“Kiber-zulum” diýlip sanly tehnologiýalaryň (sosial mediýa, messenjerler, oýun platformalary we ş.m.) üsti bilen edilýän haýbatlara, gorkuzmalara, kemsitmelere we irizmelere aýdylýar. Mysal üçin:
- biri hakynda ýalan zatlary ýaýratmak ýa-da ony masgaralamak maksady bilen, şahsy suratlaryny ýa-da wideolaryny paýlaşmak;
- adama messenjerler arkaly zyýanly, kemsidiji ýa-da gorkuzyjy hatlary, suratlary ýa-da wideolary ibermek;
- kimdir biriniň adyndan ýa-da ýalan hasaplardan başgalara kemsidiji hatlar ugratmak.
Ýüzbe-ýüz gorkuzma we kiber-zulum köplenç bir wagtda hem bolup biler. Emma kiber-zulum sanly ulgamlarda yz galdyrýar – bu bolsa zulumyň subutnamasyny ýygnamagy ýeňilleşdirýär.
Kiber-zulumyň nähili täsirleri bar?
Onlaýn kiber zuluma sezewar bolýan adam ähli ýerlerde, hat-da öz öýünde hem gorkuzylýan ýaly duýgulary başyndan geçirip bilýär. Şol wagt hiç-hili çykalga ýok ýaly bolup görünýär. Bu duýgular uzak wagtlap dowam edip, adama her tarapdan täsir edip biler:
- Akyl taýdan: gynanç, utanjaňlyk, ruhyçökgünlik, gorky we gahar duýgulary;
- Emosional taýdan: utanç duýgusy ýa-da halaýan zatlaryňyza bolan gyzyklanmany ýitirmek;
- Fiziki taýdan: ýadawlyk (ukusyzlyk) ýa-da aşgazan we kelleagyry ýaly alamatlary başdan geçirmek.
Kemsidilýän ýa-da azar berilýän adama başgalar bilen gürleşmek ýa-da meseläni çözmek kyn düşüp bilýär. Has agyr ýagdaýlarda, kiber-zulum adamyň öz janyna kast etmegine hem sebäp bolýar.
Şeýle-de bolsa, kiber-zulumyň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçip, özüňe bolan ynamy we saglygyňy gaýtadan dikeltmek mümkindir.
Kimdir biri meni internetde gorkuzsa ýa-da kemsitse näme edip bilerin?
Eger siz kiber-zulumy başyňyzdan geçirýän bolsaňyz, özüňize gelýänçäňiz belli bir programmalaryňyzy pozup ýa-da biraz wagtlap oflaýn gezip bilersiňiz. Emma internede girmezlik uzak möhletli çözgüt däl. Siz hiç-hili erbet zat etmediňiz ahyry; näme üçin siz özüňizi oňaýsyzlyga salmaly? Beýle etmek kiber-zulumça kabul edip bolmajak etmişlerini gaýtalamaga itergi berip biler.
- Ilki bilen öz ynanýan adamyňyzdan, mysal üçin ene-ataňyzdan, maşgala agzaňyzdan ýa-da başga bir ynanýan adamyňyzdan kömek soraň. Mekdebiňizde öz gowy görýän mugallymyňyza ýüz tutsaňyz hem bolar.
- Tanaýan adamyňyz bilen bu zatlar barada gürleşip bilmeseňiz, ýurduňyzda şeýle ýagdaýlarda kömek berýän ýeriň telefon belgisini gözläň.
- Eger zulum sosial platformada bolup geçýän bolsa, bozgakçylyk edýäni bloklamagy we platformanyň düýbüne habar bermegi göz öňüňizde tutuň. Sosial mediýa kompaniýalary öz ulanyjylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.
- Kiber-zuluma subutnama hökmünde ýazylan hatlary, ekranyň skrinşotyny we ş.m. jemlemek peýdaly bolup biler.
- Eger size gönüden-göni howp abanýan bolsa, polisiýa ýa-da gyssagly kömek gulluklaryna ýüz tutuň.
Biziň özümiz hem paýlaşýan we aýdýan zatlarymyza örän ünsli bolmalydyrys. Sebäbi bu zatlar başgalara zyýan getirip biler. Biziň ählimiz kiber-zulumyň bolmazlygyny isleýäris. Şonuň üçin hem ondan habarly bolmak we onuň üstüni açyp, gerek ýerinde kömek almak möhümdir.