Progres.Online

Iň gowy parol dolandyryjylar

Internet dünýäsiniň ösmegi bilen, megerem siziň internetde ýerine ýetirýän işleriňiz gitdigiçe köpelýändir. Ulanýan internet hyzmatlaryňyzyň köpüsi üçin hem hasap (akkaunt) açmaly bolýansyňyz. Dürli onlaýn hasaplaryňyzy goragly saklamagyň iň wajyp şerti güýçli parol saýlamakdyr.

Öňki makalamyzda hem belleýşimiz ýaly, güýçli parollar uzyn bolup, baş we setir harplary, sanlary we belgileri öz içine alýarlar. Şeýle hem olar biri-birine meňzemeýärler. Mysal üçin, siz internetde 10 dürli saýtdan hasap açan bolsaňyz, olaryň hersi üçin aýratyn parol döretmeli bolýarsyňyz. 

Diýmek parol näçe çylşyrymly bolsa şonça-da güýçli bolýar. Emma, şeýle çylşyrymly parollaryň ählisini nädip ýatda saklamaly? Döreden parolyň güçlüdigini nädip barlamaly? Eýsem saýlan parolymyzyň öň başga biri tarapyndan ulanylyp, hakerler tarapyndan döwlüp-döwülmedigini nädip bilmeli? Parol dolandyryjylar bu meselelere düýpli çözgütleri hödürleýärler.

Parol dolandyryjy näme? 

Parol dolandyryjy – bu internet ulanyjylaryna çaklamasy kyn parollary döretmäge, gorap saklamaga we olary ýatda saklamazdan, awtomatik usulda ulanmaga mümkinçilik berýän programmadyr. Parol dolandyryjy programmany akylly telefonyňyza, kompýuteriňize we brauzeriňize ýükläp, onuň içinde ýüzlerçe parollaryňyzy howpsuz saklap bilersiňiz. Munuň üçin size diňe ýekeje paroly, ýagny parol dolandyryjynyň öz parolyny (master parol) ýatda saklaýmak galýar.

Parol dolandyryjylar howpsuzmy?

Parol dolandyryjylar ulanyjynyň her bir parolyny enjamynda şifrläp saklaýarlar we öz sistemalarynda saklamaýarlar. Şeýlelikde hakerler parol dolandyryjynyň düýbüni haklän wagtlary siziň käbir maglumatlaryňyzy görüp bilseler-de, parollaryňyza ýetip bilmeýärler. Olar diňe e-poçta adresiňize skam hat ugratmak arkaly siziň master paroluňyzy almaga çalyşýarlar. Eger-de siz master paroluňyzy gorap saklasaňyz, ähli parollaryňyz hem goragly bolýar.

Iň gowy 5 parol dolandyryjy

Biz ençeme parol dolandyryjylaryň içinden siziň üçin iň amatly bolup biljek, mugt wersiýalary hem bar bolan 5 sanysyny saýladyk. Olary almak üçin ssylka basyň.

  1. Iň gowy parol dolandyryjy: LastPass

LastPass köp ulanyjylara hiç zat tölemezden zerur hyzmatlary almaga mümkinçilik berýän baý we mugt aýratynlyklar toplumyny hödürleýär. Ony brauzerleriň köpüsinde we ähli akylly enjamlarda diýen ýaly ulanyp bolýar.

  1. Iň gowy goşmaça howpsuzlyk aýratynlykly: Dashlane

Howpsuzlyk aýratynlygy we sazlamalary boýunça Dashlane beýlekilerden saýlanyp, olaryň köpüsinde bolmaýan aýratynlyklary, ýagny maglumatlaryň syzmagyny barlaýan dark web skaneri (Data Breach gözegçiligi – Трекер утечек данных) we ygtybarly wirtual hususy tory (VPN) öz içine alýar.

  1. Iň gowy multi-platforma goldawly: LogMeOnce

LogMeOnce ulanyja islendik brauzerde, kompýuterde ýa-da ykjam enjamda saklaýan parollaryna, surat, barmak yzy ýa-da pinkod arkaly girmäge mümkinçilik berýär.

  1. Iň gowy mugt dolandyryjy: Bitwarden

Bitwarden LastPass-yň mugt aýratynlyklarynyň hemmesini öz içine alýar; üstesine islendik mukdardaky enjamlarda ulanyp bolýar we beýleki bitwarden ulanyjylary bilen parol paýlaşmak mümkinçiligini hem berýär.

  1. Başlangyç ulanyjylar üçin iň gowy: RememBear

RememBear parol dolandyryjylary täze ulanyp başlanlar üçin has laýyk bolup, oýna meňzeş interfeýsi, ýakymly degişmeleri we parollary amatly bahadan dolandyrmaga kömek etmek üçin sada görkezmeli programmany hödürleýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: