Progres.Online

Internet aslynda näme?

Internet nädip işleýär? Türkmenistana haçan internet geldi? 

Internet dünýädäki millionlarça kompýuteri birleşdirýän tor ýa-da ulgamdyr. Ol 1900-nji ýyllaryň iň uly innowasiýalaryndan biridir. Internet oňa baglanan kompýuterleriň we elektron enjamlaryň eýelerine bitewi habarlar giňişliginden peýdalanmaga we ähli maglumatlary almaga hem ugratmaga (hatlary, suratlary we dürli häsiýetli maglumatlary) mümkinçilik berýär.

Internete birikdirilen enjamlar öz aralarynda nädip habarlaşýarlar?

Aslynda internetiň ýönekeýje bir işi bar: Kompýuterleşdirilen maglumaty (data) bir ýerden başga bir ýere eltip bermek. Bolany! Bu nukdaýnazardan seretsek, internet edil poçta gullugy ýaly işleýär, ýagny ol ýazylan hatyň kim tarapyndan we näme sebäpden ýazylanlygyna garamazdan, ony öz barmaly ýerine bökdençsiz eltip berýar.

20 ýyldan az wagtda internet 230 töweregi halky bir-birine baglady, bularyň içinde garyp we ösüp barýan halklar hem bar.

Internetiň taryhy

1966-njy ýylda ABŞ-nyň hökümeti, kompaniýalary we uniwersitetleri ýurtda kompýuterlerde maglumat paýlaşmaga mümkinçilik berýän ulgam döretmek üçin bilelikde işläp başladylar we 1969-njy ýylda ARPANET atly internetiň irki görnüşini döretdiler. 1971-nji ýylda bir kompýuterden beýlekisine habar ibermegiň usuly hökmünde elektron poçta ýagny e-poçta oýlanyp tapyldy.

1970-nji ýyllaryň ortalaryna çenli kompýuterleriň köp topary torlara birikdirildi. Torlary birikdirmek üçin marşrutizatorlar atly maşynlar oýlanyp tapyldy. Şeýlelikde ARPANET ahyrsoňy internete öwrüldi. 

1989-njy ýylda gipertekst (HTTP) oýlanyp tapyldy. Gipertekst – bu elektron resminamanyň dürli bölekleriniň ýa-da dürli resminamalaryň arasyndaky baglanyşykdyr. Gipertekst 1990-njy ýyllaryň başynda döredilen Bütindünýä Torunyň, başga söz bilen aýdylanda “Web”-iň esasyna öwrüldi.

Bütindünýä Tory (World Wide Web)

Webdäki maglumatlar saýtlarda ýa-da sahypalarda ýerleşdirilýär. Ol saýtlar ýa-da sahypalar HTML kodlarynyň kömegi bilen döredilýär. Adamlar internet brauzerleri (Meselem, Google Chrome) hökmünde tanalýan kompýuter programmalaryny ulanyp, web sahypalaryna girýärler. Brauzerler HTML bilen ýazylan kodlary okaýarlar we adamlara kompýuterdäki web sahypalaryny görmäge mümkinçilik berýärler. Her web sahypanyň aýratyn, özüne degişli URL salgysy bolýar. Köp URL-ler “www” bilen başlaýar.

Adamlar köplenç internetde maglumat gözlemek üçin Google, Yahoo! we Bing ýaly gözleg motorlaryny ulanýarlar. Adamlar interneti iş, aragatnaşyk, şeýle hem güýmenje üçin ulanýarlar. 2000-nji ýyllaryň başynda iň meşhur web sahypalarynyň käbiri sosial ulgamlar we söwda sahypalarydy. “Facebook”, “Twitter” we “Instagram” ýaly sosial ulgamlar adamlara ýakynlary we tanyş-bilişleri bilen aragatnaşyk saklamaga kömek edýärler. Amazon we eBay bolsa onlaýn söwda üçin ulanylýan esasy saýtlardy. 

Türkmenistan internet bilen haçan tanyşdy?

Türkmenistan 1997-nji ýylda MCI Communications (soňra MCI WorldCom boldy) bilen baglaşylan şertnama arkaly internet bilen tanyşdy. 2001-nji ýylda Türkmenistanyň döwlete degişli Türkmen Telekom elektrikaragatnaşyk kompaniýasyna monopoliýa berlende garaşsyz internet hyzmatlaryny üpjün edijiler bazardan aýryldy. Bahasynyň gymmat bolmagy internetiň elýeterliligini çäklendirýärdi, şeýlelikde Türkmen Telekom diňe iki müň abonente hyzmat bermegini dowam etdi.

2008-nji ýylda Russiýanyň MTS mobil tor operatory abonentlere GPRS arkaly internet hyzmatyny hödürläp başlady. Altyn Asyr kompaniýasy (tmcell.tm) ilkinji gezek 2010-njy ýylyň mart aýynda 3G we 2 Mbit/s mobil internet hyzmatyny işe girizdi. Bu ädim mobil müşderileri geň galdyrdy, sebäbi öň Altyn Asyr hili pes, ýöne arzan hyzmat bilen tanalýardy. 2013-nji ýylda “Altyn Asyr” LTE esasly 4G ulgamyny işe girizdi. 2013-nji ýylda bolsa Türkmen Telekom hyzmatlarynyň umumy bahasyny azaldyp, interneti çäksiz ulanmak mümkinçiligini berdi.  2015-nji ýylda Türkmenaragatnaşyk agentliginiň, Türkmen Telekom we Altyn Asyr kompaniýalarynyň gatnaşmagynda “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Fransuz Thales Alenia Space kompaniýasy tarapyndan gurlan TürkmenÄlem 52.0E Milli emeli aragatnaşyk hemrasy ABŞ-nyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan älem giňişligine iberildi. Bu emeli hemranyň 15 ýyl hyzmat bermegine garaşylýar. Turkmenhemrasy.gov.tm saýtynda berilýän maglumata görä, TürkmenÄlem Emeli hemrasy wideoýazgylary ýaýratma, göni ýaýlym, Teleport, VSAT tehnologiýasy arkaly internet hyzmatlaryny bermäge ukyply. VSAT arkaly internet ulanmak üçin kiçi antena we öz terminaly bolmaly. 2022-nji ýylyň Aprel aýyndan başlap, Türkmen Hemrasy kompaniýasy VSAT arkaly internet hyzmatyny diňe ýuridiki şahslar üçin açdy. Ýagny, Türkmenistanyň çäginde işleýän kompaniýalar adaty internet hyzmatynyň çäkli ýerlerinde (öri meýdanlarda, çölüň içinde) VSAT hyzmaty arkaly internet ulanyp bilýärler.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: