Progres.Online

Interneti howpsuz ulanmak üçin 5 maslahat

Kimdir biri siziň Instagram, Imo ýa-da Google hasabyňyza girip bilýän bolsa nähili bolardy? 

2020-nji ýylda COVID-19 pandemiýasynyň başlamagy bilen, internetiň durmuşymyzdaky orny has-da ulaldy. Iş alyp barmakda, başgalar bilen habarlaşmakda, haryt sargyt etmekde internet biziň üçin iň amatly ýol boldy. Şol bir wagtda, bu ýagdaý internet howpsuzlygy barada gaýgy-aladalary artdyrdy.

Eger-de kimdir biri siziň Instagram, Imo ýa-da e-poçta hasabyňyza girip bilse näme bolar? Gündelik ulanýan elektron enjamyňyzy goramak üçin çäre görmeseňiz, enjamyňyz ýa-da şahsy maglumatlaryňyz islemeýän adamlaryňyz eline düşüp, sizi uly zyýana goýup biler. Meselem, IMO programmasynyň ýazyşmalarynyň şifrlenen däldigi bellidir. Kiçi bir wirus ýa zyýanly programma arkaly ol ýerdäki ýazyşýan zatlaryňyzy arkaýyn görüp bolýar.

Biz ýurdumyzda interneti netijeli we howpsuz ulanmagyň bäş ýoluny size ýetirýäris.

  1. Antiwiruslary ulanmak

Wiruslara garşy gurnaýan programmalaryňyz oflaýn we onlaýn internet howpsuzlygyny üpjün edýär we siziň elektron enjamlaryňyzy goraýar. Howply bir web sahypasyna duşsaňyz, oňa girmezden ozal antiwirus size habar berýär. Antiwirus e-poçtalary, web sahypalaryny, goşundylary açmazdan ozal olary siziň ýeriňize gözden geçirýär. Şeýle-de olar troýanlara, zyýanly ýa howply programmlara, maglumatlaryňyzy göçürip alýan şübheli faýllara, töleg programma üpjünçiligine we başga-da köp howplara garşy durmaga ýardam edýär. 

 Antiwiruslaryň köpüsi fonda (arkada) işleýär we maglumat bazalary yzygiderli täzelenýär. Cybercrew.uk saýtynyň berýän magumatyna görä, dünýäde iň köp ulanylýan antiwiruslar Symantec, Avast we ESET. Türkmenistanda satylýan antiwiruslar bolsa esasan Kaspersky (500 TMT – 25$), ESET (300 TMT – 15$) we Dr.Web (240 TMT – 12$). MacOS we Windows üçin mugt antiwiruslar hem bar: AVG Free, Avira we Kasperisky Security Cloud. 

  1. Parollaryňy berkitmek

 LastPass kompaniýasynyň berýän magumatlaryna görä, dünýädäki internet ulanyjylarynyň 50%-i ähli hasaplary (akkauntlary) üçin şol bir paroly (açar sözi) ulanýarlar. Bu bolsa siziň onlaýn howpsuzlygyňyza örän uly howp salýar. Güýçli parollary ulanmagy endik edinmek hökmanydyr.

  • Brauzerleriň (Google Chrome, Safari we ş.m) köpüsinde güýçli parol döretmek üçin gural bar.
  • Baş harplary, kiçi harplary, sanlary, ýörite belgileri, nokatlary we oturlary birleşdirip parollaryňyzy güýçlendirip bilersiňiz. (Mysal üçin: P@y7@gt*A$g@b@7)
  • Parollaryňyzy howpsuz ýerde saklamak üçin Bitwarden ýa-da LastPass ýaly hyzmatlary ulanyp bilersiňiz. Telefonyňyzda şuňa meňzeş hyzmaty gursaňyz, amatlygy we berk howpsuzlygy üpjün eder.
  1. Mümkin boldugyça Inkognito (gizlin) režimde bolmak

Inkognito režimi bilen eýýäm tanyş bolmagyňyz mümkin. Bu režim ulanýan maglumatyňyzyň yzarlanmagyna, ýerleşýän ýeriňiziň bilinmegine, ýa-da giren salgylaryňyzyň hiç biriniň ýatda galmagyna mümkinçilik bermeýär. 

 Bu režimi ulanmak aňsat. Google Chrome brauzerler üçin: File > New Incognito Window (Файл > Новое окно в режиме инкогнито)

  1. Şübheli linklerden we faýllardan hüşgär bolmak

 Şübheli faýllardyr hatlar tanyş hem-de nätanyş adamlaryňdan gelip bilýär. Bu howply hatlar e-maillerde köp ýaýran bolsa-da, olara çat programmalarynda hem (imo, instagram, telegram) duşmak bolýar. Eger tanşyňyzdan şeýle hatlary alsaňyz, ony açmazdan ozal tanşyňyz bilen habarlaşyp, haty iberendigini tassyklap bilersiňiz. Nätanyş bolsa-da gelen hatyň sebäbini we maksadyny bilmän açmak howply bolup biler. Köplenç wiruslar we beýleki zyýanly programmalar ulanyjynyň bilmeýän linklerine basmagy bilen onuň elektron enjamyna düşýär. Köp mahabatly saýtlarda şahsy maglumatlaryňy almak we enjamyňa wirus ýüklemek maksady bilen döredilen hilegär linklerdir düwmeler kän bolýar. Saýtlara girilende uly we üns çekiji düwmelerden ägä bolmak zerur. 

  1. IP salgyňyzy VPN (wirtual hususy tor) bilen gizlemek

 Internete birigeniňizde ulanýan kompýuteriňiz IP adresi ýörite bir adres arkaly biri-biri bilen habarlaşýar, ýagny internetde size gelýän we gidýän maglumatlaryň siziň adresiňize barmagy üçin ulanylýan adrese IP adres diýilýär. Şol IP adres sizi tanamak üçin ulanylyp bilner. Wagtyň geçmegi bilen girýän sahypalaryňyz we edýän işleriňiz baradaky magumatlaryň bazasy döreýär. Elbetde, bu howply däl, ýöne siz bikanun iş etmeseňiz hem, hereketleriňiziň şeýle yzarlanmagyny islemersiňiz.

Şeýle yzarlanmanyň öňüni almak üçin VPN ulanyp, IP adresiňizi gizläp bilersiňiz. VPN arkaly internete birigen wagtyňyz, onlaýn hereketleriňiziň ählisi dünýäniň başga bir ýerinde bellenen IP adresiň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu IP adresiň siziň bilen baglanyşykly bolmanlygy sebäpli, yzarlanmak howp salmaýar. VPN-iň birikýän adresini dowamly üýtgedip bolýar. Howpsuz we ýokary tizlikli VPN-ler esasan tölegli bolýar, emma mugt VPN-ler hem bar. 

Türkmenistanda internetiň çäklendirilmegi, gündelik durmuşda ulanylýan web saýtlarynyň, çat programmalarynyň petiklenenligi sebäpli, VPN ulanmak giňden ýaýran. Elbetde ähli VPN-ler howpsuz diýip bolmaz. Köplenç ýagdaýda ol VPN-leri ýasaýan adamlar siziň internetdäki hereketleriňizi yzarlap bilýärler.

Türkmenistanda ulanylýan, işläp duran VPN-leriň howpsuzlygyny barlamak kyn.

Resmi ýagdaýda tassyklanan bolmasa-da, ýurduň içinde, howpsuzlyk edaralaryň işgärleri tarapyndan ýörite ýasalýan VPN-leriň barlygy hakynda gürrüňler hem bar. Onda biz nädip howpsuz VPN tapmaly? Gynansakda doly howpsuz hasap edilýän, işläp duran VPN atlaryny bermek kyn, olar bir gün işlese iki gün işlemän bilýär.

Netijede
Özüňizi we maşgalaňyzy howplardan goramagyň içine internet hüşgärligi hem girýär. Internetde howplar iň garaşylmadyk ýerlerde gizlenýär. Haýsy web sahypasynyň howpsuzdygyny we haýsysynyň ygtybarlydygyny seljerip bilmelisiňiz. Interneti howpsuz ulanmak köp adamyň pikir edişi ýaly kyn ýa-da çylşyrymly däl; bu esasan tertip-düzgünleri bilmegi we yzygiderliligi talap edýär. Berk parol saýlasaňyz, VPN we inkognito režimini ulanmagy endik edinseňiz, ygtybarly saýtlara we linklere girseňiz size uly howp abanmaz.

Gadyrly okyjy, biz dürli ýaşdaky türkmenistanlylaryň internetdäki howpsuzlyk bilen bagly habardarlygyny, sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen açan rubrikamyzda düşnükli we peýdaly makalalary paýlaşmagy meýilleşdirýäris. Seniň bu mowzuga degişli soraglaryňdyr gyzyklanmalaryň bar bolsa, bize ýetirmäge ikirjiňlenme. Türkmenistanda internet ulanyjylary nähili meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar? Internet howpsuzlygyna degişli nähili maglumatlar azlyk edýär?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: