryň petiklenendiginiň/senzura edilýändiginiň test edilmegi zerur. Käbir ýurtlarda, şol sanda Russiýada hem ulanyjylarymyz günde 80.000-den gowrak test geçirýärler. Şeýle kän testi köplenç programmanyň “Awtomatiki test” režimi arkaly amala aşyrylyp bolýar. Bu režimde telefonyňyz ýa kompýuteriňiz internet birikmesini awtomatik usulda test eder we elde test etmegiňize gerek bolmaýar. Bu režimi enjamyňyzda nädip sazlamalydygy barada has giňişleýin maglumaty şu ýerden okap bilersiňiz.

OONI Probe Hytaý, Mýanma, Eýran, Belarussiýa ýaly ençeme ýurtlarda testleri geçirýär we maglumatlary ýygnaýar. Ulanyjylarymyza programmany ulananlarynda elmydama seresaplylygy elden bermezligi soraýarys. OONI Probe sanlyja ýurtlarda (Eýran, Kuba, Hytaý) petiklenen bolsa-da, programmany ulanýanlara döwletiň edýän basyşyndan habarymyz ýok. Emma, töwekgelçilikleriň bardygyny bilýäris. Şol sebäpli, ähli ulanyjylardan programmany ulanmazdan ozal töwekgelçilikler barada habardar bolmagyňy soraýarys! Töwekgelçilikler: OONI Probe ulanmazdan öň bilmeli zatlaryňyz.

Programmany telefonyňyza ýa-da kompýuteriňize nädip gurmaly?

OONI Probe Mobile-y nädip gurmaly.

Web sahypalaryň petiklenmegini yzarlamak.

Islegiňize görä web sahypalary test etmek.

Awtory: OONI Taslama topary

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: