Globallaşma döwründe internet adamyň söz azatlygyna bolan hukugyndan peýdalanmagy üçin esasy gurala öwrüldi. Şol sebäpli, internete girmegiň kanun taýdan kadalaşdyrylmagy hem wajyplaşdy. Bu barada maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň (MAT) eksperti Asomiddin Atoýew we ýurist Hurşed Kurbonşoýew düşündiriş berýärler.
Internet gurşawynda ýüze çykýan käbir gatnaşyklary kanun taýdan düzgünleşdirmek möhümdir. Hususan-da, düzgünleşdirmegiň usuly hökmünde internete girmegi çäklendirmegiň we petiklemegiň öňüni almaly. Mysal üçin, islenilmeýän/bikanun zatlary paýlaşýan käbir internet çeşmeleri sebäpli interneti dolulygyna petiklemek gerek däl. Şeýle ýagdaýlarda diňe kanunyň gadagan edýän çeşmelerini petiklemek ýeterlikdir.
Merkezi Aziýada internet barada kanuny düşünje
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan diňe Gyrgyzystan GDA ýurtlarynyň 2011-nji ýylda çykaran “Interneti düzgünleşdirmegiň esaslary” atly Model Kanunyndaky kesgitlemäni ulanýar. Bu kesgitlemeleriň interneti sosial ösüşi öňe sürýän açyk platforma hökmünde doly häsiýetlendirmän, diňe onuň tehniki aýratynlyklaryny gysgaça beýan edýändigini bellemelidiris.
Bu kesgitlemeler ABŞ-nyň Federal Tor Geňeşiniň (Federal Network Council) 1995-nji ýylda çykaran internet hakyndaky giňişleýin kesgitlemesi bilen deňeşdirildi: (aşakdaky tablisa serediň).
Internet kä halatlarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri (KHBS) bilen deňeşdirilýär. Emma, “internetiň” maglumat almagyň, gözlemegiň we ýaýratmagyň ulgamy we guralydygy sebäpli bu iki düşünje tapawutlydyr. Internet – bu maglumat paýlaşmagyň interaktiw we dessin usuly bolup, ulanyjylaryň döredýän materiallarynyň desentralizasiýa edilen görnüşde, ýagny gazetlerdäki ýa ýaýlymlardaky ýaly redaktorlaryň gözegçiliginden geçirilmän ýaýradylmagyna mümkinçilik berýän mediýanyň bir görnüşidir. Internetiň ýaramaz we pes tizlikli bolmagy ösen we ösmedik jemgyýetleriň arasyndaky sanly tehnologiýa deňsizligini artdyrýar.
Internet jemgyýetiň iň möhüm emlägidir we oňa elýeterliligi üpjün etmek wajyp meseledir. COVID-19 pandemiýasy munuň subutnamasydyr. Pandemiýa döwründe internet okuwçylara we talyplara okuwlaryny onlaýn dowam etmäge, adamlara iýmit, derman we beýleki zerur zatlary onlaýn sargap getirtmäge, şeýle hem, koronawirusdan goranmak we onuň bilen göreşmek barada maglumatlary ýaýratmaga, tejribe alyşmaga kömek etdi.
Mundan başga-da, COVID-19 pandemiýasy ähli ugurlarda, esasanam global karantin döwründe ösüşden yza galmazlyk üçin internete girmegiň nähili möhümdigini görkezdi. Pandemiýa döwründe internet bilimden başlap, ykdysadyýete çenli ähli pudaklaryň işjeň ýöredilmeginde howpsuz aragatnaşyk usulyna öwrüldi.
BMG-nyň internete girmegiň esasy adam hukugydygyny yglan edendigine we tassyklandygyna garamazdan, häzire çenli internete girmegiň takyk we kanuny düzgünleri ýöredilmeýär.
BMG-nyň Adam Hukuklary Geňeşi adam hukuklarynyň hem oflaýn hem onlaýn görnüşleriniň deň derejede ykrar edilmegini maslahat berdi. Emma, BMG-nyň rezolýusiýalarynyň ýuridik güýji bolmansoň, her ýurt sanly hukuga dürlüçe çemeleşýär. Şol sebäpli, häzire çenli internete girmegi adam hukugy hökmünde kadalaşdyrýan ýekeje-de halkara şertnama kabul edilmedi. Netijede, ençeme ýurtlar, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleri hem bu fakty kabul etmek islemeýärler. Ýöne, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kanunçylygynda internete girmegi çäklendirýän ýagdaýlar bar.
Gynansakda, internete girmek hukuklaryny kadalaşdyrmaga şeýle dagynyk çemeleşilmegi halkara hukugyň esasy kadalarynyň berjaý edilmezligine we Merkezi Aziýa ýurtlarynda adamlaryň sanly hukuklarynyň bozulmagyna sebäp bolýar.
Internetiň indi klassyk aragatnaşyk serişdesi däl-de, eýsem çalt ösýän multimediýa gurşawy bolup, adam hukuklarynyň birnäçesini durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilik döredýänligine düşünmek gerek.
Internetde maglumat almak, gözlemek we ýaýratmakdan başga-da işlemek hukugy, bilim almak hukugy, telekeçilik hukugy, döretmek hukugy, söz we garaýyş azatlygy ýaly esasy adam hukuklary biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwletler iň azyndan internete girmegiň kanuny düzgünini üpjün etmeýän bolsa we maksimum derjede ony adamyň konstitusion hukugy hökmünde ykrar etmese, onda informasion jemgyýetiň doly ösüşini gazanyp bolmaz. Internete girmegiň her bir esassyz çäklendirilmesi adam hukuklarynyň toplumlaýyn bozulmagyna getirip biler.
Internetiň açyklygy kiberjenaýatlara (internet garakçylygy, adam hukuklarynyň, awtorlyk we beýleki intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulmagy, şahsy maglumatlaryň ogurlanmagy, terrorizm we ekstrimizm ideýalaryny ýaýratmak) ýol açýar. Muny hasaba alyp, howpsuzlyk (zerurlyk we deňlik prinsiplerine laýyklykda) bilen internete girmek hukugyny üpjün etmekde aç-açanlyk we öňünden habardar etmek prinsipleriniň deňagramlylygy berk saklanmalydyr.
Zerurlyk we deňlik demokratik jemgyýetiň kanunçylygynyň esasy kriteriýalary. Bu kriteriýalar ýurtda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak we içerki ykdysadyýetiň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin internetiň mümkinçiliklerini üstünlikli ulanmagyň möhüm faktorlarydyr.
Her bir ýerli ýa-da daşary ýurtly araçy diňe önümleriň (maglumat, programma üpjünçiligi, wirtual) däl-de, eýsem ýurtda import we eksport hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün edip biler. Agzalan kriteriýalary ýerine ýetirmek belli edaralaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen, emma milli bähbitlere zyýan ýetirýän esassyz internet çäklendirmelerini azaltmaga kömek eder.
Merkezi Aziýa döwletlerinde internete girmegi aýratyn kanun taýdan kadalaşdyran ýurtlar bar. Meselem, Türkmenistan internetiň ösüşini hukuk taýdan düzgünleşdirmek baradaky kanuny kabul etdi. Bu kanun internet toruna elýeterliligi üpjün etmek babatda döwletiň syýasatyny kesgitleýär. Bu syýasata laýyklykda, hökümet döwlet we döwlete degişli däl edaralaryň infrastrukturasyny döretmek we goldamak, şeýle hem, ilatyň sosial taýdan ejiz toparlaryny ileri tutmak arkaly ählumumy we deň internet elýeterliligini üpjün etmeli hem-de Türkmenistanyň oba, uzak we barmasy kyn ýerlerinde internet üpjünçiligi üçin infrastruktura hyzmatlaryny ösdürmeli.
Emma, bu kanun iş ýüzünde hemişe durmuşa geçirilmeýär. KHBS-a görä, internet üpjünçiligi meselesi öňem bardy, ýöne täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda internete girmegi çäklendirmek we petiklemek örän güýçlendi. Indi sany onlarça müňe ýeten IP adresleri aýratynlap petiklemegiň ýerine, interneti bütinleý petikleýärler. Ýöne, käbir “wepalylygy barlanan saýtlara” girmäge rugsat berilýär.
Sanly asyrda, Merkezi Aziýa döwletleri dürli hyzmatlary sanly görnüşe geçirmek arkaly beýleki ýurtlardan yza galmazlyga synanyşýarlar. Gazagystanda “elektron hökümet” dolulygyna işleýär we Özbegistanda, Täjigistanda, Türkmenistanda, Gyrgyzystanda döwlet hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek üçin kadalaşdyryjy hukuknamalar kabul edildi. Şeýle-de bolsa, tutuş ilata internet elýeterliligi üpjün edilmese we tor bitaraplygyna (internet üpjün edijileriň hemmelere internete girmäge deň hukuk bermegi) hormat goýulmasa, beýle taslamalar sanly tehnologiýalaryň elýeterliliginde deňsizlige alyp barýarlar.
2021-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynda internetiň ornaşyklyk derejesi:
- Gazagystan – 81.90%;
- Özbegistan – 55.20%;
- Gyrgyzystan – 50.40%;
- Täjigistan – 34.90%;
- Türkmenistan – 33.20%.
Ekspertler ýurtlaryň arasyndaky şeýle sanly deňsizligiň bir sebäbini internetiň diskriminasiýasyz ýa-da käwagt tertipsiz kesilmegi we maglumat geçiriş tizliginiň çäklendirilmegi diýip düşündirýärler. Döwletler adatça bu çäklendirmeleri jemgyýetçilik tertibini we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek üçin görülýän çäre diýip aklaýarlar.
Şeýle internet kesilmeleri hem durmuş-ykdysady hem syýasy taýdan zyýanly netijeleri berýär. Maliýe tranzaksiýalarynyň üzülmegi we netijede söwda we senagat işiniň bozulmagy hem-de bar bolan sosial-ykdysady deňsizligiň has-da ýaramazlaşmagy ykdysady zyýana mysal bolup biler.
Internetiň bahasy internete girmegi çäklendirmäge ep-esli derejede täsir edýär. Mysal üçin, Merkezi Aziýa ýurtlarynda Gyrgyzystanyň (1 GB üçin $0.6) we Gazagystanyň (1 GB üçin $0.8) ilatlary iň arzan internetden peýdalanýarlar. Nyrhlar Özbegistanda (1 GB üçin $1.3) we Täjigistanda (1 GB üçin $3.5) birneme gymmat. Türkmenistanyň (1 GB üçin $17.5) ýaşaýjylary bolsa internete iň kän töleýärler.
Internete girmegiň ähmiýetini we BMG-nyň Adam Hukuklary Geňeşiniň maslahatlaryny göz öňünde tutup, döwletler şulary berjaý etmeli:
- kanuny derejede internete girmegi üpjün etmeli;
- internete girmegi esasy adam hukuklarynyň biri hökmünde ykrar etmeli;
- sanly deňsizligi azaltmakda goldaw we tagalla görkezip, tor bitaraplygyny saklamaly;
- raýatlaryň internete girmeginiň esassyz çäklendirilenligi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy kepillendirmeli.
Eger döwletler interneti kesmäge rugsat berse ýa-da kesmegi göz öňünde tutsalar, onda 6 sany esasy talaplary berk berjaý etmeli:
- Aç-açanlyk we öňünden habar bermek prinsiplerine eýerip, jemgyýetçilik kanuny esasynda anyk delillendirmeli;
- Zerurlyk we deňlik ýörelgelerine eýerip, adam hukuklary kanunlarynda kesgitlenilişi ýaly kanuny maksada ýetmek üçin wajyp bolmaly;
- Interneti kesmek kanuny maksada laýyk we seýrek ulanylýan inklýuziw serişde bolmaly. Şoňa görä, interneti kesmegiň dowamlylygy, geografik gurşawy, täsir eden torlary we hyzmatlary mümkin boldugyça çäkli bolmaly;
- Islendik syýasy, täjirçilik we beýleki bikanun täsirlerden gaça durmak üçin kazyýet ýa-da beýleki garaşsyz kazyýet edarasy internetiň kesilmesini öňünden tassyklamaly;
- Jemgyýetçilik we telekommunikasiýa kompaniýalary ýa-da internet hyzmatlaryny üpjün edijiler internetiň kesiljegini öňünden duýdurmaly; onuň öçürilmeginiň kanuny esaslaryny, gurşawyny we dowamlylygyny jikme-jik düşündirmeli;
- Internetiň kesilmegi sebäpli hukuklary bozulanlara öwezini tölemegiň konstruktiw mehanizmini, şol sanda garaşsyz we adalatly kazyýete ýüz tutmagy üpjün etmeli; Kazyýet işi öz wagtynda alnyp barylmaly we şikaýat edilýän internet kesilmesi togtandan soň hem, onuň kesilmeginiň bikanunlygyny, degişli kanunlary bozanlygyny ykrar etmeli.
Milli bähbitleri göz öňünde tutup, hökümet internete girmäge päsgel berjek islendik çäklendirmeler, şol sanda internetiň geçirijilik giňligini düzgünleşdirmek, käbir aragatnaşyk hyzmatlaryna we platformalaryna girmegi çäklendirmek ýa wirtual hususy torlary (VPN) petiklemek barada ilata öz wagtynda jikme-jik maglumat bermelidir. Mundan başga-da, döwlet şifrlemegi, çäklendirmeleri böwüsýän gurallary ýa VPN ýaly ýörite aragatnaşyk kanallaryny ulanmagy gadagan etmeli we petiklemeli däldir. Tersine, raýatlaryň hukuklaryny we şahsy maglumatlaryny goramak üçin bu gurallara elýeterliligi üpjün etmeli.
Internete girmek hukugynyň adam hukuklarynyň aýrylmaz bölegidigini we döwletleriň interneti tutuşlygyna üpjün etmelidigini ýene bir gezek bellemek gerek. Çünki, internetiň özi raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Jemgyýetiň ösüşinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (MAT) arkaly bolup geçýän üýtgeşmeleriň tizligini göz öňünde tutup, hukuklary, azatlyklary goramak we durmuşa geçirmek üçin ähli taraplaryň – hem raýatlaryň hem-de döwletiň bähbitlerine hormat goýmak möhümdir. Şeýle-de, döwletleriň we internete degişli işler bilen meşgullanýan guramalaryň anyk mümkinçiliklerini, negatiw we pozitiw borçnamalaryny kesgitlemek zerurdyr.
Häzirki wagtda internet adamzat durmuşynyň aýrylmaz we wajyp bölegidir. Oňa girmegi çäklendirmek adamyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak ukybyny peseldýär. Şol sebäpli, internete girmek hukugy hem edil ýaşamak hukugy, maglumat almak hukugy ýa-da hereket azatlygy ýaly, esasy adam hukugy hökmünde üpjün edilmelidir.